ARAK KÖP IÇILENDEN SOŇ AGYR SERHOŞLYKDAN AÇYLMAK ÜÇIN ASPIRIN ÝA-DA KOFE NETIJELIMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

icgi we aspirinElbetde, agyr serhoşlykdan soň kofe içgisiniň düzümindäki kofein beýnini tijendirip biler. Ýöne şeýle ýagdaýlarda aspirini kabul etmegi lukmanlar maslahat bermeýärler. Aspirin dermany onsuzam aragyň köp mukdary bilen gyjyndyrylan aşgazanyň nemli örtügini beter gyjyndyryp, ony zeperlendirip biler. Arakdan soň aspiriniň içilmegi ýiti gastrit, aşgazanyň baş keseli ýaly keselleriň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Lukmanlar alkogol zäherini bedenden çykaryp serhoşlykdan açylmak üçin arassa suwy, gök çaýy, mineral suwlary (meselem, Boržomi) kabul etmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, eleuterokokk, ženşen, imbir ýaly biologiki goşundylaryň peýdalanylmagy hem serhoşlykdan açylmaga kömek edip biler.