UJYTDAN, JYNSHANADAN BÖLÜNIP ÇYKMALAR BAR. BU KADAMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 2Ujytdan diňe seksual gyjynmalarda, jynsy gatnaşygynda, gijeki "şeýtan oýnamalarda" (pollýusiýada), peşew etmeden soň we täret edilýän wagty ýüze çykýan bölünip çykmalar kada hasaplanýar. Ondan başga halatlarda döreýän nemli, iriňli, ganly, ysly bölünip çykmalar keselleriň alamatlary hasaplanyp, oglanlara lukmana ýüz tutmaga sebäp bolmalydyr.

Aýal-gyzlarda jynshanadan gelýän bölünip çykmalaryň häsiýeti ýumurtgalyklaryň işjeňligine, aýbaşy halkasynyň döwrüne baglydyr. Aýbaşydan soň olar ak nem görnüşde bolup aýrylsa, aýbaşy halkasynyň ortasynda süýnýän nemli bölünip çykmalar döreýär we aýbaşynyň öňýanynda suwjumak-nemli görnüşde ýüze çykýandyr. Jynshanadan bölünip çykmalaryň umumy mukdary 5 ml. (bir çaý çemçä barabar) çenli bolup, olar reňksiz, yssyz we biynjalyk edýän alamatsyz bolmalydyr. Jynshanadan gelýän bölünip çykmalar ysly, sarymtyl ýa-da ýaşylymtyl reňkde bolup, gijileme ýa-da ýanma döretse, sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmalydyr.