ÝETIŞMEDIK OGLAN DÖKÜP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (10 Ses)

jynsy terbiyeEýakulýasiýa hadysasyny başgaça "döli dökmek", "dökmeklik” diýip hem ýönekeý atlandyrýarlar. Jynsy taýdan ýetişmek döwrüne girmedik oglan dökmäge ukyply bolmaýar. Jynsy gormonlaryň işlenilip çykarylmagy we jyns mäzlerinde dölüň emele gelip başlamagy, ereksiýanyň döräp başlamagy netijesinde eýakulýasiýanyň hem döremegi başlanyp bilýändir.

Diňe jyns taýdan ýetişme döwründe oglanda özbaşdak gijelerine döreýän eýakulýasiýalara syn edilip bilner. Ol hadysa öň hem aýdyp geçişimiz ýaly lukmançylykda "pollýusiýa", il içinde bolsa “şeýtan oýnama”diýlip atlandyrylýar. Gijeki pollýusiýalar ýetginjeklikde jyns agzalara agram berýän artyk dölden dynmaga kömek edip, bir gijede 4-5 gezege çenli ýüze çykyp bilýändir. Gijeki "dökmeler" esasan 13-15 ýaş aralygynda ýüze çykýandyr. Wagtyň geçmegi bilen bu hadysanyň geçip gitjekdigini we seniň saglygyň üçin howpuň ýoklugyny sen bilmelisiň.