SAGLYGYŇ BILEN ARAŇ NÄHILI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

health literacy8-nji Sentýabr, Halkara Sowatlylyk Güni

Biz bu ýylky Sowatlylyk gününi saglyk sowatlylygyna bagyşlamagy makul bildik.

Saglyk sowatlylygy – bu adamyň esasy saglyk maglumatlaryny we hyzmatlaryny almaga, düşündirmäge we düşünmäge hem-de saglygyna degişli dogry kararlara gelmäge bolan ukybydyr.

Saglyk sowatlylygy güýçli adam özüniň we maşgalasynyň saglyk ýagdaýyna düşünýär; saglyga degişli maglumatdan akylly-başly netije çykaryp bilýär; saglygynyň aladasyny edýär; saglygy goraýyş ulgamlaryndan we subutnama esaslanýan lukmançylykdan (доказательная медицина) gowy baş çykarýar.

Adaty adama saglyk sowatlylygy näme üçin gerek?

↪ Ýörite lukmançylyk bilimi bolmadyk adama düşnükli dildäki we formatdaky saglyk maglumatlaryny we hyzmatlaryny tapmak üçin;

↪ Isleglerini we zerurlyklaryny beýan etmek hem-de maglumatlara we hyzmatlara doly düşünip jogap bermek üçin;

↪ Maglumatlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerine, berýän netijelerine we asyl sebäplerine düşünmek üçin;

↪ Haýsy maglumatlaryň we hyzmatlaryň özüne laýykdygyna düşünmek üçin.

Saglyk işgärine saglyk sowatlylygy näme üçin gerek?

↪ Ýörite lukmançylyk bilimi bolmadyk, dürli ýaşdaky adamlara düşnükli dildäki we formatdaky maglumatlary we hyzmatlary tapmaga kömek etmek üçin;

↪ Saglyk meselelerini sada dilde düşündirip bilmek üçin;

↪ Adamlaryň aç-açan sorap bilýän we bilmeýän zatlaryna düşünmek we düşnükli we doly jogap bermek üçin;

↪ Dürli adamlara we dürli ýagdaýlara laýyk maglumatlary we hyzmatlary düşündirip bilmek üçin.

Mähriban okyjy, sen öz saglygyň barada öwrenmek üçin näçe wagt sarp edýärsiň? Türkmenistanda özüň ýa-da başgalar üçin saglyk maglumatlaryny we hyzmatlaryny almakda tejribäň nähili? Ýurdumyzda ilatyň we lukmanlaryň saglyk sowatlylygyna nähili baha bererdiň?