PIWO IÇSEM, OL ARAKDAN ZYÝANSYZMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

piwo araga garsyPiwo içgisi hem alkogolly içgilere degişli edilip, oňa bolan öwrenişme tiz döreýändir. Statistika boýunça, piwo iň köp mukdarda kabul edilýän alkogolly içgilere degişli bolup, onuň täsirinden döreýän alkogolizm keseli çalt ýaýbaňlanýan we kynlyk bilen bejerilýändir. Häzirki wagtda öndürilýän piwo içgisine garylýan garyndylar (şol sanda, zäherli bolan aldegidler) bagyr we aşgazan üçin zäherli bolup bilerler. Ondan başga-da, olar bedenden peýdaly maddalary we witaminleri ýuwup, olaryň ýetmezçiligine getirip bilerler.

Aragyň zyýanlylygy esasan onda saklanýan spirtiň ýokary mukdary we kaloriýalylygy bilen düşündirilýär. Elbetde, aragyň beýni we aşgazanasty mäzi üçin zyýanlylygy şübhe döretmeýär, ýöne piwo içgisiniň döredýän zyýany hem arakdan az we ýeňil däldir.