MÄHIRSIZ SÖÝGISIZ TERBIÝÄMIZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

mahirsiz terbiyamizÝoldaşy bilen 2 ýyl ýaşaşyp aýrylyşyp gelen aýal doganym bilen ilkinji gezek ýakynda şahsy gürrüň etdim. Ol ene-atamyzyň närazylygyna garamazdan gaçyp gidipdi. Ol maňa munuň sebäbini "Men ejem dagy söýgä düşünmeýärler diýip pikir etdim. Maňa Guwanç öýmüzde görmeýän söýgimi we mährimi beripdi" diýip, düşündirdi. Meniň üçin bolsa biziň ene-atamyz dünýädäki iň mähirli, iň düşünjeli ene-atalardy. Olar bizi hiç kimden kem etmän ulaltdylar. Bizi ylym-bilim almaga höweslendirdiler. Bize ellerinden gelen terbiýäni berdiler. Meň üçin olaryň bize bolan yhlasy we azaby olaryň söýgüsidi. Aýal doganym üçin bolsa söýgi ýürekdeşligi we yzygiderli ýakymly sözleri hem öz içine almalydy.

Mundan soňra pikirlenip men hem edil enem-atam we töweregimdäki beýleki ene-atalar ýaly söýgi diňe hereketden düzülen zatdyr öýdýändigime göz ýetirdim. Eger ene-ata çagasyna gowy ideg edip gowy terbiýe berýän bolsa ol söýgüdi. Bizde çagalara söýgi düşündirilmeýär. Diňe hereket bilen görkezilýär. Ne ene-atalar ne-de mugallymlar ösüp barýan ýaşlar bilen içgin gürrüňdeşlik geçirýärler. Ulular diňe özlerini diňletmek isleýär. Ýaşkiçileri bolsa diňläsleri gelmeýär ýa gürrüňdeşlige höweslendirmeýärler. Netijede türkmen jemgyýetinde çaga ulaldygyça hernäçe maddy taýdan maşgalasyna garaşly bolsa-da, ruhy taýdan deň-duşlaryna has ýakynlaşýar. Ýaşlar duýgulary, arzuw-islegleri barada diňe öz egindeşleri bilen gürleşip bilýärler. Halaşýanlaryň köpüsi bolsa muny ene-atalaryndan gizleýärler. Maşgalada ýeterlik söýgi görkezilmeýän we ýeterlik üns berilmeýän ýaşlar olary daşardan gözläp başlaýarlar. Bu bolsa köplenç olaryň işde we adamlar bilen gatnaşygynda şowsuzlyklara eltýär.

Diýmek, çagalara berilmeli söýgi we goldaw hereket bilen gutarmaýar:

↪ Emosional zehin – bu adamyň özüniň we özgeleriň duýgularyny tanap, olara ýerlikli jogap berip bilmegidir. Muny çagalaryňyzy üýtgeşik duýgulary başdan geçirenlerinde olary seljermäge höweslendirmek we öz duýgularyňyzy paýlaşyp, olary nädip dolandyrmalydygyny görkezmek arkaly öwredip bolýar.

↪ Çagalaryňyzy yzygiderli gujaklamak. Agşam ýatanda, irden turanda, 5-lik alanda, çykyş edende, hatda birine kömek edende hem olary gujaklap, olara nähili guwanýandygyňyzy aýtmak olara görkezýän söýgüňizi bir basgançak beýgelder.

↪ Çagalaryňyzy diňlemek. Ýaşy 5 bolsun ýa 15, olaryň pikirlerine we garaýyşlaryna ullakan gyzyklanma bildirmekden ýadamaň. Olara özleri, dost-ýarlary, arzuw-hyýallary barada soraglar beriň. Olary edil uly adam ýaly diňlemegi we olar bilen içgin söhbetdeşlik etmegi kämilleşdiriň.

↪ Olara şowsuzlyklaryny we kemçiliklerini kabul edip, özlerini we özgeleri deň derejede sylamagy öwrediň. Olara kyn günde emosional goldaw beriň. Olaryň ýeketäkdigini we güýçlidigini düşündiriň we hiç kim bilen deňäp kemsitmäň.

↪ Bilelikde wagt geçiriň. Ýok, bu bile nahar iýmek ýa telewizora tomaşa etmek däl. Bile gezelenje gidiň. Çagalaryňyzyň halaýan güýmenjelerini olar bilen bile ediň. Bile geçiren her bir pursadyňyzy manyly söhbetdeşlikler we çagalaryňyzy has içgin tanamaga bolan mümkinçilik hökmünde hem ulanyň.

Alymlaryň bellemegine görä çaganyň ösüşinde maşgalanyň diňe fiziki we maddy däl-de emosional we ruhy taýdanam ýygjam gatnaşmagy onuň okuwda we durmuşda üstünlik gazanmagynda aýgytly rol oýnaýar. Türkmen maşgalalarynyň hem çaga terbiýesinde şundan ugur almaklary, şübhesiz, geljekde ýüzlerçe ýykyljak maşgalalaryň, taşlanjak okuwlaryň, kast ediljek janlaryň we güzaply durmuşlaryň öňüni alardy.

Jemile Azymowa

Ulanylan WEB Salgy