GÜLÜŇ, JANYŇYZ SAG BOLSUN!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

Siz özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyzmy? Onda, ýylgyryň! Siziň şol bada şähdiňiz açylar. Gülmäge çekinmäň. Gülki siziň durmuşyňyzy we saglygyňyzy gowy tarapa özgerder.

Şadyýan we mährem gülki keýpiňi göterýär. Gülmegi halaýan adamlar seýrek syrkawlaýarlar, olar gaharlanmaýarlar we ruhuçökgünligiň nämedigini bilmeýärler.

Gülki rahatlandyrýar

Adam gülende,  bagt gormonlary diýlip atlandyrylýan endorfinler işjeňleşýär. Olar gaharjaňlykdan we tukatlykdan saplanmaga kömek edýärler. Golaý wagtda bir zada heziller edinip güleniňiz ýadyňyza düşende hem, siziň keýpiňiz göterilýär. Britan psihologlarynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri gülküňç kino tomaşa eden adamlaryň gaharjaňlygynyň birnäçe esse peselýändigini görkezdi. Adamlar tiz wagtdan ýene-de güljekdikleri barada pikir edenlerinde, olaryň keýpi göterilýärdi. Komediýa tomaşa etmäge 1-2 gün galanda, olar has seýrek gaharlanýardylar.

Gülki derä oňaýly täsir edýär

Siz köp gülýän bolsaňyz, onda derini gowulandyrmaga niýetlenen gymmat bahaly bejeriş-kosmetiki emleri unudyp bilersiňiz. Gülki ýüzüň myşsalaryny çeýeleşdirýär we gan aýlanyşy gowulaşdyrýp, ýaňaklaryňyzy biraz gyzardýar.

Gülki adamlaryň özara mähirli gatnaşyklaryny berkidýär

Bile gülmegiň adamlaryň arasynda gowy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda  ähmiýeti uludyr. Bir-biriňize düşünip,şol bir zada gülüşmek gatnaşyklaryň has içgin bolmagyna itergi berýär. Oýun etmäge, degişmäge çekinmäň. Gülki adamlaryň size bolan ynamyny artdyrýar.

Gülki immuniteti ýokarlandyrýar

Gülki ýokançlyklara garşy göreşmäge ýardam berýär. Adam 1 minutyň dowamynda hezil edinip ýürekden gülse, bedenden dem alyş ýollaryna köp sanly antitela (goraýjy) öýjükleri düşýär. Olar öz gezeginde bedeni bakteriýalardan we wiruslardan goraýarlar. Gülki dürli kesellere, şol sanda rak keseline garşy göreşýän leýkositleriň bölünip çykmagyna hem itergi berýär.

Gülki ýüregi sagdyn edýär

Adam gülende gan damarlar giňeýär we gan aýlanyş has gowulaşýar. 10 minut gülmek gan basyşy peseldýär, holesterin ýasmajyklarynyň döremek töwekgelligini peseldýär. Gülki hatda ýurek tutgaýlaryny başyndan geçirenlere-de kömek edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, keýpiň gowy bolmagy tutgaýlaryň gaýtalanmazlygyna ýardam berýär.

Gülki agyryny aýyrýar

Adam gülende bagt gormonlary endorfinler bölünip çykýar. Olar biziň bedenimiz üçin tebigy agyrysyzlandyryjy serişdedir. Şeýle hem, siz güleniňizde ýarawsyzlygy we agyryny biraz unudýarsyňyz. Lukmanlar sähdäçyk,  şadýan adamlaryň tukat adamlardan tiz gutulýandyklaryny birwagt bellediler.

Gülki öýkeniň sagdyn bolmagyna kömek edýär

Gülki demgysmadan we bronhitden ejir çekýän adamlar üçin iň oňat maşkdyr. Adam gülende öýken işjeňleşýär we gana barýan kislorodyň mukdary artýar. Bu bolsa gakylygyň gopmagyny ýeňilleşdirýär. Lukmanlaryň käbiri gülkini  döş kapasasynyň  gakylygy aýyrýan  fiziobejergi emine deňeýärler. Ýöne gülki dem alyş ýollaryna fizioemlerinden hem oňat täsir edýär.

Gülki stress ýagdaýlaryny  ýeňilleşdirýär

Britan alymlary gülkiniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrendiler. Meýletinleriň iki topary döredildi. Toparlaryň birine bir sagadyň dowamynda ýumor konsertleri görkezildi, beýleki topara bolsa ümsüm oturmak hödürlenildi. Şondan soň bu toparlar gan tabşyrdylar. Ilkinji topardaky adamlaryň ganynda kortizol, dopamin we adrenalin ýaly "stress" gormonlarynyň beýleki topardakylaryňky bilen deňeşdirilende has pesdi. Biz gülenimizde bedeniň ähli bölümlerine fiziki  agram düşýär. Gülmegi bes edenimizde bolsa, bedenimiz rahatlanýar we köşeşýär. Diýmek, gülki bize fiziki we emosional dartgynlygy ýeňmäge kömek edýär. Alymlar hakyky gülkiniň 1 minudynyň 45 minudyň dowamynda geçirilýän rahatlandyryjy maşklaryň täsirine deňdigini belleýärler.

Gülki durkuňy saklamaga kömek edýär

Hakykatdan-da, gülki aerobika maşklarynyň bir görnüşidir. Siz güleniňizde kisloroddan has köp dem alýarsyňyz. Bu bolsa ýüregiň işine we gan aýlanyşa  ýardam edýär. Gülki bedeniň içki agzalaryny  "owkalaýan" aerobika maşky hasaplanylýar. Gülki garyn, arka, aýak myşsalarynyň berk bolmagyna oňaýly täsir edýär. Bir minut dowam edýän gülki kürek trenažýorynda 10 minut we welotrenažýorda 15 minut maşk eden bilen deňdir. Siz çynyňyz bilen bir sagadyň dowamynda güleniňizde 500 kaloriýa sarp edýärsiňiz. Bu bir sagat ylgamak bilen deňdir.

Şähdäçyk adam bagtly bolup bilermi? Bu barada psihologlaryň maslahatyny diňläliň.

Ekstrawert boluň

Alymlar adamlaryň 50%-ini   genetiki taýdan bagtly bolmaga ukyply hasaplaýarlar. Gürrüňçil, özüňize ynamly boluň, başdan geçirmelerden gorkmaň. Nämeden başlamaly? Aýdalyň, köne dostlaryňyz bilen deňize gezelenje gidiň. Şatlanyň, degşiň, duýgularyňyzy gizlemäň.

Köpräk gepläň

Barlaglar ýüregindäkini açyk aýdýan adamlaryň ýuwaş, köp gürlemeýän adamlardan has bagtly bolýandygyny görkezdi. Beýle diýildigi agzyňyza gelenini aýdyp durmaly diýildigi däldir. Ýöne öz pikiriňizi aýtmagy, onuň dogrulygyny subut etmegi öwreniň. Şeýle etseňiz, siz özüňizi has bagtly duýarsyňyz.

Dostlaryňyz bilen gatnaşyň

Dostluk-bagtyň hakyky çeşmesidir. Siziň ynamdar dostlaryňyz bar bolsa, siz özüňizi ýalňyz duýmaýarsyňyz. Psihologlaryň aýtmagyna görä, aýalyň bagtly bolmagy üçin, oňa beýleki aýallar bilen mähirli gatnaşyklar gerek. Aýallaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar has täsirli bolýar.

Hiç zada garaşmaň

Bagta garaşmak- bagtly bolmak üçin iň uly böwetdir. Men horlansam, täze jaýa göçsem, başga işe geçsem, arzuw edýän erkek adamyma duşsam... Özüňizde bar zada üns berip, hut şu wagt bagtly boluň. "Haçan-da..", "ýene-de" diýen sözler size bagtly bolmaga päsgel berýär.

Gülkä çynlakaý çemeleşiň

Günde gülmegi özüňize maksat ediniň. Gülkini günde içmeli witamin hasaplaň. Siziň gülkä wagtyňyz ýokmy? Onda biz size şeýle maslahatlary berip bileris: