SAGLYGYŇYZA PEÝDALY SÖZLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (47 Ses)

Jemgyýetimizde seýrek eşidilýän "sag boluň", "minnetdar", "baş üstüne" ýaly umumy minnetdarlygy bildirip we ony dogry we medeniýetli kabul edip bilmezlik ýagdaýynyň giňden ýaýranlygy meni gaty gynandyrýar. Bu ýagdaý diňe medeniýetliligiň pese düşmeginiň gorkezijisi bolman, biziň jemgyýetimiziň minnetdarlyk bildirmek ukybyny ýýtirip barýandygyny we saglyk ýagdaýymyzyň pese düşýändigini hem aňladýar. Mümkin köpümiz: "Wah, meniň saglygym bilen başga adama minnetdarlyk bildirmegiň arasynda nähili arabaglanşyk bolup bilerkä? Dogry, düýn delilnama almak üçin uzyn gün nobata durmaly boldum. Adamlaryň nobatda biri-biri bilen gödek gepleşendikleri mende ýaramaz duýgy galdyrdy. Şu gün awtobusda bir ýaşuly adama ýer berenimde, ol minnetdarlyk bildirme aňyrda dursun, hat-da meniň ýüzüme hem seretmedi. Ýöne meniň saglygyma bu ýagdaýlaryň nähili dahyly barka?"...

Psihologlar öz geçiren barlaglaryna esaslanyp, başga bir adama minnetdarlyk bildirmek, sag bol diýmek, minnetdarlygyny bildirýän adamyň saglygyny gowulandyryp bilýär diýip belleýärler. Minnetdarlyk sözleri seniň adamkärçilik häsiýetiňi özgerdýär we mertebäňi beýgeldýär. Minnetdarlyk bildirip bilýan adamlar ýaşyna, jynsyna we maşgala ýagdaýyna garamazdan özlerini gowy duýýarlar. Umuman aýdylanda, durmuşyň hili bilen minnetdarlyk bidirip bilmek häsiýeti biri-birine bagly bolup durýandyr. Barlaglar minnetdarlyk bildirmegiň, ony bildirýäne we ony kabul edýäne deň derejede ýakymly we sagaldyjy, nerw ulgamy tijendiriji täsir edýändigini görkezýärler.

Haýsydyr bir adam başga adama kömek berende we taňryýalkasyny eşidende, kömek beren adamda, diňe bir şol adama gaýtagan kömek bermek, ýagdaýyna düşünmek islegi döremän, onuň özüni gurşap alýan beýleki adamlara hem kömek bermek islegi döreýär. Başgaça aýtsak minnetdarlyk bildirmek, kömek edijilik täsirliligi ýokarlandyrýar. Minnetdarlyk bildirmek we ony medeniýetli kabul etmek häsiýetiniň ösmegi we ýaýbaňlaşmagy, wagtyň geçmegi bilen jemgyýetde adatylyga öwrülip, hoşniýetliligiň ýaýramagyna ýardam berip biler.

Eýsem, adamlaryň özlerini şeýle alyp barmaklarynyň esasynda nämeler ýatyrka? Hemmämiz durmuşda iki zada mätäç – biz ozümizi gujur-gaýratly ýnsan hökümünde duýasymyz gelýär we biz başga adamlar bilen aragatnaşykda bolup, olara gerek bolmagymyzy isleýäris. Her bir adama minnetdarlyk bildirlende, bu edilen hereket şu iki sany esasy mätäçligi kanagatlandyrýar. Komek berýän adam gerek ýagdaýda kömek edip bilijilik ukybynyň bardygyny subut edip, özüne bolan ynamyny we jemgyýetdäki sosial gymmatlylygyny ýokarlandyrýar.

Hut şu sebäpden, saňa kömek berseler hökman minnetdarlygyňy bildir! Gadyrly, ýakymly sözler saňa kömek edýan adamyň pozitiw duýgularyny artdyryp, onuň diňe size kömek bermek bilen çäklenmän, başga adamlara hem uly höwes bilen kömek etjegi ikiüçsyzdyr. Minnetdarlyk sözleriniň güýçli, jadylaýjy täsirliligi bolup, olaryň siziň maşgalaňyzyň we dost-ýarlaryňyzyň aragatnaşyklaryna, saglygyna güýçli sagaldyjy täsir edip biljekdigini ýadyňyzda saklaň. Sizi, bu sözleriň jadylaýjy hasiýetlniň güýjüni iş ýüzunde görmäge çagyrýaryn. Ertir, şu hepde, ýagny tutuş ýanwar aýynda uzyn nobatlarda durmaly bolanyňyzda, howlyny tämizläp duran goňşyňyza, size gerek maglumaty öňünden taýynlap goýan işdeşiňize, awtobusyň gapysyndan Sizi birinji göýberen nätanyş adama "SAG BOL" diýp görüň... Siziň sözleriňiziň berjek jadyly netijesini synlap, olar barada biz bilen paýlaşmagyňyzy haýyş edýärin.

Maral Nazarowa.