SUPLEMENTLER NÄME WE OLARY ULANMAK HOWPSUZMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

supplementsSuplementleriň keseli bejermek üçin niýetlenen däldigini ýatda saklamalydyr!

Suplementler – bedeniň kadaly ýagdaýyny, syratly durkuny, sagdyn derini gazanmaga kömek edýän goşundylardyr. Başgaça aýdanyňda, hemmämize öňden mälim biologiki işjeň goşundylardyr (rusça – биологически активные добавки).

Suplementlere hemişe her dürli gelip çykyşly, täze biohimiki goşundylar goşulýar. Häzir witamin, mineral, ýag turşulykly, aminoturşulykly, antioksidant, asidofil bakteriýaly goşundylar bellidir. Ondan başga-da, çylşyrymly düzümli dürli otlardan alnan goşundylar hem ulanylýar. Has takygy, otlardan alnan biologiki işjeň maddalar goşundy höküminde ulanylýandyr.

Gelip çykyşy boýunça tebigy we sintetiki suplementler tapawutlandyrylýar:

↪ Tebigy suplementler konsentrat, ekstrakt, şire görnüşde tebigy önümlerden (ösümlikler, balyklar) alynýar. Tebigy önümleri işlemegiň, arassalamagyň köp wagty we žähmeti talap edýändigi sebäpli, olaryň önümçilik sany az bolup, bahasy gymmat bolýandyr. Tebigy suplementleriň düzümindäki maddalar ençeme müňýyllyklaryň dowamynda adam bedenine tanyş bolany sebäpli aňsat özleşdirilýändir. Şeýle hem, olar çynlakaý gaýraüzülmelere getirmeýär. Şonuň ýaly-da, bedene tanyş bolan maddalaryň aňsat özleşýändigi sebäpli, bu görnüşli goşundylaryň pes mukdaryny hem ulanyp bolýandyr.

↪ Sintetiki suplementler – emeli sintezirlenen himiki birleşmeli goşundylar laboratoriýa şertlerinde köp mukdarlarda öndürilýar. Bu bolsa olary elýeterli we arzan haryda öwürýär. Biziň iýmit siňdiriş agzalarymyza del bolan himiki maddalar haýal özleşdirilýär. Şeýle-de, bedeniň özleşdirmegi üçin olaryň ýokary mukdary talap edilýär.

Suplementler näme üçin ulanylýar?

Suplementleri öndürijiler daşky gurşawyň, azyk önümleriň hiliniň üýtgeýän döwründe dürli goşundylaryň beden üçin zerurlygyny belleýärler. Ýetmezçilik bolan ýagdaýynda witamin, aminoturşylyk ýa-da mineral görnüşindäki goşundylaryň bedende öwezini dolujy serişde bolup hyzmat edýändigini nygtaýarlar.

Suplementleriň keseli bejermek üçin niýetlenen däldigini ýatda saklamalydyr!

Çünki her beden keseliniň öz sebäbi, döreýiş mehanizmi we bejeriliş usuly bolup, suplementler bilen bejerme synanşygy wagtyň ýitirilmegine we keseliň ötüşmegine getirip biler.

Suplementleri ulanmazdan öň nämeleri bilmek zerur?

↪ Olary mahabatlandyrmanyň täsiri ýa-da sagalma çalt ýetmek üçin suplementleriň artyk kabul edilmegi, tersine, ýaramaz netijelere getirip biler. Witaminleriň artyk kabul edilmegi, ençeme ýaramaz alamatly giperwitaminoz (bedende witaminleriň aşa köpelmegi) ýagdaýyna sezewar edip bilýändir. Meselem, A witamininiň aşa köp kabul edilmegi süňklerde kalsiý mineralynyň azalmagyna we böwregiň işiniň bozulmagyna getirýän bolsa, D witamininiň köplügi gaýtarma, deri gijeme, içgeçme, derlegenlik, köp buşukma, kalsiý mineralynyň agzalarda toplanmagy ýaly alamatlaryň döremegine sezewar edip biler. Şeýle ýagdaýa esasan hem çylşyrymly düzümli goşundylar ulanylanda köp duş gelinýär.

↪ Suplementleriň düzümindäki maddalar allergiki täsirliligi döredip biler. Şeýle hem, iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmalaryna getirip biler: içgeçme, garynda döreýän agyrylar, içiň ýellenmegi we başga. Bu ýagdaýa has hem sintetiki suplementler kabul edilende ýygy duş gelinýär.

↪ Dürli goşundylary öndüriji kompaniýalaryň distribýuterleri maddy bähbit üçin siziň saglyk ýagdaýyňyza gabat gelmeýän goşundylary maslahat bermegi ähtimaldyr. Suplementleriň söwdasynyň uly girdeýji getirýändigini unutmaň.

↪ Suplementleri satyn alyp kabul etmezden öň indiki soraglara jogap gözlemäge ymtylyň: Suplement serişdäni men näme maksat bilen ulanmaly we ol saglyk ýagdaýyma peýdaly bolarmy? Olary haýsy görnüşde we mukdarda satyn almaly? Näçe wagt kabul etmeli?

Bu soraglara dogry jogaby almak üçin siziň saglyk ýagdaýyňyzdan habarly lukman bilen maslahatlaşmak örän peýdaly bolup biler.

Şöhle Myradowa, maşgala lukmany