HALK LUKMANÇYLYGY WE BIZIŇ SAGLYGYMYZ

1 1 1 1 1

halk lukmancylygyHalk lukmançylygy

Halk lukmançylygynyň uzyn taryhy bar. Halk lukmançylygy – saglygy goramak, fiziki we akyl keselleriniň öňüni almak, anyklamak, gowulaşdyrmak ýa-da bejermek üçin ulanylýan dürli medeniýetleriň ýerli halkynyň teoriýalaryna, ynançlaryna we tejribelerine esaslanýan, düşündirip bolýan ýa-da bolmaýan bilimleriň, başarnyklaryň we tejribeleriň ýygyndysydyr.

Goşmaça lukmançylyk

"Goşmaça lukmançylyk" ýa-da "alternatiw lukmançylyk" adalgalary ýurduň halk ýa-da adaty lukmançylygynyň bir bölegi bolmadyk we esasy saglygy goraýyş ulgamyna doly girizilmedik saglygy goraýyş amallarynyň giň toplumyny öz içine alýar. Bu käbir ýurtlarda halk lukmançylygy bilen deňeçer ulanylýar.

Ösümlik lukmançylygy

Ösümlik lukmançylygyna düzüminde ösümlikleriň işjeň toparyny ýa-da ösümlik materiallaryny ýa-da ösümlik birleşmelerini saklaýan dermanlyk ösümlikler, ösümlik materiallary, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler we taýýar ösümlik önümleri degişlidir.

Halk lukmançylygy giňden ulanylýarmy?

Halk we goşmaça lukmançylyk (H&GL) asyrlar boýy hojalyklaryň we jemgyýetleriň möhüm saglygy goraýyş çeşmesi bolup gelýär. H&GL 170 ýurtda ulanylyp, akupunktura (iňňe bilen bejeriş) olaryň içinde iň giňden ýaýranydyr. Ösen ýurtlaryň ençemesi halk lukmançylygyny makullap we saglygy goraýyş ulgamlaryna ornaşdyryp başladylar.

Halk lukmançylygy howpsuzmy?

Lukmançylygyň ilkinji ýörelgesi zyýan bermezlikdir. Islendik lukmançylyk bejergisinde we prosedurasynda howpsuzlyk hemişe esasy ýörelge bolup durýar.

Adaty lukmançylyk ulgamlarynda akupunktura we gomeopatiýa ýaly ösümlik bejergileri we şypalary giňden ulanylýar. Olaryň köpüsi taýýar görnüşde elýeterli we ulanmasy aňsat. Çünki, olaryň aglabasy tebigy hem-de farmasewtiki serişdelerden has ygtybarly we ýaramly hasaplanýar. Emma, giň ýaýran ynanjyň tersine, halk lukmançylygynyň önümleri hemişe howpsuz däldir we saglyga ýaramaz täsir edip biler, esasanam, beýleki dermanlar bilen bilelikde ulanylanda ýa-da aşa köp dozalarda kabul edilende.

Ulanyjylara halk lukmançylyk terapiýalarynyň hakyky peýdalary, düzümi we abandyryp biljek howplary barada has gowy maglumat berilmelidir we ygtybarly, aýdyň maglumatlar aňsat elýeterli edilmelidir. Bejergiler nädogry ulanylanda, syrkawlarda allergiýa ýa-da derman gatyşygy, pestisidler, agyr metallar we beýleki maddalar bilen zäherlenme ýüze çykyp bilýär. Şeýle-de, terapiýa tejribesiz, hünär derejesi pes lukmanlar tarapyndan ýerine ýetirilende şikes döretme töwekgeçiligine salýar.

Islendik H&GL önümi ýa-da terapiýasy berk protokola eýermelidir we hil, netijelilik we pasiýent howpsuzlygy üçin barlaglardan we kliniki synaglardan geçirilmelidir.

Adaty saglyk idegini H&GL bilen utgaşdyryp bolarmy?

Halk lukmançylygynyň önümleri we amallary saglygy goramak, saglyk meselesini howpsuz we netijeli bejermek üçin häzirkizaman lukmançylygy bilen utgaşdyrylyp bilner. Ýöne, bu goşmaça saglyk ideginiň ýerini tutmaly ýa-da ony yza çekdirmeli däldir.

Çynlakaý we agyr keselliler (meselem, agressiw rak keselliler ýa-da ýokary temperaturaly kiçi çagalar) lukmana ýüz tutmalydyrlar we elýeterli bolan adaty lukmançylygyň ähli netijeli usullaryny ulanmalydyrlar.

H&GL önümleri we amallary häzirkizaman farmasewtik serişdeleri bilen deň derejede gözegçilikden geçirilýärmi?

Halk lukmançylygynyň bütin dünýäde giňden ulanylýandygyny göz öňünde tutup, olaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmek möhüm we ileri tutulýan ugurdyr. BSGG agzalygyndaky döwletleri adaty farmasewtik we H&GL önümleri üçin umumy farmasewtik seresaplylyk ulgamyny (käbir ýurtlarda eýýäm bar) döretmäge çagyrýar.

Umuman, H&GL önümleri we amallary farmasewtik serişdeler bilen birmeňzeş gözegçilikde (düzgünleşdirme, howpsuzlyk we hil gözegçiligi) saklanmaly. 124 sany BSGG-a agza döwletler ösümlik lukmançylygy barada kanunlary ýa-da düzgünleri kabul etdiler.

BSGG agzalygyndaky döwletlere bu tagallalarda goldaw bermek üçin ösümlik lukmançylygynyň hili, howpsuzlygy we netijeliligi barada birnäçe gollanmalary çap etdi:

BSGG-nyň ösümlik lukmançylygynyň hiline gözegçilik etmek üçin ösümlik maddalaryny saýlamak boýunça gollanma.

Ösümlik çig mallarynyň hiline gözegçilik etmegiň usullary.

BSGG-nyň zäherleýjileri we galyndylary nazara alyp, ösümlik lukmançylygynyň hiline baha bermek üçin görkezmeleri.

BSGG-nyň ösümlik lukmançylygy üçin zerur önümçilik amallary barada gollanmasy.

BSGG-nyň dermanlyk ösümlikleri üçin oba-hojalygynyň öňdebaryjy tejribeleri we ösümlik ýygnamak barada gollanmasy.

Çeşme