MEN GÖWRELIDIGIMI BILDIM. NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

jynsy terbiye 2Aýbaşynyň wagtynda gelmezliginden we öz ýagdaýyň üýtgeýändigini düýüp, göwreliligi anyklamaga kömek edýän testleriň kömegi bilen göwrelidigiňi anyklap bilersiň. Elbetde, islenilmedik göwreliligiň döremegi sende we seniň ýoldaşyňda aljyraňlyk, gorky, lapykeçlik döredip biler. Ýetginjeklik ýaşyňda doly kemala gelmedik, berkemedik seniň bedeniň üçin göwrelilik uly agram, zarba bolup biler. Sen we seniň halaşýan oglanyň entek okuwçy we siz doly ene-ataňyzyň idetmeginde ýaşaýarsyňyz. Göwreliligi kadaly we sagdyn geçirmek hem-de çaganyň dogulmagy bolsa uly pul harajatlaryny, aladalary, lukmanyň gözegçiligini, gerek bolanda derman serişdeleriniň satyn alynmagyny talap edýändir. Galyberse-de, çaganyň dogmagy we onuň idegi, terbiýesi – ene-ata üçin uly jogapkärçilikdir.

Esasy bellemeli ýagdaýlaryň biri hem, çaga idegi we terbiýe aladasy saňa bilim almaga, halaýan hünäriňi saýlamaga, jemgyýetde öz ornuňy tapmaga päsgel berip biler. Seniň halaýan ýigidiň-çaganyň kakasynyň çaga terbiýelemekden ýüz döndürmekligi, çaga üçin diňe seniň jogapkärçiligiňi talap edip hem biler.

Nämede bolsa, göwreliligi götermek ýa-da aýyrmak (abort etmek) ýaly wajyp soragy çözmek üçin sen öz ýagdaýyňy ene-ataňa aýtmaly bolarsyň. Seniň durmuşyňy özgertjek, geljegiňe täsir etjek bu meseleleri çözmek üçin seniň ene-ataň ilki bilen bildirjek gahary, igenji seni aýtmazlykdan asla saklamaly däldir. Diňe ene-ataň lukman bilen bilelikde seniň ýagdaýyňa baha berip, dogry çözgüdi tapyp bilerler.