GYZ AÝBAŞY DÖWRI JYNSY GATNAŞYK GEÇIRSE GÖWRELI BOLUP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

jynsy terbiye 4Biziň köpümiz aýbaşy wagty göwreliligiň galyp bilmejekdigine ynamly bolýarys. Ýöne bu ýagdaý gyzyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyna baglydyr. Eger gyzyň aýbaşy halkasy gysga bolsa (19-21 gün), elbetde aýal öýjüginiň 8-10-njy günlerinde ýetişip başlamagy ähtimaldyr. Owulýasiýa wagtyndan takmynan 3-4 gün öň we soň jynsy gatnaşykdan saklanmagyň hökmandygyny ýatlasak, biz edil aýbaşy günlerine düşüp bilýäris. Aýal öýjüginiň hem ýetişip ortaça 48 sagat, erkeklik öýjüginiň jyns ýollarda 3 gün ýaşaýandygyny ýatda saklamalydyr.

Edil şonuň üçin hem, aýbaşy halkasy gysgamöhletleýin bolan aýal-gyzlar aýbaşy wagty hem kontrasepsiýa barada aladalanmalydyr.