ORGAZM NÄME WE ONY NÄHILI DUÝMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

jynsy terbiye 2Orgazm – jynsy gatnaşyklaryň soňunda duýulýan lezzetlilik duýgusynyň ýokary nokadydyr. Ol erkek adamlarda we aýallarda dürli alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Erkek adamlarda orgazm eýakulýasiýanyň (dölüň zyňylmagy) bolup geçmegi we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy bilen döreýändir.

Aýallarda orgazm has aýdyň we güýçli ýüze çykýan alamatlar bilen suratlandyrylýar: gan basyşyň ýokarlanmagy, ýürek urşyň çaltlaşmagy, dem alşyň ýygylaşmagy, göwüs emzikleriniň ulalmagy, ýüzüň, döşleriň gyzarmagy, deride gyzylja örgünleriň döremegi, jynshananyň we çanaklyk myşsalaryň ýygrylmagy, jynshanadan nemli bölünip çykmalar.