ANOREKSIÝA WE BULEMIÝA NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

17 anoreksiya bulemiyaAnoreksiýa – işdäniň bütinleý kesilmegidir. Bedeniň iýmit kabul etmäge talaby bolan ýagdaýynda hem, işdäniň bolmazlygy iýmiti kabul etmäge mümkinçilik bermeýär. Berhiz tutýan aýal we gyz maşgalalaryň takmynan 15%-i anoreksiýa meňzeş ýagdaýa özlerini ýetirýändirler. Bu kesele esasan ýetginjekler, has hem ýaş gyzlar ýygy sezewar bolýarlar. Ýöne häzirki wagtda ol ýagdaýyň oglanlaryň arasynda hem ýygy duş gelýändigi bellenilýär. Çünki häzirki zaman modalar dünýäsiniň talabyna eýermäge ymtylýan ýaş gyzlar we oglanlar has horlanmaga çalşyp, iýmiti kadaly kabul etmekden boýun gaçyrýarlar, her iýilýän iýmiti gramlap hasaplamaga çalyşýarlar.

Kadaly iýmitlenmäniň bozulmagy we peýdaly maddalaryň ýetmezçiligi beden agramynyň ýetmezçiligine, ukynyň bozulmagyna, ysgynsyzlyga, ýürek urmalaryň bozulmagyna, damar çekmelere, başyň aýlanmagyna, dişleriň we saçlaryň düşmegine, süňkleriň gowşamagyna getirip biler. Wagtyň geçmegi bilen aýbaşy bozulmalary hem goşulýandyr. Wagtynda bejerilmedik anoreksiýa uçran näsaglaryň 20%-niň ölüme uçraýandygyny lukmanlar belleýärler. Bedeniň tapdan düşmegi netijesinde döreýän ýürek ýetmezçiligi we içki agzalaryň bozulmalary ölümiň esasy sebäpleri bolýarlar.

Semremeden gorkup özlerini bu kesele getirýän ýetginjekler özleriniň keselini boýun almaýarlar. Şonuň üçin hem beden agzalarynda düýpli bozulmalar döränden soň lukmana giç ýüz tutýarlar.

Onuň bejergisi oňa getiren sebäplere görä köpugurly lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilmelidir.

Bulimiýa – iýmiti kabul edişiň bozulmasy bolup özünde üç alamaty jemleýändir:

↪ Aşa köp iýmek – bedeniň talabyndan hem köp iýmiti (2-3 esse) kabul etmek;

↪ Bedeni "arassalamak" çärelerini kadaly geçirmek, ýagny "artyk" iýmitden, beden agramyndan dynmak: iýeniňi gaýtarmaga çalyşmak, içiňi sürüji we buşukdyryjy dermanlary kabul etmek, berhiz tutmak, iýmitden ýüz öwürmek, agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek;

↪ Adam berhizi tutmaga başarsa, beden agramyny şol bir durkda saklap bilse keýpi gowlanýar. Hyýallary başa barmasa utanýar, öz-özüni ýigrenip başlaýar.

Adamyň köp iýen iýmitini yzygider gaýtarmaga çalyşmagy iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleriniň döremegine, ýadawlyga, damar çekmelere, görşüň peselmegine getirip biler. Iýip-arassalanma endigi adamyň başga adamlar bilen gatnaşyk saklamagynda kynçylyk döredýär. Ol kafe, myhmançylyga, söwda merkezlerine gitmeden çekinýär.

Bulimiýa hem edil anoreksiýa ýaly ýüregiň işiniň, beden agzalarynyň ýagdaýynyň bozulmalaryna getirip, tizden-tiz bejergini geçirmegi talap edýän ýagdaýlardyr. Özünde şeýle alamatlary syn edýän ýetginjek hem ene-atasy, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz iýmitlenme endiklerini ýola goýmaga ymtylmalydyr.