ORAL JYNSY GATNAŞYKLARDA PREZERWATIW ULANMAK HÖKMANMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

jynsy terbiye 6Keselleriň ýokuşma howplulygy oral jynsy gatnaşyklarda, adaty jynsy gatnaşyklardaky ýaly ýokary bolmasa-da, belli bir derejede howplylyk saklanýandyr. Eger agyz boşlugynyň nemli bardasynda ýaralar, kesikler bar bolsa, ýokuşma howpy has hem ýokarlanýandyr. Oral jynsy gatnaşyklarda merezýeliň (siflis), uçugyň, adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy ähtimaldyr.

Lukmanlar wiruslaryň we bakteriýalaryň ýokuşma howplulygyny aradan aýyrmak maksady bilen prezerwatiwleri, ýörite niýetlenen lateks süpürgiçleri ulanmagyň wajypdygyny nygtaýarlar. Häzirki wagtda ýakymly ysly ýa-da dürli miwe tagamly prezerwatiwler öndürilýär we ulanmada olar oňaýsyzlyk döretmeýär.