JAÝYŇYZ NÄMEDEN GURLAN?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (15 Ses)

Işden ýa-da uzak ýoldan öýe gaýdyp gelmek aýratyn uly şatlyk getirýär. Biziň her birimiz üçin öýmüzden rahat ýer ýok. Arkaýynlaşyp dynç almagyň aýratyn lezzeti bolýar... Emma käte öz rahat "höwürtgämize" gelen badymyza kellagyry, asgyrma, üsgülewük, ysgynsyzlyk ýaly ýakymsyz alamatlar ýüze çykýar. Adam özüni oňaýsyz duýup başlaýar. Bu ýagdaýlaryň jaý salnanda we bezeg işleri geçirilende ulanylan gurluşyk we bezeg serişdeleri sebäpli döreýän bolmagy hem mümkindir.

Ýaşaýyş jaý gurmak ýa-da abatlaýyş işlerini geçirmek niýetiňiz bar bolsa, ulanjak gurluşyk serişdeleriňiziň diňe berkligine we gelşikliligine üns bermän, eýsem olaryň saglyk üçin howpsuzlygyny hem göz öňünde tutmagy unutmaň. Maşgala agzalaryňyzyň saglyk ýagdaýy bu mesele bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Zäherli maddalary bölüp çykarýan, arzan nyrhlardan satylýan gurluşyk we abatlaýyş serişdeleri sebäpsiz ýüze çykan demgysmanyň, allergiýa täsirliliginiň, dowamly keselleriň beterleşmeginiň sebäbi bolup biler.

NÄME SAÝLAMALY?

Ekologik taýdan arassa we saglyk üçin howpsuz gurluşyk serişdelerinden jaý gurmak arzan düşmeýär. Şeýle bolsa-da, saglygymyzyň ähli zatdan gymmatdygy hem ählimize aýan hakykatdyr.

Zyýanly we ekologik taýdan arassa bolmadyk serişdelere penoplast, linoleum, reňkler, laklar degişli. Gyzgyna garşy ulanylýan, poliuritanyň esasynda ýasalan plitkalar, winil oboýlary hem saglyk üçin zyýanlydyr. Kagyz, tekstil (mata), ösümliklerden ýasalan oboýlar ekologik taýdan arassa we saglyk üçin howpsuz hasaplanylýar.

Ekologik taýdan arassa we howpsuz serişdelere agaç, tebigy ýelimler, daş, kauçuk, dykylyk gabyk (probka), keçe, pagta, saman, hakyky deri, bambuk ýalylar degişlidir. Bu serişdeler jaýyň kadaly çyglylygyny, temperaturasyny saklaýarlar.

Ekologik taýdan arassa hasaplanylýan beton, daş ýaly gurluşyk serişdeleriňem saglyk üçin howply bolmagy mümkindir. Olaryň ýokary radiasiýaly ýerden alnan bolmagy ähtimal. Şol sebäpli hem ekologik taýdan arassa we howpsuz gurluşyk serişdelerini satyn alanyňyzda, olaryň radioaktiw görkezijisi bilen gyzyklanyp görüň.

Şertli ekologik arassa serişdelerine plitka, penobeton bloklar, üçek çerepisasy, kerpiç ýaly önümler degişlidir. Kerpiç hiç bir himiki madda garylmazdan, arassa palçykdan taýýarlanylýar. Ekologik taýdan arassa we howpsuz hasaplanylýan daşdan köp gatly beýik jaý gurmak örän çylşyrymly we oňaýsyz bolýar. Şeýle ýagdaýlarda kerpiç ulanmak örän ýerliklidir. Olardan galdyrylan diwarlar berk bolýar we uzak wagt hyzmat edýär.

Gurluşyk harytlarynyň satylýan dükanyna baranyňyzda, satyn aljak serişdäňiziň sanitar-gigiýenik sertifikatynyň görkezilmegini satyjydan haýyş ediň. Bu resminama harydyň ýörite barlaglardan geçendigine we adam saglygy üçin howpsuzdygyna güwä geçýär.

Ýiti ýakymsyz ysly serişdeleri satyn almakdan saklanyň.

Abadan we howpsuz öý gurmak üçin birnäçe maslahatlar

► Zyýanly maddaly, arzan gurluşyk harytlaryny satyn almakdan ýüz öwüriň. Şeýle serişdeleriň düzüminde gurşun, formaldegid, asbest, uglerodyň oksidi ýaly himiki maddalar saklanylýar. Olardan uzak wagt dem alnanda, zyýanly maddalar bedende ýygnanýar we adam saglygyna şikes ýetirýär.

► Jaýyň üstüni we poly örtmek üçin agaç pürslerini ulanmak maslahat berilýär. Agaç gymmat düşýän bolsa, onda fanera ulanyp bolar. Agaç süýümli plitalar we fibrolit bilen poly ýa-da potology örtmek örän zyýanly. Olaryň düzüminde zäherleýji ýelim saklanýar. Pola ýazylýan laminat we linoleum hem zyýanly maddalary bölüp çykarýar. Şol sebäpli hem olary diňe hajathanada, suwa düşülýän otagda, daşky jaýda pol üçin ulanmak bolar. Jaý gurluşygynda giňden ulanylýan laminatda formaldegid 0,01mg/m3-dan, fenol bolsa 0,03mg/m3-dan köp bolmaly däldir.

► Poluň üstüne winil ýazmakdan gaça duruň. Onuň düzümindäki poliwinilhlorid haly örtügi ýaly tozan ýygnaýar. Netijede, allergiýany, dem alyş ýollarynyň kesellerini, demgysmany döredýän tozan sakyrtgalarynyň we heňiň emele gelmegi üçin şert döreýändir. Winil we haly örtüklerine derek agaç, probka, marmoleum, bambuk, plitka ýaly howpsuz serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.

► Ýiti ysly reňkleriň düzüminde uçýan zäherli maddalaryň köp mukdary bolýar. Reňklerdäki gurşun hem adam saglygy üçin howplydyr.

► Düzümi formaldegid saklaýan ýelimleri we gara ýaglary (smola) ulanmakdan saklanyň.

► Jaýyň binasy, diwarlary, üçegi üçin galyň, tebigy, gigroskopik we howa geçirýän suwag, penopolisterolyň deregine bolsa ownuk çagyl ulanmak maslahat berilýär. Bu serişdeler çyglylyk derejesine gözegçilik etmäge, öýüň içinde heňiň, zyýanly radon gazynyň ýygnanmazlygyna ýardam berýär.

► Ýatylýan otaglary we myhman otaglaryny garažlaryň üstünden gurmaň. Benziniň zäherli buglary ýokary galyp, jaýlara ornaşyp biler.

► Peçleriň, garažlaryň golaýynda bogujy gazyň derejesini ölçeýän abzallary goýuň.

► Gurluşyk harytlary satylýan bazarlarda tebigy we ekologik taýdan arassa önümleriň deregine, Size ýasama haryt hödürlemekleri mümkin. Harydyň ýiti ysy hem şübhe döredip biler.

► Sagdyn we howpsuz ýaşaýyş üçin niýetlenen jaýyň gurluşygyny diňe ýörite bilimli, tejribeli, ussat hünärmenlere ynanyň.

Biziň her birimiz öz ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi gowulandyrmaga, olary has oňaýly etmäge ukyplydyrys. Geçirilen gözegçilikler, adamyň öz umumy wagtynyň 75%-ni jaýda, esasan hem iş otagynda geçirýändigini mälim etdi. Bu bolsa, jaýlarymyzyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa we howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyny talap edýändir.