HEMME GYZLARDA HEM ILKINJI JYNSY GATNAŞYKDA GAN GELÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

jynsy terbiyeIlkinji jynsy gatnaşyklarda köp mukdarda ganyň bölünip çykmagynyň hökmanlygy barada düşünje ýalňyş bolup durýandyr. Biziň öň belläp geçişimiz ýaly, gyzlyk perdesi nerw süýümlerinden we gan damarlaryndan ýbaratdyr. Eger birinji jynsy gatnaşykda gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy gan damarlarynyň geçýän ýerine gabat gelse, onda biraz ganyň akmagy syn edilip bilner. Eger onuň ýyrtylan ýeri gan damarlarynyň garyp ýerine gabat gelse, gan gelmän, biraz nem ýa-da ganjymak nemli bölünip çykma görnüp bilýändir.