SUW ARGYNLYGY AÝYRÝAR, BEDENE ŞYPA BERÝÄR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (16 Ses)

Suw! Bu tebigy baýlygy hemme halklar ýaşaýşyň gözbaşy diýip hasap edýärler. Suw bizi hemmetaraplaýyn gurşap alýar: ol biziň dem alýan howamyzda, bedenimiziň öýjüklerinde, ganymyzda bar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 22-nji mart senesini Bütindünýä Suw güni diýip yglan etdi. Şu mynasybetli biz suwuň bedene şypa beriji häsiýetleri barada Size gürrüň bermegi makul bildik.

Suwuň şypa beriji häsiýetleri bize gadym döwürlerden bäri bellidir. Hemmelere belli grek lukmany Gippokrat çeşme suwuny içmegiň we oňa suwa düşmegiň bejeriş häsiýete eýedigini subut etdi. Gidroterapiýa (suw bilen bejermek) iň gadymy bejeriş usullarynyň biri hasaplanylýar. Rim we türk hökümdarlygy döwründe adamlar suw bilen garahassalyk ýaly keselleri, dürli çişleri bejerip bolýandygyna ynanýardylar. Gidroterapiýany esaslandyryjy diýip belli nemes lukmany Sebastýan Kneýp hasaplanylýar. Ol Gadymy Müsüriň, Gresiýanyň, Rimiň we Hindistanyň tebipleriniň ulanan gidroterapiýasyny bedeni türgenleşdirmegiň we taplamagyň ulgamyna öwürdi.

Häzirki döwürde-de gidroterapiýa köp keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Bejergi üçin suw diňe suwuk görnüşde däl, eýsem gaty we bug görnüşinde hem ulanylýar. Gidroterapiýanyň täsiri güýç taýdan tapawutlanýan mehaniki we temperatura gyjyndyryjylaryň bir-biriniň üstüni dolýandygyna esaslanýar.

Gidroterapiýa usulyna şu emler: duşlar, wannalar, hammamlar, üstünden suw guýup bejerme, sürtme, dolanma degişlidir.

Duş – basyşy, galyby we gyzgynlygy boýunça aýratynlygy bolan  suw akymynyň bejeriş ýa-da arassaçylyk maksatlary üçin ulanylýan em.

Duşuň dürli görnüşleri bolýar.

Şarko duşy gidroterapiýa emleriniň biridir. Bu emde sowuk suw bilen mylaýym suw gezekleşdirilip, adamyň bedenine gönükdirilýär. Şarko duşy kelle beýnisine we oňurga ýiligine stimulirleýji täsirini ýetirýär, ýürek-damar ulgamyny berkidýär, immuniteti güýçlendirýär we bedeniň taplanmagyna ýardam berýär.

Wişi duşuň täsiri güýçli ýagşy ýatladýar. Bu em ajaýyp gidroterapewtik owkalama emidir.

Akymynyň görnüşi boýunça hem duşlaryň birnäçe görnüşi bolýar: ýagyş, iňňe, tozga, sirkulýar we ýokary galýan.

Suwuň temperaturasy boýunça hem duşlar sowuk, ýyly, indifferent ýaly görnüşlere bölünýär.

Bejeriş üçin ulanylýan duşlaryň basyşy pes, aram we ýokary bolup bilýär.

Bejeriş duşlary şu maksatlar bilen bellenilýär:

Ýiti sowuklama bilen geçýän kesellerde, agyr stenokardiýada (ýürek demgysmasynda), miokardyň infarktynda, ýaňy geçirilen insultlarda, täze döremelerde, gan akmalarda, iriňli ýaralarda, ýokanç kesellerde duş ulanmak maslahat berilmeýär.

Gidroterapiýanyň esasy görnüşleriniň ýene-de biri wannalardyr. Wannalar temperaturasy boýunça sowuk, ýyly, aram, gyzgyn bolýar. Olar sürgi ýagly, gorçisaly, deňiz, mineral suwly, hoşboý ysly bolup bilýär. Wannany 10-20 minudyň dowamynda kabul etmeli. Gidroterapiýanyň bu görnüşini günaşadan ýa-da iki günden kabul edýärler.

Sowuk we aram wanallar tonizirleýji täsir edýärler, ýürek-damar we nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrýarlar, madda çalşygyny gowulandyrýarlar. Ýyly we indifferent wannalar agyryny köşeşdirýärler, damarlaryň dartgynlygyny gowşadýarlar, ukyny has rahat edýärler.

Bejeriş wannalar dem alyş ýollarynyň kesellerinde, el-aýagyň damarlarynyň kesellerinde, gan aýlanyşyň bozulmasynda, böwrek kesellerinde, garyndaky tutgaý görnüşli agyrylarda, ýadawlykda, bogun agyrlarda, osteohondrozda, ýokanç däl deri kesellerinde bellenilýär.

Bejeriş wannalaryndan soň dynç almaly. Ajöze ýa-da nahardan soň 1,5-2 sagat geçmese, wanna kabul etmek bolmaýar. Mundan başga-da keselleriň ýitileşen döwründe, ýürek geçirijiliginiň bozulan ýagdaýlarynda, ýygy gaýtalanýan stenokardiýa tutgaýlarynda, insultda, inçekeseliň ýitileşen tapgyrynda, glaukomada, ýatgynyň fibromiomasynda, mastopatiýada hem wanna bejergisini bellemek maslahat berilmeýär.

Hammamlar we saunalar gadym döwürlerden bäri giňden ulanylýan gidroterapiýa usullarydyr. Saunadaky gury we hammamdaky çygly bug derini arassalaýar, gan aýlanyşy gowulandyrýar, myşsalaryň dartgynlygyny gowşadýar, madda çalyşygyna we ýürek-damar ulgamynyň işine ýardam berýär. Hammam ýadawlygy aýyrýar, tutuş bedeni tijendirýär, keýpi gowulandyrýar.

Garaguş keselinde, täze döremeleriň dürli görnüşlerinde, ýokanç kesellerde, gan basyşyň ýokarlanmagynda we aterosklerozda, gan akmada, gan kesellerinde hammam we sauna bilen bejermek bolmaýar.

Gidroterapiýanyň ýene-de bir görnüşi üstünden suw guýup bejermedir. Bu usulda tutuş bedeniň üstünden ýylylygy 32-34ºС bolan suw guýulýar. Her gezek suwuň gradusy ýuwaş-ýuwaşdan 30-28 ºС çenli peseldilýär. Üstünden suw guýmagy gidroterapiýanyň başynda belleýärler. Bu usul gan aýlanyşy gowulandyrýar. Bu bolsa öz gezeginde dokumalaryň iýmitlenmegini üpjün edýär.

Üstünden suw akydyp bejermegiň bölekleýin (bedeniň aýry-aýry bölekleriniň üstünden suw guýmak:el-aýak, kelle, arka we ş. m. ) we umumy görnüşleri bolýar.

Suw akydyp bolnandan soň, ýylylyk duýýançaňyz we bedeniňiz az-kem gyzarýança, desmal (polotense) bilen mazaly süpürinmeli.

Gidroterapiýanyň gowy taraplarynyň ýene-de biri, onuň öý şertlerinde ulanyp bolýandygyndadyr. Bu esasanam Sebastýan Kneýpiň suw emlerine degişlidir. Olaryň kömegi bilen ýadawlygy aradan aýyrmak, beden agzalaryň işiniň dowamly bozulmalary we keseller bilen göreşmek mümkindir. Öz wanna otagyňyzy "Kneýpiň sagaldyş merkezine" öwürmek üçin, köp güýç we serişde sarp etmegiň zerurlygy ýok. Munuň üçin arassa wanna, sowuk we mylaýym suw, desmal ýeterlik.

Çakyzadan ejir çekýänler sowuk we gyzgyn suwy gezekleşdirip üstünden akdyrsa, damarlar giňelýär we gan aýlanyş kadalaşyp, agyrylar aýrylýar. Şeýle usulda suwa düşünmek ýüregiň işini gowulandyrmaga hem ýardam berýär.

Babasyl keselini bejermek üçin aýagyňyzy gyzgynrak suwa salmaly. 20 minut geçensoň, aýaklaryňyzy sowuk suwa salyň. Ýylylyk bedene aralaşyp, umumy dartgynlygy aýyrýar. Bu emi ýatmazdan ýarym sagat öň geçirmeli.

Aýaklaryňyz üşände, olary gyzgyn suwly wannajykda 15 minut saklaň. Bu em kiçi çanaklyk agzalarynyň keselleriniň we sowuklamanyň öňüni almakda-da peýdalydyr.

Deňizde suwa düşünmegi halamaýan adam az-azdyr. Deňiz suwunyň bejeriş häsiýetiniň bardygy bolsa ählimize mälim. Talassoterapiýada (grek dilinde "talasso" deňiz diýmek) bejeriş üçin deňiz suwy ulanylýar. Bu suw dürli minerallara, mikroelementlere, mikroorganizmlere baýdyr. Talassoterapiýa merkezlerine baryp bejergi almaga mümkinçiligi bolmaýan adamlar hem az däl. Ýöne talassoterapiýany öý şertlerinde hem geçirmek mümkindir. Munuň üçin deňiz duzunyň 500 gramyny ýyly suwly wanna atyp erediň. Soňra şol suwda 20 minut ýatyň. Bu hem örän peýdaly täsir edýär.

Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, suwuň gaty görnüşi (buz) hem gidroterapiýada giňden ulanylýar.

Buz-ýokary täsir edijiligi bilen tapawutlanýan tebigy agyrysyzlandyryjydyr. Ýadaw, dartgynly myşsalara buz goýmak maslahat berlende, adamlaryň köpüsi geň galýarlar. Olaryň köpüsi myşsalaryň dartgynlygyny aýyrmak üçin ýylylyk gerek diýip hasaplaýarlar. Emma duýdansyz, güýçli agyry ýüze çykanda, agyrýan ýere buz goýmak maslahat berilýär. Buz nerwleriň agyry impulslaryny geçirme ukybynyň peselmegini üpjün edýär.

Buz gan damarlaryna hem täsir edýär, çişleri aradan aýyrýar. Gan damarlar buzuň täsirinden gysylýarlar, olaryň töweregindäki myşsalaryň dartgynlygy gowşaýar we agyry köşeşme bilen bolýar.

Häzirki döwürde içi gelli paketler hem ulanylýar. Emma muňa garamazdan, adaty buzdan peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi onuň täsiri has güýçli hasaplanylýar. Birnäçe kagyz stakanjyklary suwdan dolduryp, sowadyjyda saklaň. Agyryly ýere buz goýanyňyzda, dokumalar doňmaz ýaly, ony şol töwerege aýlap durmalydyr.

Gidroterapiýanyň keselleri bejermekde, olaryň öňüni almakda, bedeni berkitmekde oňaýly täsiriniň, uly peýdasynyň bardygyna garamazdan, suw emlerinden peýdalanmazdan öň, barlaglardan geçip, hökman lukman bilen maslahatlaşyň.