OKUWÇY WE MEKDEP: UÝGUNLAŞMA DÖWRÜNI NÄHILI GEÇIRMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (19 Ses)

Başlanýan okuw ýylynyň öňsyrasynda biz iň gowy arzuwlar bilen çagalarymyzy mekdebe taýynlaýarys. Şadyýan we şeýle ýatdan çykmajak tomusky dynç alyş rugsadyndan soň, mekdep düzgünine uýgunlaşma her bir çagadan belli bir wagt çägini we gün tertibiniň üýtgedilmegini talap edýändir. Eger çaga mekdebe ilkinji gezek gitmeýän bolsa, dynç alyşdan soň öňden tanyş täze gün tertibine basym uýgunlaşyp biler.

Mekdebe birinji gezek gadam basýan körpejeleriň täze mekdep we ýaşaýyş düzgünine uýgunlaşmagy adatça 3-4 hepdeden 2-3 aý dowamlylykdaky möhleti talap edip biler. Bu döwürde ene-atalardan çaga has hem ünsli bolma we mugallymlar bilen aragatnaşyk saklama talap edilýändir.

Uýgunlaşma döwri näme bolup geçýär?

Çaganyň hereket etme tertibi üýtgeýär. Hereketde bolma talaby öňküligine galsa-da, mekdep şertleri köp wagt hereketsiz oturma düzgünini talap edýändir.

Birinji synpa gidýän körpejeden ünsüni we akyl işjeňligini ýokarlandyrma talap edilýändir. Erkiňi jemläp okama bilen deňeşdirlende, bu döwürde geçilýän dersiň mazmunyny oýunlaryň kömegi bilen ýatda saklama has hem öndürijilikli bolar.

Çaga üçin täze ýaşaýyş düzgüni başlanýar. Oňa maşgalada bar bolan özüňi alyp baryş düzgünlerinden tapawutlanýan, bilim beriş edarasynyň köpsanly kada-düzgünlerini öwrenmek we uýgunlaşmak zerur bolýar. Esasan hem bu babatda çagalar bagyna gatnamadyk çagalar kynçylyk çekip bilerler.

Körpejä täze deň-duşlarynyň we nätanyş uly adamlaryň kollektiwine düşüp, olaryň hersi bilen aragatnaşyk açma, toparda öz ýeriňi tapma talaby döreýär.

Ene-atalardan näme talap edilýär?

Birinji gezek mekdebe barýan körpejäniň gün tertibiniň meýilleşdirmesine çynlakaý çemeleşiň. Çaganyň hereket etmegi we dynç almagy üçin mümkinçilik dörediň. Uka 10-11 sagada golaý wagt berilmelidir. Okuw ýylynyň başynda "uzaldylan okuw güni" körpeje üçin surnukdyryjy bolup, onuň çalt ýadamagynyň sebäbi bolup biler. Mümkinçilige görä, günüň ikinji ýarymy dynç alma we oýnama, arassa howada gezelenç etmäge, sport bilen meşgullanmaga bagyş edilmelidir.

Çagany birden üýtgetjek bolmaň. Ol bir günüň içinde oýnap ýören körpejeden tertipli okuwça öwrülip bilmäge ukyply däldir. Çaga üçin oýunlar arkaly dersleri özleşdirme iň peýdaly okatma usuly bolup, köp çagalar diňe şeýle usul arkaly okamaga höwesek bolýarlar. Arakesmelerde öz eý görýän oýunjagyňy oýnamak üçin mekdebe alyp gitmek hem, mekdebe uýgunlaşýan körpejelere rugsat berilýär.

Körpejäniň okuwda we mekdep durmuşynda gazanan her bir üstünligini belläp geçiň. Öz öňki we soňky gazanan netijelerini deňeşdirip, özüne baha bermegi öwrediň. Onuň gowy taraplaryny aýratyn belläp geçmegi unutmaň. Umumy jähtden däl-de, anyk üstünlikler üçin çagany öwmegi ýatdan çykarmaň.

Mekdep durmuşyna işjeň gatnaşyň. Onuň täze mekdep durmuşynyň nähili geçýändigi bilen gyzyklanyň. Mugallym bilen aragatnaşygy ýola goýuň, çünki diňe bilelikde çaganyň täze durmuşa aňsat uýgunlaşmagyny gazanyp bolýandyr.

Çaga mekdep düzgünlerine uýgunlaşmaga kömek ediň. Olaryň hersiniň ähmiýetini we olary berjaý etmegiň zerurlygyny düşündiriň. Mekdep jaňy, "eliňi galdyrma" düzgüni, mugallyma ýüzlenme, naharhana barma tertibi –  şularyň hemmesi çaga üçin täzelik bolup, stress ýagdaýynyň döremegine getirip biler.

Okuw gününiň geçişi bilen gyzyklanyp "Sen şu gün özüňi nähili alyp bardyň?" diýen soragy bermän, "Nähili gyzykly zatlar bolup geçdi?", "Seni näme geň galdyrdy?", "Nämeler kynçylyk döretdi?" diýen ýaly soraglar bilen ýüzleniň. Çaganyň Siz bilen öz kiçijik açyşlary, üstünlikleri, kynçylyklary, oýlanmalary bilen paýlaşmagyny gazanmaga çalşyň.

Çaga synpdaş ýoldaşlary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaga kömek ediň. Jedelli, çylşyrymly ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, dostlaşmagyň ýollaryny beýan ediň. Öz çagalygyňyzda alan tejribäňiz bilen paýlaşyň. Mekdepde geçirilýän çärelere gatnaşmaga çalşyň.

Çynlakaý sebäpler bolmasa, çaganyň öňünde mugallymynyň abraýyny peseltmäň. Mugallyma bolan söýgüniň we hormatyň, körpejä gowy okamaga we mekdebe uýgunlaşmaga itergi berýändigini unutmaň.

Öz ene-ata höküminde göterýän duýgularyňyzyň üstünde işläň. Köplenç öz içki howsalalary, çaga bildirilýän talaplary bilen ene-atalar çagada mekdebe we okuwa degişli howsalanyň döremegine sebäp bolýarlar.

Çagaňyzy öz bolşy ýaly gowy görüp we kabul edip, onuň başarnygyny ýüze çykarmaga ymtylyň.