GIGIÝENIKI PROKLADKALARA GARANYŇDA TAMPON ULANMA HOWPLUMY? TAMPON ULANSAM GYZLYGYMA ZEPER ÝETIRIP BILERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

8 sanitary padGyzjagaz ulalyp, onuň aýbaşysy gelende jynsy taýdan ýetişmäniň başlanandygyndan habar berýär. Gyzjagaz bu hadysa taýyn bolup, degişli gigiýeniki serişdeler barada habarly bolmalydyr.

Aýal-gyzlaryň arasynda iň belli gigiýeniki serişdeler höküminde tämizlik esgileri (prokladkalary) ulanmak ýörgünli. Olar aýallara öňden belli bolup, öz amatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne soňky onýyllykda gigiýeniki tamponlary ulanmak diňe bir uly aýallaryň arasynda ýörgünli bolman, eýsem ýaş gyzlaryň arasynda hem belli boldy.

Gigiýeniki tamponlar ganly bölünip çykmalary siňdirýän we olaryň daşyna akmagynyň öňüni alýan serişdelerden ýasalýar. Tamponyň daşy ýylmanak bolup, ol nepis süýümlerden ybaratdyr. Şonuň üçin hem ol hiç hili oňaýsyzlyk döretmeýär. Gyzlyk perdede uly bolmadyk deşijek bolup, aýbaşy gany we başga bölünip çykmalar şol deşijekden çykarylýandyr. Ondan başga-da, gyzlyk perde elastiki bolup, aňsatlyk bilen süýünýändir we diametri uly bolmadyk tampony geçirýändir. Dogry goýlan tampon jynshanadan gaçmaýar, ol agyry we oňaýsyzlyk döretmeýär, hereketleri çäklendirmeýär. Goýlan tamponlar her 5-6 sagatdan, aňyrky möhleti 8 sagatdan çalşylmalydyr. Uzak saklanan tamponlarda ýokançlyklaryň uly mukdary ösüp, olaryň işläp çykarýan zäherleri (toksinler) bedeni zäherlendirip bilerler. Lukmançylykda bu ýagdaý "toksiki şok sindromy" diýlip atlandyrylýar. Tamponlary ulanmazdan öň öndürijiler tarapyndan olaryň ýanyna goýlan bellik kagyzlary bilen tanşyň.

Oňa garamazdan, gyzlaryň käbiri bu gigiýeniki serişdeleri ulanmakdan çekinýärler. Elbetde, tampony gyzlyk perdäniň deşiginden ony ýyrtman geçirmek tejribeliligi we usullylygy talap edýändir. Ondan başga-da, eger tamponyň sapajyklary üzülen ýagdaýynda-da, ony barmaklar bilen jynshanadan almak synanşygy gyzdan usullylygy talap edip, gyzlyk perdäniň şikeslenmegine eltip biler. Şonuň üçin hem, tamponlary ulanmak oňaýlymy ýa-da gigiýeniki prokladkalary? Her gyzyň özi çözmelidir. Eger sen tamponlary ulanmakdan çekinýän bolsaň ýa-da ol sende oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onda gigiýeniki prokladkalary saýlap bilersiň.