BERK SAGLYK – UZAK ÖMÜR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (19 Ses)

Dünýä gymmatlyklarynyň içinde saglyk esasy orunlaryň birini eýeleýär. Biziň saglygymyza dürli faktorlar täsir edýär. Azyk harytlarynyň köpelmegi – iýmit bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna getirse, ahlak kadalarynyň bozulmagy, azgynlyk – AIDS keseli ýaly howply kesellere uçradýar. Spirtli içgileriň we temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny dünýä epidemiýasyna deňemek bolar. Saglygy dikeltmek ugrundaky çäreler, adatça, keseliň alamatlary ýüze çykandan soň başlanýar. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy saglyk babatda ýüze çykýan meseleleri çözmek, olaryň durmuşa täsir edişini öwrenip, keselçiligi kemeltmek işleri bilen meşgullanýar. Guramanyň teklibine görä 1950-nji ýyldan bäri Bütündünýä saglyk güni geçirilip, 1948-nji ýyldan başlap ol her ýylyň 7-nji aprel güni bellenilýär. 2012-nji ýylda bu baýramçylyk "Garrylyk we saglyk" diýen temada we "Berk saglyk ýaşyňa ömür goşýar" diýen şygar astynda geçýär.

Häzirki döwürde adamyň saglygynyň derejesi, gönüden-göni, birnäçe ykdysady we sosial faktorlara bagly. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, adamyň saglygy esasy 4 faktora baglydyr:

Adam dünýä inende bedeni keselden sap, sagdyn dogulýanlygy we diňe wagtyň geçmegi bilen kesel gazanýandygy baradaky düşünje ýalňyşdyr. Durmuş şertleri, ekologiýa, saglygy goraýyş – adamyň bedeniniň ýagdaýyny döredýän daşky faktorlar bolup durýar. Emma nesil yzarlaýan genler belli bir keseliň döremeginiň ähtimaldygyny kesgitleýär. Bedenimizdäki nesil yzarlaýan genleri üýtgedip bolmaýar. Emma gowşak tarapyny bilip, bedeniň haýsy kesele meýillidigini anyklap, ýagdaýy gözegçilikde saklamak, gerekli ýerinde goragy güýçlendirmek mümkin. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň, bedeniň diňe haýsy-da bolsa bir kesele meýillidigini anyklamak üçin genetiki derňew geçirmek bilen çäklenmän, eýsem sowatly öňüni alyş çärelerini geçirip, bedeniň gowşak ýerlerini berkitmäge-de mümkinçiligi bar.

Adamyň ömrüni gysgaldýan, kardiologiýa, endokrin, öýken, onkologiýa keselleriniň döremegine sebäp bolýan faktorlaryň ýene-de biri ýaramaz ekologiýa şertleridir. Häzirki döwürde daşky gurşawy zaýalamagyň esasy çeşmeleri adamyň gündeki hojalyk işleri bolup durýar. Olara gün-günden köpelýän awtoulaglar, elektrik stansiýalar, zawodlar, oba hojalygynda ulanylýan himiki serişdeler, gurluşyk materiallar, polimer önümleri we başgalar degişlidir. Olar gaz, suwuk we gaty görnüşde tebigata ýaýrap, topraga, howa we suwa siňýärler. Daşky gurşawy hapalamak, adaty okislenme-dikeldiş ýagdaýynyň bozulyp, çenden aşa erkin radikallaryň emele gelmegine eltýär. Olar adamyň bedenine düşüp, öýjükleriň kadaly işlemegine päsgel berýär we dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Lukmanlar allergiýa, bronhial demgysma, düwnük keselleri bilen syrkawlaýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, şol sebitdäki ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň arasynda baglanyşyk bardygyny anykladylar. Geçen asyrda çaganyň düwnük keseli bilen syrkawlamagy örän seýrek ýagdaýdy, emma häzir olaryň sany gün-günden köpelýär. Daşky gurşawyň zäherlenmegi täze, heniz görülmedik keselleriň ýüze çykmagyna-da getirýär. Dünýä ýüzünde adamlar daşky gurşawy mümkin boldugyça goramaga ymtylýarlar. Gynansak-da, henize çenli bu meseläni çözmegiň ýollary doly tapylanok. Ýöne her bir adam özbaşdak daş-töwereginiň aladasyny edip, gowy şertde ýaşamak üçin, tebigy deňagramlygy saklajak bolmaly.

Häzirki zaman saglygy goraýşyň mümkinçilikleri köp keselleri ýeňmäge, wagtynda dogry geçirilen degişli çäreler bolsa keseliň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Netijeli we howpsuz öňüni alyş çäreleri ulanmak, adam bedeniniň zerur wezipelerini ýerine ýetirýän agzalarynyň işini goldaýar. Ol diňe dürli kesellerden saplamak bilen çäklenmän, eýsem uzak ýyllaryň dowamynda ýokary hilli, sagdyn durmuşy alyp barmaga-da ýol açýar.

Adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän faktorlaryň içinde ýaşaýyş-durmuş şertleri esasy orun eýeleýär. Birinji bilen bu ýaramaz endiklerdir. Spirtli içgileriň we temmäkiniň bedeniň belli bir agzalaryna zeper ýetirýänligi hemmelere mälim. Ýöne mundan başga-da birnäçe endikler adamyň saglygyna oňaýsyz täsir edýär. Bu gaharjaňlyga we sustupeslige getirýän birsyhly ýatyp ukyňy alyp bilmezlik; psihiki we fiziki taýdan ýadadýan dyngysyz berhizler; bagra, ýürek-damar we nerw ulgamyna uly zyýan ýetirýän kofe we kuwwatlandyryjy içgileri çenden aşa ulanmak; maddalaryň çalyşmasyny haýalladýan, ýadawlygy güýçlendirýän we ýürek-damar keselleriniň döremegine itergi berýän herekediň we kislorodyň ýetmezçiligidir. Adam erkini eline alyp, öz üstünde işlemäge isleginiň dörän ýagdaýynda, şeýle ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni alyp bolýar.

Gahar, gorky, öýke we başga durmuşda ýüze çykýan ýaramaz zatlar stres ýagdaýyna getirýär. Aýratynlykda ol saglyk üçin beýle howply däl, emma bedende dürli bozulmalaryň: ýürek-damar, immun, allergiýa keselleriniň döremegine hem-de işjeňligiň peselmegine getirip biler. Stressiz ýaşamak mümkin däl. Ol bedeniň daşky gurşawa uýgunlaşmak usuly, ony diňe öz duýgyňa gözegçilik edip, gowşatmak bolar. Özüňe gözegçilik etmegi öwrenmeli. Bolup geçýän zatlara paýhasly garap, wagtynda ünsüňi başga zada sowmagy başarmaly.  

Sagdyn durmuşyň ýene bir şerti fiziki işjeňlikdir. Biz üçin ýaşaýan jaýymyzda iki liftiň (galdyrgyjyň), ýakynda ulag goýmak üçin duralganyň, söwda merkeziniň "iki ädimde" bolmagy örän wajyp. Göräýmäge ähli zat gowy: durmuş şerleri amatlaşdyrylyp, hemme zat üpjün we rahat. Ýöne şu oňaýly şertler hereketimiziň kemelmegine getirýär. Basgançakdan galmagyň deregine biz lifti saýlaýas, seýilgähde gezelenç etmegiň deregine bolsa awtoulaga münýäris. Durmuşyň peşgeş beren eşretliklerini peýdalanyp, saglygmyzy ýitirmezlik üçin, sport bilen meşgullanmak zerurdyr. Häzirki döwürde sportuň dürli-dürli görnňşleri bar. Şol sebäpli her bir adam islän ugruny saýlap, ýakymly we peýdaly işi utgaşdyryp biler.

Hawa, biziň fiziki işjeňligimize oňaýly rahat şertler päsgel berýän bolsa, dogry iýmitlenmegimize – nahary çalt taýýarlamaga bolan isleg böwet bolýar. Irden, işe gitmänkäk bir käse kofe we buterbrod, günortan nahar wagty çaý bilen köke..., agşam işden soň, edil ýatmazyň öň ýanynda güýçli doýumly nahar… Iýmit köp dürlüligi, ýokumlylygy, kadalylygy barada gürrüňem ýok. Emma adamyň bedeni beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, witaminleriň we mikroelementleriň amatly baglanyşygyna mätäç. Olary ösümlik we et önümlerinden durýan dürli-dümen iýmitler üpjün etmeli. Iýmit kabul etmegiň wagtyny bolsa dört gezege bölmek möhümdir: iki ertirlik (günüň dowamynda iýiljek iýmitiň 25% we 15%), günorta nahary 50% we agşam naharyna diňe 10% galýar.

Saglygyňy saklamak üçin diňe gowy abzallaşdyrylan keselhanalarda ökde lukmanlaryň bejergisini almagyň zerur däl-de, wagtynda sowatly öňüni alyş çäreleri geçireniň zerurdyr. Bütündünýä saglyk güni adamlaryň sagdyn durmuş barada düşünjesini artdyrmaga, beýik gymmatlyk bolan saglygy goramaga, fiziki maşklary ýerine ýetirmegiň zerurlygyna düşünmäge, işjeň dynç alyşlary gurnamaga, sagdyn iýmit ulanmaga, spirtli içgilerden we temmäkiden daşlaşmaga çagyrýar. Berk saglyk uzak ýyllaryň dowamynda size ýaran bolup, ýaşyňyza ömür goşsun!