NÄÇERÄK ALKOGOLLY IÇGINI IÇIP MAŞYN SÜRÜP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

alkogol icgi we masynAlkogolly içgileriň içilip, maşyn sürmäge rugsat berilýän mukdary ýokdur. Içilýän mukdaryna garamazdan, alkogol içgilerini kabul edip, maşyn sürmäge rugsat berilmeýär!

Adamyň ganyndaky alkogolyň mukdary % o (promille) kesgitlenip, bu görkeziji bir zadyň müňden bir bölegini häsiýetlendirýändir. Eýýäm alkogolyň ujypsyz 0,3-0,5 promille mukdary ýagtylyk çeşmesiniň (çyraly gelýän maşynyň) tizligini we ol bilen aralygy kesgitleme ukybyny gowşadýar.0,5-0,8 promillede gözüň dürli ýagtylyk çeşmelerini aýyl-saýyl etmegi kynlaşyp, gyzyl reňki saýgarma ukyby peselýär. Eýýäm, 1-2 promillede maşyny sürmek ukyby ýitirilýär.

Serhoşlygyň derejesi adamyň beden agramyna, jynsyna (aýallar, basym serhoş bolýarlar), ýaşyna, saglyk ýagdaýyna görä her adamda dürli bolýandyr we maşyn sürmek üçin alkogolyň howpsuz mukdaryny kesgitlemek mümkin däldir. Maşyn sürýän serhoş adam özüne we daşyndakylara uly howp salýar we adam ölümçiligine sebäp bolup bilýär.

Eger sen alkogolly içgini kabul eden bolsaň, onda maşyn sürmegin!