TAGTABIT: KÖP SORALÝAN SORAGLARA JOGAPLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tagta bitiTagtabit (Lat. Cimex lectularius) maýda, ýasy, mugthor (parazitik) möjejik bolup, ukuda ýatan adamlaryň we haýwanlaryň ganlaryny sormak arkaly iýmitlenýär. Tagtabitler gyzylymtyl goňur reňkli, ganatsyz, 1-7 millimetr ululykda bolýarlar we iýmitlenmän birnäçe aý diri galyp bilýärler.

Tagtabit nirelerde duş gelýär?

Tagtabitler dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýarlar. Olar öňler esasan ösüp barýan ýurtlarda köp gabat gelen hem bolsalar, soňky wagtlarda ABŞ, Birleşen Patyşalyk we Ýewropa ýaly ýerlerde hem ýygy görlüp başlandy. Tagtabitler bäş ýyldyzly myhmanhanalardan we şypahanalardan hem tapyldy – ýagny, olaryň bir ýerde peýda boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny şol ýeriniň arassaçylygy kesgitläp bilmeýär.

Tagtabitler adatça adamlaryň ýatýan ýerlerine we ýatylýan ýerleriň töweregine üýşegen bolýarlar. Gündizlerine olar ýorgan-düşekleriň gasynlarynda, krowatlaryň tagtalarynda, egin-eşik salynýan çekmelerde, jaýryklaryň we ýaryklaryň içinde, oboýlaryň arkasynda ýa-da ýatylýan ýeriň töweregindäki islendik zatlaryň üýşen ýerlerinde gizlenýärler.

Tagtabit kesel ýaýradýarmy?

Tagtabitleriň özleri kesel ýaýratmaýarlar, emma olar iriziji bolup bilýärler. Çünki olaryň bar ýerinde adam gijilewükden we ukynyň bozulmasyndan ejir çekip bilýär. Kä ýagdaýlarda gijileýän ýerleri aşa gaşamak deride ikinji derejeli ýokançlygyň döreme howpuny artdyrýar.

Tagtabitleriň çakmagy her adama üýtgeşik täsir edýär. Olaryň çakan ýerlerinde hiç zadyň bildirmezligi ýa-da kiçi yzyň galmagy ýa-da deride çynlakaý allergik reaksiýanyň döremegi hem mümkin. Haçanda tagtabit çakanda, olar çakylan adam hiç zat duýmaz ýaly derä anestetik we antikoagulýant goýberýärler. Şol sebäpli hem, köp adam özüni tagtabitiň çakandygyny çakylanyndan birnäçe gün geçip, çakygyň yzy görnüp başlaýança aňşyrmaýar.

Tagtabitiň çakygy çybynyň ýa-da büräniň çakygyna meňzeş bolup, çakylan ýer biraz çişýär, gyzarýar we gijiläp ýa-da irizip bilýär. Çakyklar ýa bedeniň her ýerinde ýa-da belli bir ýerinde setir görnüşde hem bolup bilýär. Tagtabitler we olaryň çakmagy adama howply däl hem bolsa, olaryň çakmagy allergik reaksiýa sebäp bolup, lukmançylyk kömegini talap edip biler.

Öýüň tagtabitländigini nädip bilmeli?

Tagtabitleriň köpelendigini duýdurýan alamatlaryň ilkinjisi ýüzde, boýunda, ellerde we bedeniň beýleki ýerlerinde ýüze çykýan çakyndy yzlarydyr. Şeýle-de bolsa, käbir adamlarda çakyndy yzlarynyň ýüze çykmasy 14 güne çenli wagt alyp bilýär. Şonuň üçin, ýaşaýan ýeriňde tagtabitleriň bardygyny bilmegiň beýleki ýollaryny hem öwrenmek möhümdir:

↪ Tagtabitleriň taşlan gowlarynyň görünmegi;

↪ Ýorgan-düşekleriň we prostynlaryň gasynlaryndan we epinlerinden tagtabitleriň çykmagy;

↪ Ýorgan-düşekde we ýatylýan ýerdäki mebellerde olaryň galdyrýan pos reňkli gan yzlaryna meňzeş nejasatlary;

↪ Süýjümtik, çüýrük ys.

Tagtabit nädip meniň öýüme gelýär?

Tagtabitler ussat bukulyjylardyr. Olaryň ýasy, inçe bedenleri olara göze ilmeýän ýerlerde, hatda gan içmän hem, uzak wagtlap saklanmaga mümkinçilik berýär. Tagtabitler köplenç adamlar syýahat edende bir ýerden başga bir ýere geçýärler. Olar goş torbalarynyň, sumkalaryň, eplenen egin-eşikleriň, ýorgan-düşek daşlarynyň gasynlarynda we epinlerinde, mebellerde we gizlenip bilýän ähli zatlarynda bir ýerden başga ýere syýahat edýärler.

Tagtabitler esasan kimlere howp salýar?

Tagtabitli ýerlere barýan ähli adama tagtabit howp salýandyr. Şeýle-de bolsa, ýygy syýahat edýän adamda we ýaşaýan hem-de ýatýan ýerini başga adamlar bilen paýlaşýan adamda tagtabit çakma howpy we onuň tagtabiti ýaýratma ähtimallygy ýokary bolýar.

Tagtabite nähili çäre görmeli we nädip öňüni almaly?

Adatça tagtabitiň çakmagy adam üçin howply däldir we çakylan ýer bir hepdäniň içinde öňki halyna gelýändir. Onuň çakan ýerini gaşamakdan saklanmaly we gijemäni hem çişmäni azaltmak üçin arassa, öl esgi goýup bolar ýa-da antiseptik krem çalyp bolar. Eger gijeme örän güýçli bolsa, lukmanyň maslahaty bilen antigistamin serişdelerini kabul edip bolar.

Öýe düşen tagtabitiň özbaşdak soňuna çykmak kyndyr. Olardan dynmagyň iň netijeli ýoly ýörite şol işi edýän professionallaryň hyzmatyndan peýdalanmakdyr. Tagtabitiň düşen ýerlerini we zatlaryny arassalap, gyzgyn suw bilen ýuwmak hem-de mör-möjeklere garşy dermanlary sepmek hem peýda berip biler.

Öýe tagtabitleriň düşmeginiň öňüni almak üçin:

↪ Öýdäki zatlary arassa we tertipli saklamaly;

↪ Öýüň hemme ýerine wagtly-wagtynda pylesos aýlap durmaly;

↪ Diwarlaryň, mebelleriň, penjireleriň we gapylaryň ýaryklarynydyr deşiklerini ýapmaly;

↪ Öýe ilkinji gezek getirýän zatlaryňy (ulanylan kitaplar, täze we köne mebeller, ýorgan-düşekler) mazaly barlamaly;

↪ Başga ýere ýa-da syýahata gideniňde ýatjak ýeriň arassalygyny gözden geçirmeli, ýorgan-düşekleriň, prostynlaryň gasynlaryny barlamaly;

↪ Syýahatdan gelip, ähli egin-eşikleriniňi ýuwmaly we özüň bilen getiren zatlaryňy barlap çykmaly.