ONKOLOGIÝA KESELLI NÄSAGLARY ALYP BARMA AÝRATYNLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (30 Ses)

Lukmançylyk ulgamyna soňky ýyllarda döwrebap tehnologiýalara we geçirilýän ylmy-barlaglara esaslanýan täze anyklaýyş-bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen, ozal bejergisi kyn ýa-da mümkin bolmaýan köp sanly keseli ýeňmek başartdy. Emma şeýle-de bolsa, özüniň ýüze çykyş sebäpleri we adam bedenindäki täsirleriniň köpdürliligi bilen tapawutlanýan howply täze döremeleriň bir umumy bejergisi bar diýmek entek mümkin däl. Onkologiýa keselleriniň bejergisi ilkinji nobatda keseliň haýsy döwründe anyklanyp bejergä başlanandygyna bagly bolmak bilen bir hatarda, ulanylýan bejergi usulynyň, näsagyň ruhy ýagdaýynyň we näsag-lukman gatnaşyklarynyň häsiýetine hem baglydyr. Eýsem, bir şahsda howply täze döremäniň ýüze çykarylan pursadyndan başlap bejerginiň dowamynda näsag-lukman, näsag-hossarlary arasyndaky gatnaşyk nähili bolanda, näsagda ýüze çykyp biljek dürli meseleleri çözmek hem-de bejerginiň netijeliligini gazanmak üçin peýdaly bolarka?

Döwrümizde habar beriş serişdeleri arkaly howply täze döremeler barada degişli maglumatlaryň ýetirilýändigine garamazdan, ilat arasynda "düwnük-bejergisi bolmaýan kesel", "düwnük-ölüm" ýaly ýalňyş düşünjeler ornaşyp galandyr. Şonuň üçin hem sagdyn gezip ýören bir şahsa howply täze döremesiniň bardygyny aýtmak onda uly ruhy sarsgynlylyga ýol açyp bilýär. Käbirleri bolsa muny eşiden badyna kesel bilen göreşmekden ýüz öwrüp, ölümi kabul etmäge taýynlanýarlar. Düwnük keseliniň bardygyny näsagyň düşünjesine we dünýägaraýşyna baglylykda habar bermek lukman üçin esasy meseleleriň biri bolup durýandyr. Käbir näsaglar bolsa öz ýagdaýlaryna dogry düşünip, keselleri barada aýlawly we gümürtik habar bermek zerurlygyny aradan aýyrýarlar. Ýöne keseli baradaky maglumaty gönümel aýdyp-aýtmazlyk ýagdaýyny diňe onkolog lukmany kesgitläp biler we şepagat uýalaryna we näsagyň hossarlaryna beýle jogapkärçiligi öz üstlerine alma maslahat berilmeýär. Bu ýerde esasy bellemeli zat, näsagdan düwnük keseliniň bardygy gizlenmän, bu habar näsagda çuň ruhy sarsgynlylyga yol açmajak şekilde aýdylmalydyr. Çünki şahsa özi barada ýalan sözlenmegi ýa-da kanagatlanarsyz gümürtik jogap berilmegi, onda güman etmelere we ynamsyzlyga ýol açýar. Güman etmeler bolsa has agyr netijelere sebäp bolup bilýändir.

Orta asyrlarda ýaşap geçen görnükli siriýaly alym Abul Faraj öz ýanyna gelýän hassalara şeýle diýer eken: "Biz üçdüris: men, sen we kesel. Eger sen meniň tarapymda bolsaň bize kesele garşy göreşmek has aňsat bolar". Onkologiki keseli bolan adama lukmanyň goldawy zerurdyr. Ýöne köp halatlarda hossarlarynyň hem ýakyn goldawy bolmasa, näsagy kesel has agyr ýagdaýlara getirip biler. Kesel bilen birikde fiziki mümkünçilikleriň çäklenmegi, ruhy gamgynlylyk, agyry, ysgynsyzlyk ýaly täsirleriň netijesinde näsag özüni beýleki adamlar üçin gereksiz, kemsidilen şahsyýet hasaplap biler. Lukmanlar bilen bir hatarda näsagyň ýakyn hossarlary hem onuň häsiýetiniň, duýgularynyň üýtgeýşine üns berip, gerekli ruhy we fiziki goldawy bermäge çalyşmalydyrlar.

Käbir näsaglar bolsa bejerginiň dowamynda özlerine aýratyn üns berilmegini talap edýärler. Beýle näsaglara gerekli hormaty we ünslüligi görkezmek bilen bir hatarda, onuň lukmany kemsitmegine, onuň işlemegi üçin bökdençlik döretmegine ýol berilmejekdigini duýdurulmalydyr.

Eger özara gatnaşykdaky meseleler gysga wagtda we gutarnykly görnüşde çözülmese, kesel bilen göreşde näsag lukmanyň görkezmelerini we maslahatlaryny dogry berjaý etmän, kesele garşy göreşde islegsiz hem bolsa keseliň tarapyna geçip bejergini kynlaşdyryp biler.

Näsag bilen mydama dogruçyl bolmaly. Ýöne bu ýerde doly hakykat däl-de, onuň ruhuny göterip, saglygyna peýda etjek hakykatyň saýlanyp aýdylmalydygyny bellemek gerekdir. Meselem, bejergi çäreleriň islenmeýän gapdal täsirleri sebäpli gemoglobiniň çak edilenden pes bolandygyny aýtmak hökman däldir. Şunuň ýaly ýagdaýda : "Bejergiler öz netijesini berýär" diýip jogap berip bolar.

Diňe bir bejergi alýan hassalar däl, onkologiki keselden gutulan adamlar hem täze durmuşa öwrenişmekde goldawa mätäçdirler. Operasiýa netijesinde kawagt beden agzalarynyň biriniň tutuşlygyna ýa-da bölekleýin ýitirilýän ýagdaýlary bolýar. Kämil protezler bilen bu agzanyn anatomiki we biologiki wezipesi täzeden doly derejede diýen ýaly dikeldilýär. Emma operasiýanyň we beýleki bejergi çäreleriniň galdyran ruhy ýaralanmalaryny aradan aýyrmak üçin biraz wagt gerek bolýar. Ýokary hilli protezleri nireden tapyp boljakdygyny maslahat bermek, owal onuň ýagdaýyna düşen näsaglaryň kadaly durmuşa nädip öwrenşendiklerine mysallar getirmek onuň göwnüni galdyryp, durmuşa has uly höwes bilen ýapyşmagyna itergi berip biler.

Jemläp aýdanymyzda, onkologiýa keselleriniň bejergisini alyp sagalma mümkündir. Ýöne bejergi serişdeleri üçin çykdaýjylaryň ýokary bolmagy, bejerginiň himiýa, şöhle we operasiýa usullarynyň utgaşygyndan ybarat bolup, uzyn we hupbatly dowam etmegi näsaglary surnukdyrýar we keselden ýeňilendiklerini has ir boýun almaga mejbur edýär. Şeýle hem, howply çişiň has ötüşip, bejergisi mümkün bolmadyk tapgyrynda bolan näsaglara ölüp barýan adam hökmünde däl-de, ömrüniň galanja bölegini iň oňat şertlerde geçirmäge mynasyp adam hökmünde seredilmelidir.