JYNSY GATNAŞYKDAN NÄDIP ÝÜZ ÖWRÜP BILERIN?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiyeJynsy gatnaşyga giresiň gelmese ondan ýüz öwürmegiň iň ýönekeý ýoly "Ýok" diýmekdir. Bedeniň bilen bagly ähli zatlarda soňky karara özüň gelmelisiň. Eger öň jynsy gatnaşykda bolan bolsaňam, "bolýa" diýen bolsaňam, islendik wagtda pikiriňi üýtgedip, "dur" ýa "ýok" diýip bilersiň. Ýoldaşyň hem seniň kararyňa hormat goýmalydyr.

Jynsy gatnaşyga "ýok" diýmegiň başga ýollary:

↪ Hiç zat diýme ýa-da daşlaş.

↪ Isleýän we islemeýän zatlaryň barada dogruçyl bol.

↪ Jynsy gatnaşyga derek beýleki etmek isleýän zatlaryňy teklip et.

↪ Jynsy gatnaşykdan saklanmak ýa garaşmak islegiň sebäplerini düşündir.

↪ Hereketleriň we sözleriň bilen gyzyklanmaýandygyňy yşarat et.

Her bir adam öz çäkleriniň hormatlanmagyna mynasypdyr. Hiç kime islemeýän zatlaryny etdirjek bolmaly däldir.

Çeşme