IR DÖREÝÄN EÝAKULÝASIÝANYŇ ÖŇÜNI NÄDIP ALYP BOLAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (8 Ses)

jynsy terbiyeEýakulýasiýa jynsy gatnaşygy tamamlaýan hadysadyr. Eger ol jynsy gatnaşygy başlanmazdan öň ýa-da başlanandan tizden-tiz ýüze çyksa, onda ir döreýän eýakulýasiýany güman edip bolar. Lukmanlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşygyň birinji 1min. dowamynda bolup geçen eýakulýasiýa ir dörän hasaplanylýar.

Eger uly erkek adamlarda döreýän eýakulýasiýa urolog, seksopatolog lukmanyň maslahatyny we bejergisini talap edýän bolsa, ýetginjeklerde ir döreýän eýakulýasiýa kada hasaplanýar. Ýetginjeklerde endokrin ulgamyň işläp başlamagy, jyns gormonlaryň ýokary mukdarda işlenilip çykarylmagy, dyňzap gelýän seksual güýçlilik, jynsy gatnaşyklaryň seýrek geçirilmegi eýakulýasiýanyň ir döremegine getirip biler.

Ýetginjek döwri geçip, jynsy gatnaşyklar kadalaşandan soň, ir döreýän eýakulýasiýa bilen bagly kynçylyklar hem geçip bilýändir.