EGER HALAMA DUÝGUSY ÝITENDE, NÄDIP DOSTLUKLY ARAGATNAŞYGY SAKLAMA MÜMKIN?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

26 halama duygysy yitendeEger wagtyň geçmegi bilen sende halama düýgusy ýitse, öň hemme kişiden tapawutly, eý görýän adamyňyz bilen nähili gatnaşyklary saklamak başardar?

"Siz halamak duýgusy näme üçin geçip biler?" diýip geň galmagyňyz mümkin. Hemişe bolmasa-da, durmuşda gatnaşyklarda şeýle bolup bilýär: wagtyň geçmegi bilen, sen adamyny ýakyndan tananyňdan soň onuň käbir gylyk-häsiýetlerini halaman ýa-da onuň endikleri seniň gaharyňy getirip, sen olary oňlaman bilersiň ýa-da dünýägaraýşy, durmuşa, geljege seniňki bilen deň gelmeýän garaýyşly bolup biler. Şol ýetmezçilikleriň hemmesi toplanyp, seni öňler halaýan ýigidiňden (gyzyňdan) daşlaşdyryp biler. Sen indi onuň ýanynda özüňi bagtly düýmarsyň, onuň sözlerine, hereketlerine guwanjyň geçer, onuň bilen duşuşyklara islegiň peselip başlar. Belki-de, hyýalyňda seniň häsiýetiňe deň geljek, gyzyklanmalaryňy, pikir-hyýallaryňy paýlaşjak adamyň suratyny döredip hem başlarsyň.

Ýöne duýgularyň we aragatnaşygyň geçýändigine garamazdan, sen öň halan adamyňa gyzykly we ýakymly pursatlar, alnan tejribeler üçin minnetdar bolmalysyň. Belki-de ol saňa gatnaşyklarda degşip şatlanmagy öwredendir, onuň tagallasy bilen sen sport bilen meşgullanyp, oňa islegiň dörändir. Belki-de ol saňa okuwda kömek edip, düşünmeýän dersleriňi içgin öwrenmäge mümkinçilik berendir. Aslynda sen bu gatnaşyklaryň we duýgularyň kömegi bilen bir adamyny gowy görmegi, ony aralykda duýmagy, onuň durmuşy bilen ýaşamagy, diňlemegi, kömek bermegi, onuň bilen begenmegi, käwagtlar bolsa gynanmagy öwrendiň. Bu häsiýetler saňa bu adam bilen bolmasa-da, geljekde başga adam bilen saňa dogry gatnaşyklary gurmaga kömek eder.

Eger mümkin bolsa, halama duýgusy geçenden soň hem dostlukly aragatnaşygy saklajak boluň. Belki-de siziň umumy gyzyklanmalaryňyz bardyr, siz bir ýere okuwa gatnaýansyňyz ýa-da bir sport merkezinde türgenleşik geçýänsiňiz. Araňyzda düşünişmezlikler, öýke-kineler bolsa olary çözmäge, bile pikir alşyp, düşünişmäge çalşyň. Başga adamlaryň ýanynda biri-biriňizi ýamanlap, kemçilikleriňizi aýtmakdan, gülmekden saklanyň. Siziň öň halan adamyňyzyň mertebesini peseltmäge hakyňyz ýokdur. Eger araňyzdan halama duýgusy ýiten bolsa-da, köne, biri-birini ýakyn bilýän tanyşlar höküminde sylama häsiýeti ýitirilmeli däldir.