TÜRKMENISTANDA KLIMATYŇ DÖREDÝÄN TÖWEKGELÇILIKLERI: ŞU GÜNÜMIZE WE ERTIRIMIZE SYN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

climate risk turkmenistan

Biz Saglykda 10 ýyldan bäri klimatyň üýtgemegi barada halkara guramalardan hasabatlary we maglumatlary terjime edip, okyjylarymyza ýetirip gelýäris. Biz sebitimizde we ýurdumyzda klimatyň uýtgemegini ýiti we gaýragoýulmasyz mesele hasaplaýarys. Şonuň üçin, Bütindünýä Bankynyň şu hasabatyndan türkmenistanly okyjynyň bilmeli maglumatlaryny türkmen diline geçirdik. Şu wagt bu hasabat we maglumatlar diňe iňlis dilinde elýeter.

Esasy bellikler we çaklamalar:

↪ Türkmenistanyň ortaça temperaturasy 2090-njy ýyla çenli 5.1°C gradus galar. Bu ortaça global maýylganlyk depgininden ep-esli ýokarydyr.

↪ Emissiýalary azaltmak temperaturanyň ýokarlanmagyna garşy oňaýly çäreleriň biridir.

↪ Günlük iň ýokary we iň pes temperaturalar ortaça temperaturalardan biraz tiz maýlar – bu adam saglygyna, güzerançylyga we ekosistemalara degýän täsiri güýçlendirer.

↪ 21-nji asyryň dowamynda, her ýyl güýçli gurakçylygyň döreme ähtimallygy barha artar. Emissiýalar köp boldukça, Türkmenistanyň ýerleri biçak guraklaşar.

↪ 2040-2050-nji ýyla çenli temperaturanyň ýokarlanmagy we sebitde buzluklaryň tiz eremegi Türkmenistanda iň möhüm derýa bolan Amyderýanyň boýunda ýiti suw ýetmezçiliklerini döredip biler.

↪ Eger çäre görülmese, temperaturanyň ýokarlanmagy gurakçylygy we suw gytçylygyny ýygjamlaşdyryp, ýurtda oba-hojalygyna ýaramaz täsir eder we azyk gytçylygy dörär.

↪ Klimatyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanly täsirlerinden esasan ýurduň ilatynyň pes girdejili bölegi has köp zyýan çeker.

Ýylylyk tolkunlary

Türkmenistanda howanyň temperaturasy gitdigiçe ýokarlanýar. Umumy ortaça aýlyk iň ýokary temperatura 21.5°C bolup, ol iýul aýynda 36.4°C ýetýär. Soňky ýyllarda ýurtda birnäçe rekord goýan ýokary temperatura hasaba alyndy. 2015-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda howa 47.2°C ýetdi we bu häzire çenli iň ýokary temperatura bolup galýar. 2018-nji ýylyň mart aýynda ilkinji gezek Tejen şäherinde howanyň temperaturasy 40°C-dan geçdi. Häzirki wagtda ýylylyk tolkunynyň döreme ähtimallygy 2% töweregi. Türkmenistanyň häkimiýeti howanyň gyzmagy bilen, gün urma we ýürek-damar keselleriniň köpelip biljekdigini mälim etdi (sah. 12).

Gurakçylyk

Türkmenistana esasan gurakçylygyň meteorologik (adatça ýagnyň gytlygy bilen baglanyşykly) we gidrologik (adatça ýeriň we ýerasty suwlaryň gytlygy bilen baglanyşykly) görnüşleri täsir edip biler. Bu ýer we ekin dolandyryş tejribelerine täsirini ýetirip, oba-hojalygynyň gurakçylygyna getirer. Häzirki wagtda Türkmenistanda agyr meteorologik gurakçylygyň ortaça ýyllyk ähtimallygy 5% töweregi bolup, adaty ýagyş bugarmak indeksi (SPEI) 2-den pes diýlip kesgitlenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň klimatyň üýtgemegi baradaky konwensiýasy (UNFCCC) boýunça Türkmenistanyň Üçünji Milli Geňeşinde bellenilişine görä, guraklyk beýleki adatdan daşary howa hadysalaryna garanyňda, ýurda has uly howp salýar. Türkmenistanda gurakçylyk ýygy-ýygydan döräp, ýurduň suw üpjünçiligine ýaramaz täsirini ýetirýär, hem-de mallar üçin öri meýdanlary azaldýar. 2000-2001-nji ýyllarda bolup geçen gurakçylyk, şol ýyllarda bar bolan öri meýdanlary 40-70% aralykda azaltdy (sah. 13).

Siller

Silleriň birnäçe görnüşleri, esasan hem derýa joşmasy we duýdansyz güýçli ýagyş silleri Türkmenistana öz täsirini ýetirýär. 1986-1995-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda duýdansyz silleriň, palçyk akymlarynyň we güýçli ýagyşlaryň köpelendigini görmek bolýar. 1996-2005-nji onýyllykda bolsa, duýdansyz siller we palçyk akymlary 30 sany uly ykdysady ýitgä getirdi. 1993-nji ýylda gelen sil Türkmenistan üçin, garaşsyzlygyny alanyndan bäri iň agyr hadysa bolup, ýurda takmynan 200 million ABŞ dollaryna durýan zyýan çekdirdi.

Derýada suw joşmalarynyň esasy derejesini kesgitlemek üçin Bütindünýä Resurslary Institutynyň AQUEDUCT Global suw analiz ediji guraly ulanylyp bilner. 2010-njy ýyla görä, Türkmenistanda her ýyl sillerden ejir çekýän ilatyň sany 14,000 adam bolup, jemi içerki önüme ýetirilýän zyýan 90 million amerikan dollaryna (takmynan 0,4%) barabar diýlip çaklanylýar. Ýurduň ösüşi we klimatyň üýtgemegi bu sanlara täsir etjege meňzeýär. Klimatyň üýtgemegi hasaba alynman hem bilner, ýöne onuň täsiriniň 2030-njy ýyla çenli çäkli bolmagyna we jemi içerki önüm (JIÖ) hiç hili üýtgemezden, zyýan çekjek ilatyň her ýyl 2000 töweregi azalmagyna garaşylýar.

Klimatyň üýtgemegi aşa güýçli we duýdansyz sillere has hem uly täsir eder. Willner we onuň kärdeşlerine görä, Türkmenistanda aşa güýçli sillerden ejir çekip biljek adamlaryň sany 2035–2044-nji ýyllara çenli 100,864-e ýetip biler. Bu 1971–2004-nji ýyllar aralygyndakydan 60% ýokarydyr. Häzirki wagtda, Lebabyň gündogar sebiti sillerden ykdysady taýdan has gowşak goralýar we onuň JIÖ-niň 7%-i 10 ýyldan gaýtalanýan sillerden zyýan çekip biler. Günorta sebitlerde bu görkeziji 4%-e deňdir. Ähli çaklamalara görä, esasan hem ýerli silleriň ululygy topragyň zaýalanmagy we ýer ulanylyşynyň üýtgemegi ýaly adam täsirlerine bagly bolar.

Türkmenistanda siller bilen baglanyşykly uzak möhletleýin çaklamalar has hem näbellidir. Gidrologik çaklamalara görä, Amyderýada tomusky (iýul we awgust) silleriň töwekgelçiligi ortaça 25% peselip, ýaz aýlarynda ýokarlanyp biler. Başga kompýuter modelleriniň berýän çaklamasyna görä, Amyderýada 2050-nji ýyla çenli suw ýetmezçiligi döräp, netijede siller asla howp salmaz. Uzak gelejegi çaklaýan modellere görä, Merkezi Aziýada buzluk massasynyň örän peselmegi sebäpli, 21-nji asyryň ikinji ýarymynda suw akymy düýpgöter azalyp, silleriň töwekgelligi ep-esli peseler (sah. 14-15).

Suw

Türkmenistan, suwuň takmynan 90%-ni ýurduň demirgazyk-gündogaryndan akyp geçýän we Özbegistan bilen serhediň bir bölegini düzýän Amyderýadan alýar. Amyderýanyň suwunyň 21-nji asyryň ikinji ýarymynda azaljakdygy we üýtgäp durjakdygy çaklanylýar. Derýanyň aşaky akymynda, soňky az suwly ýyllarda bolşy ýaly, ýokary mineral düzümi ýaly suwuň hili bilen baglanyşykly meseleler döräp biler (sah. 17).

Kenarýaka zolaklar

Deňiz suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy, bütin dünýäde kenarýaka zolaklarda uly fiziki üýtgeşmeleri döredip biler. Türkmenistan hiç bir deňiz (umman bilen birleşýän) bilen araçäkleşmese-de, ýurduň günbatar sebitleri klimatyň üýtgemegi sebäpli Hazar deňziniň suwunyň mukdarynyň azalmagyny duýup biler. 1996-njy we 2015-nji ýyllar aralygynda Hazar deňziniň derejesi ýylda ortaça 6.7 santimetr peselipdir we soňky barlag-gözleg işlerinde deňziň suwunyň azalmagynda suwuň bugarmagynyň esasy ornunyň bardygy anyklanyldy. Öňümizdäki onýyllyklarda sebitde howanyň ortaça temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen, eger Wolga ýaly derýalardan guýulýan suwlar bilen öwezi dolunmasa, Hazar deňziniň suwy gitdigiçe azalar. Klimatyň üýtgemegi Hazar deňziniň ekosistemalarynyň üýtgemegine sebäp bolup biler. Bolup biljek hadysalar hakda heniz örän az öwrenildi (sah. 17).

Ýer we toprak

Türkmenistanyň topraklary eýýäm ep-esli şorlaşdy, ýurduň oba-hojalygynyň 60%-den gowrak ýeri şorlady. Bu nädogry suwaryş ulgamynyň netijesidir. Suwaryş tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan milli tagallalara garamazdan, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy hem-de klimatyň üýtgemegi sebäpli, suwaryş suwuna bolan zerurlyk we suwuň bugarmagy artar. Bu prosesler ýeriň şorlamasyny has hem çaltlaşdyrýar. Soňky ýyllarda topragyň duzlulygy we suw basmagy sebäpli oba-hojalyk hasylynyň 20-30% azalmagy, klimatyň üýtgemeginiň bu pudaga ýetirip biljek ykdysady täsirleriniň agyrdygyny görkezýär.

Türkmenistanyň territoriýasynyň 80% gurak ýerlerden ybarat bolup, ýurduň ep-esli bölegi çölleşip biler. Ýurduň meýdanynyň 16%-iniň orta derejede, 6%-iniň bolsa güýçli çölleşmegine garaşylýar. Ýerli ýer dolandyryş tejribeleri çölleşmäni güýçlendirýäne meňzeýär, netijede tozan tupanlary bilen bagly meseleler artýar. Emma bu ugurdan barlag-gözleg işleri çäkli. Kompýuter modelleri gurakçylygyň gitdigiçe artjakdygyny çaklaýarlar we bu meseläni azaltmak boýunça degişli çäreler görülmese çölleşmäniň depgini ýokarlanar. Bu hakynda soňky neşirlerde hem beýan edilipdi. Ýagny RCP8.5 ssenariýa görä, 2041-2071-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň gury ýerleriniň köp böleginiň giper-gurak (has gurak) ýerlere öwrüljekdigi aýdylýar. Şeýle üýtgeşiklikler, gerekli we ýaşaýşa ukyply janly-jandarlaryň öndürijiligini we sanyny azaltmak bilen, sebitiň biodürlüligine hem-de ekologiýasyna düýpli täsir eder. Topragyň zaýalanmagy we guraklaşmagy, çekirtge ýaly, beýle bir gerekli däl mör-möjekleriň köpelmegi arkaly oba-hojalyk önümçiligine gytaklaýyn täsir eder (sah. 18).

Oba-hojalygy

Soňky ýyllarda bu pudagyň ähmiýeti peselse-de, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň 9% we 2018-nji ýylda iş ýerleriň 8% oba-hojalygynyň paýyna düşüpdi. Türkmenistan özüniň gurak howasy we tomsuna ýokary ortaça temperaturasy bilen, oba-hojalyk önümçiligini gorap saklamakda suwaryşa örän bagly bolup durýar. Netijede, klimatyň üýtgemegi sebäpli Amyderýanyň suw üpjünçiligine täsir edip biljek islendik bir ýagdaý, ýurduň oba-hojalygyna öz täsirini ýetirer. Sebitde temperaturanyň ýokarlanmagy Amyderýanyň gözbaşyny alyp gaýdýan buzluklaryň çalt eremegine getirer. Suwuň bugarmagy bolsa, suwaryşa bolan islegi artdyrar. 2050-nji ýyla çenli Amyderýanyň boýunda ýiti suw ýetmezçiliginiň boljakdygy, şeýle-de suwa bolan islegleriň 50%-niň kanagatlanman galjakdygy çak edilýär. Bu suw gytçylygy, pagta we bugdaý ýaly, ýurduň esasy ekinleriniň önümçiligine güýçli zeper ýetirjege meňzeýär. Suw ýetmezçiligi tomsuň yssy aýlarynda Amyderýanyň suwunyň elýeterliginiň peselmegi bilen güýçlener. Pagta ýurduň oba-hojalygynyň iň möhüm eksporty bolup, dokma önümleriň eksportynda uly rol oýnaýar we 2017-nji ýylda ähli eksportlaryň 6.2%-ne deň boldy (sah. 19).

Şäherler we energiýa

Sebitde howanyň temperaturasy we şäher ýerlerinde ýylylyk stresiniň täsiri şäher ýylylyk adasy (Urban Heat Island - UHI) hadysasy bilen has hem güýçlenýär. Garamtyl tekizlikler, ýaşaýyş we senagat ýylylyk çeşmeleri, ösümlikleriň ýoklugy we howanyň hapalanmagy sebäpli uly şäherleriň temperaturasy oba ýerlerine garanyňda 0.1°C – 3.0°C töweregi ýokary bolup biler. Bu proses Türkmenistanda kän bir düşünilmeýär, ýöne BMGÖM we ozalky Tebigaty goramak ministrligi muňa Aşgabatda şäherleşmäniň esasy üns berilmeli bölegi hökmünde garaýar. Türkmenistan salkynlaşdyrmak we saglyga peýdaly şertleri üpjün etmek üçin şäher ýerlerini "ýaşyllaşdyrmakda" suw ýetmezçiligine çäre görmekde kynçylyk çekýär. Adam saglygyna täsir etmekden başga-da, UHI hadysasy, klimatyň üýtgemegi (köplenç 40 °C-den ýokary) we şäherleriň ulalmagy – ählisi bilelikde zähmet öndürijiligine gönüden-göni täsir etmek arkaly we uýgunlaşmanyň (adaptasiýa) goşmaça çykdajylary sebäpli, oba-hojalygynyň öndürijiligine zyýan ýetirip biljege meňzeýär.

Barlag işlerine görä, daşky gurşawyň temperaturasy ortaça 1°C galsa, elektrik energiýasyna bolan zerurlyk 0.5–8.5% ýokarlanyp biler (sah. 20-21).

Jemgyýet

Adatça ýaz we tomus aýlarynda bolýan siller ilata we ykdysadyýete hem howp salýar. 1996-2005-nji ýyllar aralygyndaky duýdansyz siller we palçyk akymlary sebäpli 30-dan gowrak ykdysady ýitgiler bolup geçdi. Aprel we awgust aýlarynda güýçli ýagyşlaryň netijesinde, Köpetdag, Köýtendag we Balkan daglary ýaly ýurduň daglyk ýerlerinde palçyk akymlary ýygy-ýygydan bolup durýar. Palçyk akymlarynyň dag eteklerindäki sebitleriň ilatyna we ykdysadyýetine nähili täsir edýändigi barada az maglumat bar, emma soňky wagtda bolup geçen palçyk akymlaryna üns berseň, adam ýitgileriniň bolmagynyň we esasy infrastrukturalara zeper ýetmeginiň mümkindigini görkezýär.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitlerine tozan tupanlary howp salýar. Tupanlar oba-hojalygynyň pestisidlerini we guraýan Aral deňiziniň duzlaryny ýaýradýar. Tozan tupanlary ýerli ilatda dem alyş ýollarynyň kesellerini döreder we töweregindäki oba-hojalyk ýerleriniň önümçilik ukybyna zeper ýetirer. Löw we başgalaryň (2013) seljermesine görä, Aral deňzindäki duzly tupanlaryň çeşmesiniň meýdany 2000-2008-nji ýyllar aralygynda 36% ýokarlanypdyr. Aral deňzi guramagyny dowam etse, tozan we duz tupanlary diňe artar diýlip çaklanylýar (sah. 22).

Adam saglygy

Awtorlaryň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda 2050-nji ýyla çenli RCP8.5 ssenariýa görä, klimatyň döretjek azyk ýetmezçiligi sebäpli her million ilatdan 47.7 adam ölüp biler (sah. 23).

Ýylylyk bilen baglanyşykly ölümçilik

Ylmy barlaglar 35°C çenli daşky temperaturada adam bedeniniň öz gyzgynlygyny sazlamaga ukyplydygyny tassyklaýar. 35 gradusdan ýokary temperaturada, hatda gysga wagt wagt geçirilse hem, saglyga zyýan ýetip we ölüm howpy döräp biler. 35°C-dan ep-esli pes temperaturalar hem adam saglygyna uly howp salyp bilýär. Klimatyň üýtgemegi kem-kemden maýlamanyň we ýylylyk tolkunlarynyň köpelmeginiň üsti bilen, bütin dünýäniň temperaturasyny şol "howply zona" golaýlaşdyryp biler.

Türkmenistanda tomus aýlarynda howanyň çyglylygy pesräk bolsa-da, ýylylanma dowam eden ýagdaýynda, 21-nji asyryň ortalaryna we ahyryna çenli ýurtda ýylylyk bilen baglanşykly ölüm döräp biler.

Eger maýylganlyga taýýarlyk görülmese, 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýa sebitinde ýylylyk zerarly ölümleriň sany ýylda 139%, 2050-nji ýyla çenli 301% çenli ýokarlanyp biler. Ýylylyk bilen baglanyşykly ölümleriň azalmagyny gazanmakda howa goýberilýän zyýanly emissiýalary azaltmak möhümdir (sah. 23).

Keseller

Amyderýanyň suwunyň hiliniň peselmegi Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna howp salýar. Bu mesele klimatyň üýtgemegi bilen, ýakyndaky onýyllyklarda has hem güýçlenip biler. Amyderýanyň suwunyň pes hilli bolmagy, böwrek, öt halta, bagyr we ganazlyk keselleriniň köpelmegine getirer. Türkmenistanda ýylylyk, suwuň hili we keselleriň arasyndaky baglanyşyk barada maglumat ýok bolsa-da, ýurduň käbir ýerleri goňşy Özbegistanda bolşy ýaly bu baglanyşyklaryň täsirlerini duýup biler. Ýagny, ýiti içege infeksiýalary howanyň temperaturasy bilen baglanyşykly bolup, ganly içgeçme hadysalary tomus aýlarynda üç esse ýokarlanýar.

Ýurduň oba hojalygyndan (şol sanda goňşy döwletlerden) çykýan galyndy suw derýanyň duzlulygyny ýokarlandyryp, ony Daşoguzyň demirgazyk sebitiniň ilatynyň saglygyna howp salýan derejä ýetirdi. Amyderýanyň hapalanmagy bilen, pestisidler we başga himiki maddalar suw üpjünçilik ulgamyna düşdi. Klimatyň üýtgemegi netijesinde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy Amyderýanyň suwunyň bugarmasyny güýçlendirýär hem-de topragyň we suwuň şorluk derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Öňümizdäki onýyllyklarda, esasan hem tomus aýlarynda suwaryma bolan zerurlygyň artýan wagtlary, derýanyň akymynyň azalmagyna garaşylýar. Bu hem şorlaşmanyň ýokarlanmagyna ýene bir sebäp bolup biler (sah. 24).