AGYZ BEKLENENDE NÄDIP DOGRY IÝMITLENMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

agyz beklemede iymitlenmeMilli tagamlar agyz açarda iýmäge amatlymy? Kofe içmek bolýarmy? Kimlere düýbünden agyz beklemek bolmaýar?

Bu soraglara nutrisiolog (dietolog) Gauhar Serikkalikyzy jogap berdi. Gauhar Serikkalikyzy 3 ýyldan gowrak amaly tejribeli nutrisiolog bolup, gormonal saglyk we beýniniň işjeňligi bilen meşgullanýar. Ol Ýewropanyň dersara gözleg institutyndan iýmitleniş we dieta boýunça maslahatçy diplomyny hem-de Garward lukmançylyk mekdebiniň lukmanlar üçin onlaýn kurslarynyň şahadatnamasyny aldy.

Dinleriň hemmesi diýen ýaly açlyk tutmagy ündeýär. Dogry çemeleşilende, agyz beklemek bedeniň gizlin rezerwlerini işjeňleşdirýär we awtofagiýa prosesini başlatýar. Awtofagiýa prosesinde öýjükler öz-özlerini düzümindäki zeperlenen ýa-da gereksiz böleklerden arassalaýarlar.

Näme üçin agyz açarda suw içmek we hurma iýmek möhüm?

Oraza – bu suw içmän, iýmit iýmän agyz beklenilýän aýdyr. Suw we iýmit kabul etmeýän beden juda guraýar. Suwsuz bedeniň köp prosesi haýallaýar. Şonuň üçin, agyz açylanda ilkinji nobatda bedeniň suwsuzlygyny gandyrmaly.

Sagdyn adam günde 1 kg agrama 30 ml suw içmeli. Sport bilen yzygiderli meşgullanýanlar muny 1 kg agrama 40 ml çenli köpeldip bilerler. Meselem, fiziki taýdan işjeň adamyň agramy 55 kg bolsa, oňa gündelik zerur bolan suwuň möçberi 2,2 litr.

Nahar wagtynda 200 ml-den köp suw içilmese gowy. Esasy nahardan 15-20 minut öň ýa-da bir sagat soň köpräk suw içip bilersiňiz.

Häzirki döwürde köp adam suwsuzlygy duýmaýar, emma bu kadaly ýagdaý däldir. Adam uzak wagtlap suwsaýanyna ünssüzlik etse, wagtyň geçmegi bilen bedeniň suwsuzlygy duýujylygy peselýär. Şeýle-de bolsa, bedene ýeterlik suw sarp etmegi endik etdirip bolýar we bu örän zerurdyr.

Elbetde, suwsamankaň köp mukdarda suw içmek maslahat berilmeýär. Ýöne her 20-30 minutdan 3-6 owurt suw içip bilersiňiz.

Mundan başga-da, agyz beklenilende gandaky şekeriň derejesi düşýär. Bu bedeniň energiýa işläp çykaryjylygyny haýalladýar we beden glýukoza öwürmek üçin myşsalaryny ýakyp başlaýar.

Onuň üçin beden 2 sany güýç beriji çeşmesini – glýukozany we ýagy ulanýar. Glýukoza ýagdan has çalt energiýa öwrülýär.

Hurma – ganyň şeker derejesini kadalaşdyrmaga ýardam edýän tebigy şeker çeşmesidir. Emma, hurma arassalanan şeker ýaly diňe gury glýukozadan düzülmeýär. Onuň düzüminde köp dürli witaminler we minerallar hem saklanýar. Hurma iýleninden soň, bedeniň şeker derejesi ýokarlanyp, beden aç däldigi barada duýduryş alýar. Şeýle hem, bu esasy nahar wagtynda artykmaç iýmezligiň öňüni alýar.

Agyz açylandan agyz beklenýänçä nähili iýmitlenmeli?

Orazada iýip bilýän wagtyňyz dört bölege bölünse gowy:

↪ Agyz açary (iftar) suw, hurma we gök önümli işdäaçar bilen başlamak iň gowusydyr.

↪ Agyz açardan 30-40 minut soň, düzüminde haýwan/mal belogy bolan gyzgyn nahar iýmeli. Bu iýmitlere balyk, ak ýa gyzyl et degişli.

↪ Ýatmazdan 1 sagat öň az-kem belokly nahar garbanyp bilersiňiz.

↪ Selärlikde (sahur) düzüminde ýeterlik ýag we belok bolan gyzgyn nahar iýmek maslahat berilýär. Beloklaryň we ýaglaryň indiki nahara çenli dok saklaýanlygy üçin irden hökman naharlanmak gerek. Şeker az kabul edilmeli, çünki ýönekeý uglewodlar açlyk we suwsamak duýgusyny döredýär.

Agyz beklenende sagdyn iymitlenmeli, ýagny, düzüminde "ýokumsyz iýmitler" bolmadyk tebigy önümler kabul edilmeli. Haýwan/mal beloklary hem selärlikde hem-de agyz açarda iýilse gowy. Bu aýratyn hem, hor adamlar üçin möhüm. Beloklaryň ähli biohimiki reaksiýalaryň amala aşmagyna kömek edýänligi sebäpli, organizmi wagtynda belok bilen üpjün etmek örän wajypdyr.

Iýmit kaloriýasyny şu düzümde kabul etmek maslahat berilýär: 50% belok, 20% ýag, 30% uglewod. Şeýle iýmitlenilende adam uzak wagtlap özüni dok duýýar we artykmaç agram almaýar.

Gowrulan nahar iýmek bolýarmy?

Aslynda, gowrulan iýmitiň mukdary däl-de, ony bişirilýän ýagyň hili has möhüm. Eredilen mesge ýagy ýanma temperaturasynyň has ýokarylygy sebäpli gowurmak üçin iň peýdaly ýag hasaplanylýar.

Eredilen mesge ýagy saglyga zyýansyz bolup, bu ýagda gowrulan iýmitleri her gün iýmek bolar. Emma, arassalanan ösümlik ýaglary aterosklerozyň döremegine getirip biler.

Kofe içmek bolýarmy?

Sagdyn adam ähli görnüşli iýmitleri iýip-içip biler, ýöne kadaly dozada. Kofeni hepdede iki ýa üç gezek 300 ml-den artyk bolmadyk mukdarda içmek zyýan etmeýär. Kofe öt haltanyň işlemegine kömek edýär, hatda onuň aram mukdarda içilmegi peýdalydyr.

Milli tagamlaryň gündelik iýilmegi ýaramlymy?

Adamyň iýmitlenişi genetikasy bilen baglanyşykly bolmaly. Bu iýmitlenmäniň iň sagdyn usulydyr! Şeýle-de bolsa, has irki döwürlerde ata-babalarymyz köp mukdarda hamyrly we şekerli önümleri däl-de, gaýtadan işlenilmedik et, däneli we gök önümleri iýipdirler. Şol sebäpli, bu usulda iýmitlenmek maslahat berilýär.

Goşmaça witaminler kabul edilmelimi?

Ähli peýdaly ýokumlar tebigy önümlerden alynsa gowy. Ýöne, häzirki wagtda arryk topraklarda ýetişdirilýän önümleriň aglabasynda pestisidler we ösüş stimulýatorlary (meselem: azot) ulanylýar. Şonuň üçin, iýmitlerde 20 ýyl ozalkydan 30-50% az ýokumlar bar.

Şuny göz öňünde tutup, biogoşundylaryň (bedeni witaminler, mikroelementler ýaly ýokumlar bilen baýlaşdyrýan tebigy bioaktiw maddalaryň toplumy) ýetmezçiligini barlamak we öwezini dolmak üçin, wagtal-wagtal bedenimizdäki mikroelementleri barladyp durmaly.

Işdäsiz bolsaň-da iýmek zerurmy?

Ilki bilen, işdäň bolmazlygynyň sebäplerini bilmek möhümdir. Käwagt işdäsizlik stresden, ferment ýetmezçiliginden ýa-da öt haltasynyň işlemezliginden ýüze çykýar. Işdäň ýoklugy bedeniň içki prosesleriniň näsazlygy zerarly hem bolup biler.

Özüňizi oňat duýmasaňyz, derrew agyz beklemegi bes edeniňiz gowy. Ýogsam, agyr kesellemegiňiz ýa ysgynsyzlygyň uzak dowam etmegi mümkin.

Oraza wagtynda bir günlük rasionyň mysaly:

Selärlik: buglanan etli greçka we 2-3 sany hurma.

Agyz açar: 2-3 sany hurma we gök-önümli işdäaçar.

Agyz açardan 30-40 minut soň: etli çorba ýa-da et/gök-önümli ikinji nahar. Onuň ýanyndan tüwi iyip bilersiňiz.

Ýatmazdan 1 sagat öň: bir bölek gaty peýnir/et ýa-da 1 sany gaýnadylan ýumurtga.

Oraza tutulanda agramyň artmagy mümkinmi?

Fiziki hereketi az edýän bolsaňyz, iýlen zatlaryň ählisi dessine bedeniňizde ýaga öwrüler. Şeýle hem, agyz açar wagtynda aşa köp iýmekden saklanmaly. Özüňi agyr duýýançaň däl-de, doýýançaň iýmeli. Doýanyňy wagtynda duýmak üçin iýmitleri gowy çeýnemek wajypdyr.

Eger-de tötänleýin artykmaç iýen bolsaňyz, onda fiziki hereket etmek arkaly artykmaç energiýany harçlap bilersiňiz. Nahar wagtynda iýmiti gowy siňdirmek üçin iýmit siňdiriş fermentlerini atsa bolar. Nahar bilen 200 ml-den köp bolmadyk mukdarda limonly suw içmek maslahat berilýär. Iýmit bilen suwy birlikde ýuwutmagyň ýerine, ilki nahary ýuwdup, soň suw içilse has gowudyr.

Oraza wagtynda kabul edilýän kaloriýanyň mukdary 25-30%-den pes bolmaly. Aslynda, professional sportçy bolmasaňyz, kaloriýany hasaplamaga gerek ýok. Kaloriýa sanamak adaty adamy aşa strese salyp biler. Esasy zat iýýän iýmitiňiziň mukdary däl-de hilidir.

Oraza wagtynda horlanmak islemeýän adamlar nahary dowamly we wagtynda iýmelidirler.

Bedeniň myşsa massasyny nädip saklamaly?

Myşsa massasyny ýitirmezlik üçin rasionda (deňagramly iýmit paýy) has köp haýwan/mal beloklary bolmaly. Şol sanda, köp hereket etmeli we işjeň durmuş ýörelgesine eýermeli.

Kime agyz beklemek asla bolmaýar?

↪ Emdirýän we göwreli aýallara;

↪ Keseliň ýiti döwrüni başdan geçirýän adamlara;

↪ Ýakynda operasiýa bolan hassalara;

↪ Ötüşen gipotireoz (galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi) kesellilere;

↪ Böwrek üsti mäzleriň işjeňligi gowşan ýa-da pes kortizolly näsaglara;

↪ 70 ýaşdan uly adamlara we 16 ýaşa çenli çagalara;

↪ Gastrit we on iki barmak içegede ýaralary bolan adamlara.

Göwreli aýallara agyz beklemek bolmaýar. Sebäbi düwünçekdäki çaga çalt ulalýar we köp iýmit talap edýär. Çaganyň saglygy üçin bedeni zerur iýmitler bilen öz wagtynda üpjün etmeli.

Oraza gutaranyndan soň nähilimitlenmeli?

Iýmitiň mukdaryny juda köpeltmezden adaty iýmitleniş usulyna geçmek maslahat berilýär. Şeýle hem, süýji we hamyrly önümler belli bir wagta çenli çäklendirilse gowy. Muny etmek, agyz beklemegiň ruhy we fiziologik täsirlerini saklamaga ýardam eder.

Çeşme