MUNUŇ ADY EMOSIONAL ZORLUK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

zorluk infographic

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Jemal

Meniň bir goňşym bar, ady Jemal. Jemal 33 ýaşynda we 3 sany 3 ýaşdan kiçi gyzy bar. Jemal ýoldaşy we çagalary bilen gaýynlarynda ýaşaýar. Bize-de her gün "Telefonyňyzdan jaň edäýeýin?" diýip, gelýär. Jemalyň telefonyny adamsy sögüşenlerinde döwüpdir. Bir gün, "Näme üçin täze telefon alaňyzok, ýa-da gaýynlaryňkydan aýlaňňok?" diýip, soradym. Gynançly ýylgyryp, "Alyp berenoklar, jaň etmäge-de berenoklar" diýdi. Onuň her jaň etmäge gelende aýdyp berýän zatlaryndan inim tikenekleýär. Mysal üçin, gaýynlary plan jaýda ýaşaýarlar. Jemal, adamsy we çagalary bolsa wremýankada. Jemal bilen çagalarynyň plan jaýa girmesi gadagan ekeni. Gaýyn enesi Jemal bilen sögüşse, ogluny ýanynda ýatyryp, Jemalyň ýanyna ugradanok ekeni. Adamsy Myrat bolsa özüni hiç zat bilmeýän ýaly alyp barýar. Jemaly idemeýär we goldamaýar. Onuň daşyndan bolsa, keýp çekmäni, oturlyşyklara gatnaşmany gowy görýär. Men bolsa haýran galyp diňleýärin...

Soltan

Daýzamyň Soltan atly gyzy bar. Ol 38 ýaşynda we şepagat uýasy bolup işleýär. Soltan aýlygyny alan güni, ony şol durşuna adamsyna tabşyrýar. Özüne bir zat gerek bolanda adamsyndan sorap alýar. Bize geljek bolsa ýol kreýini (8 manat) adamsyndan soraýar. Prokladka (12 manat) aljak bolsa puly adamsyndan soraýar. Geýjek köýnegini, daňynjak ýaglygyny adamsy halasa we rugsat berse satyn alýar. Şonuň üçin, işiniň daşyndan ukol edip, gan basyş ölçäp gazanan puluny gizläp saklamaly bolýar. Üstesine, ol işden 10 minut gijä galsa, adamsy gyssap 40 gezek jaň edýär. Gijä galmasa-da, ýygy-ýygydan jaň edip bimaza edýär, işinden ünsüni sowýar. "Jaňyny almasamam iňirdäp, ýüregimi suw edýär" diýýär. Hemme zada goşulyşýar, hemme zada iňirdeýär...

Gözel

Ýene bir goňşym bar. Ady Gözel. Gözel 32 ýaşynda. Ýokary okuw jaýyny gutaran. Hünäri bar, ýöne işlemeýär. Iki sany gyzyna seretmek üçin öýhojalykçy bolmany saýlapdyr. Adamsy hem okuwly, hünärli. Daşyndan göräýmäge olar örän bagtly maşgala. Emma welin, bir gün Gözelden bir zat almaga barsam, ol aglap otyr. Adamsy gaty gaharjaň, sebäpli sebäpsiz azarlaýan adam ekeni. Işinde nähoş bir ýagdaý bolsa, öýe gelip gaharyny çagalardan we Gözelden çykarýan ekeni. Käwagt bolsa sebäbini düşündirmän, gepleşmesini kesýän ekeni. Onuň keýpiniň ýok wagty çagalaryň ses çykarmasy, gülüşmesi, oýun oýnamasy gadagan. Öýe köplenç wagty bilen gelmeýär. Gijäň bir wagty gelip, hemme otagyň çyrasyny ýakyp, telewizory gaty açyp, gaty ses bilen telefonda gepleşme häsiýeti hem bar diýýär. Haýsy birini aýdyp bereýin...

"Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýmäni bes edeli!

Men bu gelin-gyzlara aýdýaryn: "Munuň emosional zorlukdygyny, bilýäňmi? Ýoldaşyň saňa zulum edýär". Maňa: "Bor-a, zulum edermi! Uranog-a meni. Içenok, çekenok, başga aýala gidenok. Erbet däl-ä ýoldaşym." diýip, jogap berýärler...

Gelinler, emosional zorluk fiziki zyýan däl-de, psihiki zyýan ýetirmekdir. Biziň jemgyýetimizde fiziki zorluga-da dymyp kaýyl bolýanlar kän. Emosional zorluk bolsa kada ýaly kabul edilýär. Emma kemsidilmek, gorkuzylmak, gygyrylmak, hakyň çeýnelmesi, hroniki gaýgy, utanç, özüňi bagtsyz duýmak we başga kän negatiw duýgulary başdan geçirmek kadaly durmuş däldir. Eger biri sizde şeýle negatiw duýgularyň döremegine sebäp bolýan bolsa, ol size emosional zorluk edýändir.

Hiç kim sizden üstün däldir we hiç kimiň size zorluk etmäge haky ýokdur. Emosional zorlugy tanamak we onuň kada däldigine düşünmek oňa garşy söweşiň birinji ädimidir.

Garşy çykmak üçin başga näme edilip bilner?

↺ Zorluk edene ýaranjak bolmaň, düşündiriş bermäň, özüňizi günäkär hasaplamaň. Näme etseňizem ýaranyp bilmeýäňiz. Gaýgy etmäni, ýaranjak bolmany taşlap, özüňize, psihiki we fiziki saglygyňyza serediň. Özüňiziň iň gowy durmuşa, hormata mynasypdygyňyzy unutmaň.

↺ Zorluk edýäniň sizi birahat edýän hereketlerini bes etmegini talap ediň. Talabyňyz berjaý edilmedik ýagdaýynda nähili çäre görjekdigiňizi aýdyň. Meselem Soltan: “Maňa 100 gezek jaň edip işden ünsümi bölýäň. Meni we işimi sylaýan bolsaň, iş wagty meni bimaza etme, bolmasa telefonyň sesini ýaparyn, öýe gelýänçämem açmaryn!” diýip biler. Soňam, söz berişi ýaly, telefonynyň sesini ýapsa, indiki gezek ýoldaşy beýdip bilmez.

↺ Emosional zorlugy başyndan geçirýän gelinler, köplenç, özlerini ýalňyz we kineli duýýarlar. Emma türkmençilikde maşgala içindäki meseleler daşary çykarylmaýar. Masgara bolmakdan, duşman güldürmekden gorkulýar. Jemal goňşym mejbur bolmasa, belki, maňa içini dökmezdi. Emosional zorluk adamy gaýga, negatiw duýgulara gaplap, psihiki kesellere ýol açýar. Şol sebäpli, hökman dost-garyndaşlaryňyz bilen gepleşiň. Özüňizi biynjalyk edýän zatlary olar bilen paýlaşmakdan çekinmäň. Öz ýalňyz däldigiňizi we size kömek etjek ýakynlaryňyzyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Ahyr soňy bir zada düşünmek gerek: zulum edeniň hereketleri beterlemese, gowulaşmaz. Ýöne, gelinleriň zorluga bolan garaýşy we gaýtargysy üýtgäp biler. Eger dürli ýollar bilen zorlaýjynyň özüni alyp barşyna täsir edip bolmasa, zorlanýan özüniň we çagalarynyň saglygynyň we bagtly gelejeginiň hatyrasyna aýgytly ädimleri ätmeli bolup biler.

Awtor: Aýgül Meredowa