TÜRKMENISTANDA DERMAN ÜPJÜNÇILIGI HEMMELERI KANAGATLANDYRÝARMY?
Adamyň saglygyny saklamak üçin binýatly, döwrebap saglygy goraýyş ulgamynyň gerek bolşy ýaly, ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjünçilik hem hökmanydyr.
Ýaňy ýakynda "Türkmenistan" gazeti TSGwe DSM-niň Baş dermanhanalar birleşiginiň ilaty zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek üçin uly göwrümli çäreleri geçirýändigini habar berdi. Habara görä, häzirki wagtda näsaglara ýeňillikli göýberilýän derman serişdeleriniň umumy sanawy 134 görnüşe ýetirlipdir. Derman serişdelerini 50% ýeňillikli alýan meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary bolan raýatlar, şeýle hem dermanlary 50% we 100% ýeňillikli alýan näsaglaryň aýratyn topary üçin dermanlaryň sanawy 454 görnüşe çenli köpeldilipdir. Bu serişdeler gerdejik, ergin, melhem görnüşlerinde bolup, agyrysyzlandyryjy, şeýle hem ýürek-damar, bölüp çykaryş, iýmit siňdiriş we beýleki ulgamlaryň kesellerini bejermek üçin niýetlenen dermanlardyr.
Göräýmäge, halkyň derman bilen üpjünçiligi doly kanagatlandyrylmaly. Hususy dermanhanalara ýüzlenme ep-esli azalmaly, meýletin ätiýaçlandyrma şertnamasyny baglanyşyp, dermanlara, sagaldyş çärelerine bolan talabyny kanagatlandyrjaklar bolsa köpelmeli. Ýöne hökümet edaralarynyň il bähbitli aladalary, hemişekisi ýaly, aşaky ýolbaşçylyk ediji edaralar tarapyndan "puç edilýär".
Derman üpjünçiligi bilen bagly aşaky säwlikler aradan aýrylsa, belki-de, döwletiň ep-esli pul goýumyny talap edýän bu aladalary ýerine düşerdi:
↪ Dermanlaryň sanawyna girýän derman serişdeleriň hili, düzümi, ulanylýan topary döwrebap bejeriş talaplaryna laýyk gelýän bolsa näsag üçin peýdaly bolardy (meselem, antibiotikler, gipotenziw serişdeler we baş).
↪ Derman ýollanmamasy boýunça ýazylan dermana derek onuň pes hilli, ýerini tutýan arzan görnüşi berilýär. Bu hereket dermanhanalaryň ýeňillikli berilýän, gowy hilli dermanlary doly bahadan satyp, olaryň ýerini pes hilli dermanlar bilen çalyşýandygyny alamatlandyrýar.
↪ Derman serişdeleriň toparlary paýlananda degişli lukmançylyk ugry göz öňüne tutulyp berilse serişdeleriň özwagtynda, peýdaly harç edilmegini üpjün edip bilerdi. Meselem, onkologiýa ugrunda ulanylýan tamoksifeniň kardiologiýa bölümine berilmegi ýa-da bromkriptiniň maşgala bölümine berilmegi we ş.m.
Derman serişdeleriň hiliniň pesligi, talabalaýyk göýberilmezligi olaryň wagtynda sarp edilmegine bökdençlik döredýär. Ulanyş möhleti tamamlanyp barýarka olary "ulanyşdan aýyrmak" bölümiň baş şepagat uýasynyň, lukmanlarynyň hem uly aladasyna öwrülýär, işini köpeldýär. Hassahanalarda bejergi alýan näsaglaryň umumy bejergisine ulanyş möhleti gutarýan dermanlary hem goşulyp ýazylmagy we olar üçin hem näsagyň hassahanadan çykanda tölemegi (olaryň köpüsiniň lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy hem ýok) adaty ýagdaý bolup durýar.
Farmasiýa ulgamynda belli bolmadyk kompaniýalaryň pes hilli, ulanyşdan galyp barýan dermanlarynyň berilmegi, ýeňillikli alynýan dermanlary ýazdyrmagyň wagty we "lukman otaglaryň arsynda ylgamagy" talap edýändigi, hassahana merkezleriň bejergide ol dermanlary ulanmazlygy, sanawdaky dermanlara hem lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy syýasatyna bolan talaby hem juda peseldýär.
Dogry, sanawdaky dermanlar pes girdeýjili maşgalalar, dowamly keselli gartaşan adamlar üçin umytly bejergi resursy bolup hyzmat edip biler. Ýöne, öz saglygyna üns berýän, derman serişdelerden habarly we hili hemme zatdan ýokary goýýan raýat üçin bu dermanlar toplumy kanagatlanmada, peýdada bermeýär. Edil şonuň ýaly-da, häzirki saglyk ätiýaçlandyrma syýasaty hem oňa saglygy goramak meselelerinde doly derejede kömek berip bilmeýär.
Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.
- 77 gezek okalan