PEÝDALY ENDIKLERI OTURTMAKDA KYNÇYLYK ÇEKÝÄRMIŇ? MUNY 3 ÄDIMDE DÜZET

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

peydaly endiklerDurmuşyňa bir täze we ýaramly endik goşasyň gelýär. Aýdaly, maşk etmek. Her gün irden maşk etmäge başlaýarsyň we muny iki hepdeläp yzyny üzmän dowam edýärsiň. Emma bir gün, bir sebäp bilen, irdenki maşkyňy edip bilmeýärsiň. Şoldur-şoldur, bu endik durmuşyňdan sessiz gaýyp bolýar. Sende hem şeýle ýagdaý bolup gören bolsa, onda ýeke dälsiň. Bu seniň ýalta ýa-da ukypsyzdygyň hem alamaty däl. Eger sen bir endigi oturtmakda kynçylyk çekýän bolsaň, onda alymlaryň aýtmagyna görä, onuň esasy talaplarynyň birini doly berjaý edýän dälsiň.

Endik edinmek 3 zady talap edýär, diňe höwesi däl

Köp adam bir endigi durmuşyňa ornaşdyrmak üçin diňe oňa bolan höwes ýeterlikdir öýdýär. Emma welin, Stanford uniwersitetiniň "Behavior Design" laboratoriýasynyň düýbüni tutujy alym we "Tiny Habits" kitabynyň awtory BJ Fogg endikleriň kök urmasy üçin 3 zadyň möhümdigini belleýär:

Başarnyk – başaryp biljek zadyňy saýlamak;

Ýatladyjy – ony yzygiderli etmegi saňa ýatladýan bir zat;

Baýrak – endigi her gezek edeniňden soň berekellaňy ýetirmek.

Žurnalist Mika Ellison öz başyndan geçirenini şeýleräk suratlandyrýar: "Gatnap işlenilýän işde işleýärkäm, her gün öýlän işden gelip ýoga ederdim. Emma, ol işden çykyp, öýden işläp başlanymda ýoga etmämi nädip taşlanymy bilmän galdym. Hernäçe ýene ýoga etmäge başlamak islesem-de, her gün bir bahana tapyp, edip bilmeýärdim". Mikanyň endigine üns bersek, onuň ýatladyjysy (işden öýe gelmek) ýiten badyna, onuň endigi hem kiparlapdyr. 

Indi, bu 3 faktory has giňişleýin seljereliň.

1. Kiçiden başla, şonda ony başarmak has aňsatlaşar

Endik näçe kiçi bolsa, ony saklamak hem şonça ýeňil bolýar – ýeňil endikler bolsa şowsuz günlerde hem aman galýarlar. Meselem, 30 minut maşk edip başlamagyň deregine, ýekeje maşk etmegi maksat edin. Aýda bir kitap gutarmagyň deregine, her gün ýekeje sahypa okamagy maksat edin. Ähli dişleriňi bir gezekde floslamagyň deregine, her gezekde ýekeje dişiňi flosa. Isleseň bularyň sanyny hemişe artdyryp bilersiň, emma onuň iň az mukdary hatda iň başagaý günleriňde hem başardar we ömürlik endik bolup galyp biler.

2. Täze endigiňi eýýäm gündelik edýän başga bir endigiňe çat (ýatladyjy)

Endigiňi gündelik gaýtalamak üçin diňe ýadyňa daýanma. Ony başga bir şowly endigiň bilen baglanyşdyr. Şonda öňki endigiň awtomatik ýagdaýda täze endigiňi etmäge ýatlama bolup hyzmat eder we hiç haçan diňe höwese ýa ylhama bil baglamaly bolmarsyň. Meselem: Dişimi ýuwamsoň, bir sany maşk ederin; Kofemi guýunamsoň, maňa gymmatly bir adama sms ugradaryn; Düşege geçemsoň, bir sahypa kitap okaryn.

3. Dessine özüňi sylagla (bu endigi has-da berkidýär)

Bu ädimi köp adam unudýar. Emma, megerem bu endigi oturtmagyň iň möhüm ýeri bolsa gerek. Kiçi hem bolsa, täze endigiňi ýerine ýetireniňden soňra özüňe berekella ber. Gowy duýgular bilen soňlanýan endikler gowy kök urýan endiklerdir. Utuşlaryňy bellemek özüňe mährem çemeleşmegi hem öwredýär. Bellemegiň ençeme ýoly we usuly bar, olardan özüňe iň laýygyny saýlap bilersiň. Meselem, ýylgyrmak, el çarpmak, "sen başardyň, berekella!" diýmek, halaýan aýdymyňa hiňlenmek hem ýönekeý emma keýpiňi göteriji baýraklardyr.

Fogguň Mika berýän maslahaty:

↪ Endigi mazaly kiçelt. Ol näçe kiçi bolsa ony etmek hem şonça aňsatlaşýar. Tutuş bir sessiýa ýoga däl-de, diňe bir poza etmäge çalyş.

↪ Endigiňi etmegi ýatladar ýaly ony eýýäm gündelik ýerine ýetirýän başga bir endigiňe çat. Öň ýogany işden öýe gelmek bilen baglanyşdyrýan bolsaň, indi her gün gaýtalap edýän başga bir zadyň bilen baglanyşdyrmany öwren. Meselem, her gün kofe taýýarlaýarsyň. Kofeniň taýýar bolmagyna garaşyp durkaň bir pozany ýerine ýetir.

↪ Täze endigiňi edeniňden soňra, kiçijek şekilde hem bolsa, ýeňişiňi gowy duýgular bilen bellemegiň ýoluny tap. Meselem, oturyp ýyly we ýakymly kofeňi içmegiň seniň baýragyň bolup biler.

Höwes hakykatdan hem ynsany uly menzillere ýetirip bilýän güýçli duýgudyr. Emma, gündelik endiklere gezek gelende diňe höwes ýeterlik bolmaýar. Çünki hiç bir adamda her gün şol bir zady etmäge ýeterlik höwes döräp bilmeýär. Bozulan uky, keselçilik, iş we durmuş aladalary ýaly ýagdaýlar adamda höwesiň gündelik üýtgäp durmagyna getirýär. Haçanda endik kiçi we aňsat bolanda, bir ýatladyjy bilen baglanyşdyrylanda we soňundan gowy duýgular oýaranda, ol höwesiň ýok günlerinde hem aňsat berjaý edilýär. 

Çeşme