POLIOMIÝELITE GARŞY GÜZAPLY GÖREŞ
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde 1988-nji ýylda poliomiýeliti doly ýok etmegiň ugruna çykdy. Şondan bäri birnäçe gezek keseliň ýok edilmegine örän golaý gelindi – meselem, 2021-nji ýylda diňe 5 sany poliomiýelit hadysasy hasaba alyndy we olar hem diňe Owganystanda we Päkistanda ýüze çykypdy. Emma, ondan bäri hadysalar ýene artyp, olaryň sany geçen ýyl 99-a ýetdi.
Poliomiýelit keseli esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara güýçli ýokuşyp, birnäçe sagadyň içinde bejerip bolmajak derejede ysmazlyga eltýär. Dünýäde diňe iki ýurtda, Owganystanda we Päkistanda, poliomiýelitiň ýaýramasy hiç haçan togtamady.
Keseliň ýok edilmeginde esasy päsgelçilikler:
↪ Işiň pes derejede alnyp barylmagy – waksinasiýa kampaniýalarynyň ýerlikli taýýarlanylmazlygy, waksina edilenleriň sanynyň nädogry hasabat berilmegi hem-de waksinasiýa gözegçiliginde jogapkärçiliksizlik dowam edýär.
↪ Işgärleriň kemçiligi – käte ýerli hökümetler sowatsyz, kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da işe ukypsyz adamlary waksina işgärleri edip goýýarlar. Bu bolsa waksinanyň saklanylyşynda, berlişinde we hasaba alnyşynda ýalňyşlyklara sebäp bolýar.
↪ Damjaly waksinalaryň howplary – täsirliligi güýçli hem bolsa, damja görnüşli waksinalar örän seýrek ýagdaýlarda düzüminde saklaýan janly wirus sebäpli keseliň ýaýramagyna getirip bilýärler. Munuň mälimdigine garamazdan, sanjym görnüşli waksinalaryň üpjünçiligi, bahasy we logistiki meseleleri olaryň ähli ýere ýetirilmegine päsgelçilik döredýär.
↪ Şertleriň we düşünjeleriň pesligi – Owganystanda we Päkistanda çet obalara ýa-da göçme-gonma ilata waksina ýetirmek kyn düşse, käbir maşgalalar däp-dessurlar ýa-da dini ynançlar sebäpli waksinadan ýüz dönderýärler.
↪ Waksina işgärleriniň howpsuzlygy – Owganystanda we Päkistanda waksinalaryň günbataryň ýörite gurnan hilesidigi baradaky garaýyşlar polio waksinasyny paýlaýan ýüzlerçe işgäriň öldürilmegine sebäp boldy.
Poliomiýelit wirusy adama köplenç wirus düşen suwdan geçýär. Suw arassaçylygy pes ýurtlarda çagalara köplenç hapa suwlardan wirus ýokuşýar. BSGG-nyň aýtmagyna görä, ýekeje keselli çaganyň galmagy hem ähli ýerdäki çagalara howp salyp bilýär. Wirusy doly ýok etmegi diňe çagalaryň 95%-den köpüsine waksina bermek arkaly gazanyp bolar.
1988-nji ýyldan bäri, waksinalar 20 milliona golaý adamy ysmaz keseline uçramakdan halas etdi. Eger şu ýyl Owganystanda 11 million çaga we Päkistanda 45 million çaga waksina berip bolsa, 2029-njy ýyla çenli poliomiýeliti doly ýok edip boljakdygyny BSGG-nyň hünärmenleri belleýärler.
- 94 gezek okalan