LUKMANÇYLYKDA NOBEL BAÝRAGY HOWPLY ÇIŞ KESELLERIŇ IMMUN BEJERGISI ÜÇIN BERILDI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Nobel Prize 2018Lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny şu ýyl amerikan alymy Jeýms Allison bilen ýapon alymy Tasuku Hondzýo T-öýjükleri ulanmak bilen rak keselleriň immun bejeriş usulyny işläp düzendikleri üçin aldylar.

Adatça adamyň immun ulgamy (kesellere garşy durýan goraýjy ulgam) bedende uýtgän öýjükleri özbaşdak göžläp dargadýar we olara köpelmäge ýol bermeýär. Ýöne rak öýjüklerine bu tebigy goragy "aldama" başardýar we täze howply döremä ulalmaga mümkinçilik döredýär.

Alymlar Allison bilen Hondzýo rak öýjüklerini "aldap", olara immun ulgamyny togtatmaga mümkinçiligi bermezlik başartdy. Bu geçirlen işler ragyň bejergisinde uly açyş we öňegidişlik bolup, bu häsiýet täze dermän serişdeleriniň döredilmegine uly mümkinçilik berdi.

Wajyp nokatlar

Alymlar rak keseli bilen göreşde immun ulgamyny tijendirmegiň zerurlygy barada baryp 100 ýyl mundan öň pikir eden bolsalar-da, diňe geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bu ugurda üstünlikler gazanylyp başlandy.

Amerikan alymy Jeýms Allison öz geçiren işleri netijesinde immun gözegçilik nokatlaryny açdy. Bu nokatlar tebigy mehanizm bolup, biziň immun ulgamymyzy, şol esasynda del we üýtgän öýjükleriň dargadylmagyna jogapkär T-öýjüklerini "köşeşdirýär". Eger bu mehanizm bozulsa, beden öz-özüni, ýagny öz öýjüklerini dargadyp başlaýar. Meselem, autoimmun keselleri şu bozulma netijesinde döreýärler.Ýöne Allison başga ugur boýunça hereket etdi. Ol bu tebigy togtadyjy mehanizmi rak bilen keselli syçanlarda "öçürmäge" synanyşdy we geň galdyryjy netijeleri aldy. Rak öýjükleri indi immun ulgamyndan gizlenip bilmeýärdiler. Netijede, beden rak keseli bilen netijeli göreşýärdi.

Allison bilen bir wagtda 1992-nji ýylda Tasuku Hondzýo immun gözegçilik nokatlarynyň başga görnüşini açdy – olar başga usul bilen işleýän bolsa-da, birmeňzeş netijä eýe bolunýardy. Öz açyşynyň esasynda ýapon professory immun bejerginiň birnäçe usullaryny işläp düzdi.

Asyryň açyşy

Alymlaryň açyşlary esasynda taýynlanan dermanlar rak keselli näsaglaryň bejergisinde üstünlikli ulanylýar. Ýaramaz täsirleriniň bardygyna garamazdan, immun gözegçilik nokatlaryny togtadyjy dermanlar öýkeniň, böwregiň ragynyň, limfomanyň, melanomanyň bejergisinide uly netijeliligi görkezdiler.

"10 ýyl öň çalt ýaýraýan melanoma bejerip bolunmaýan hasaplanýardy. Häzir, Allisonyň we Hondzýonyň işleri näsaglara uly umyt berdi. Näsaglarda immun bejergisi netijesinde aglaba böleginiň ýagdaýynyň gowulaşmagy, käbirinde bolsa keselden bütinleý sagalma syn edilýär" diýip, rak bilen göreşmek boýunça iňlis guramasynyň baş lukmany, professor Çarli Suonton Reýter agentligine düşündiriş berdi.

Awtor: Selbi Myradowa