JYNSHANANY JYNSY GATNAŞYKDAN SOŇ ÝUWMAK GÖWRELILIGIŇ ÖŇÜNI ALÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

jynsy terbiye 4Aýallaryň arasynda jynsy gatnaşykdan soň jynshananyň dürli suwuklyklar bilen ýuwulmagynyň, islenilmedik göwrelilikden alyp galjakdygy baradaky pikir ýaýran. Onuň üçin diňe bir ýönekeý arassa suw ulanylman, suwa aspirin gerdejigini, marganes turşusyny (margansowka), sabyn köpürjigini ýa-da ýörite spermisidleri (spermatozoidleri öldürýän himiki serişdeler) goşup hem jynshanany ýuwmaga çemeleşýärler.

Lukmanlaryň bellemegine görä, jynshanany jynsy gatnaşykdan soň ýuwmak göwreliligiň öňüni almaýar. Çünki eýakulýasiýa (dölüň zyňylmagy) wagty dölüň uly tizlikde zyňylmagy bolup geçip, ondaky spermatozoidler derrew (90 sekundyň dowamynda) ýatgynyň boýunjygyna ýetip, ýatgynyň içine düşýändir. Jynshana göýberilen suwuklyk okgunly spermatozoidleri ýatgynyň boýunjygyndan ýuwup aýryp bilmeýär.

Galyberse-de, ýuwmak üçin niýetlenen suwa goşulan himiki maddalar jynshananyň şikeslenmegine getirip bilýändirler. Ondan başga-da, jynshananyň esassyz köp ýuwulmagy, ondaky peýdaly bakteriýalaryň ýok edilmegine we sowuklama keselleriň döremegine getirip biler. Edil şonuň üçin hem, daşky jyns agzalary ýuwmak üçin ulanylýan gigiýeniki serişdeler howpsuz, artyk himiki goşundysyz we allergiki täsirsiz bolmalydyr.