PREZERWATIW MENI ÄHLI KESELLERDEN GORAP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

jynsy terbiye 7Prezerwatiwler jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän köp ýokançlyklardan  (meselem, AIW, sözenek, hlamidioz, trihomoniaz we baş) gorap bilýändir. Ýöne jynsy agzalaryň daşyna ýaýrap, adaty galtaşmadan geçip biljek ýokançlyklardan we mugthorlardan gorap bilmeýär: gasyk biti, galtaşykly mollýusk, adamyň papilloma wirusy, gijilewük.

Şeýle hem, prezerwatiwleriň giç geýilmegi ýa-da ir çykarylmagy, jynsy gatnaşyk wagty onuň gaçmagy, olarda deşijekleriň bolmagy kiçijik bakteriýalaryň we wiruslaryň jyns ýollaryna aralaşmagyny aňsatlaşdyryp biler.