DÖLÜŇ ÖŇÜNDEN GELÝÄN SUWUKLYK NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

jynsy terbiye 7Erkek adamlarda jynsy gatnaşygy wagty döl bölünip çykmazdan öň, dölüň öň ýanyndan çykýan suwuklyk (oňa rusça "predeýakulýat" diýilýär) peşew çykaryş kanaldan çykýandyr. Bu suwuklygy peşew çykaryş kanalynda ýerleşýän mäzjagazlar işläp çykarýandyr we ol dölüň kanaldan aňsat bölünip çykmagyna ýardam berýändir. Bu suwuklyk "erkeklik jyns öýjüklerini (spermatozoidleri) saklamaýar" diýen düşünje bolsa-da, bu beýle däldir. Dölden öň bölünip çykýan suwuklyk öňki jynsy gatnaşykdan soň peşew çykaryş kanalynda galan erkeklik öýjüklerini alyp gaýdyp, göwrelilige getirip bilýändir. Şeýle-de, bu suwuklykda jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklar we AIW (rus. WIÇ) saklanyp bilýändir.