MENIŇ DOSTUM NEŞE ULANÝAR. MEN HEM BIR GEZEK ULANYP GÖRSEM BORMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dost nese ulanyarBelki sen neşekeşligiň (narkomaniýa) dowamly keseldigini we onuň ömrüň soňuna çenli dowam edýändigini eşiden bolsaň gerek. Neşekeşlikden seýrek ýagdaýlarda doly sagalma gazanyp bolýar – ol dikeldip bolunmajak psihologiki we emosional bozulmalara getirýär.

Neşe serişdeleri, hatda olaryň iň ýeňil görnüşleri hem adamyň wyždanyny gowşadýar, erkini alýar. Adam indi hiç zady özi saýlamaga erkli bolmaýar, ol neşe serişdesiniň täsirine düşýär. Adamyň hemme islegleri neşäni küýseýär, soňundan oňa bolan öwrenişme, garaşlylyk döräp, beden agzalary zeperlenip başlaýar.

Seniň dostuň neşe ulanyp ýören bolsa, ahmal ol eýýäm neşekeş bolandyr. Onuň bar aladasynyň neşe tapmaga gönükdirilendigini, onuň okuwyna, maşgalasyna, dostlaryna (şol sanda saňa hem), durmuşa, öz durmuşy gyzyklanmalaryna, özüne gatnaşygynyň üýtgändigini, megerem, sen duýýansyň. Seniň hem dostuňa meňzasiň gelýärmi?

Neşe serişdesiniň hatda ilkinji gezek ulanylmagy hem sende oňa bolan öwrenişmäni döredip biler. Gynansakda, biziň ýurdumyzda şu mesele boýunça ýetginjekler bilen, ýaş adamlar bilen iş alyp barýan, öz içine lukmanlary, psihologlary alýan guramalar ýok bolmagyna galýar.

Asla neşe serişdesini ulanyp görmekden saklan! Şeýle dogry hereket Seniň öz geljegiňi, maşgalaňy ummasyz kynçylyklardan halas eder!