MENIŇ EŞIDIŞIME GÖRA TIRÝEK ÇEKMEK BAŞGA NEŞE SERIŞDELERI BILEN DEŇEŞDIRLENDE HOWPLY DÄL. BU ÝALANMY ÝA-DA DOGRY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tiryek cekmekTirýek – tirýegiň güllerinden alnan şire bolup, tebigy neşe serişdelerine degişli edilýändir. Tirýegiň düzümine girýän biologiki işjeň maddalar beýniniň reseptorlaryna täsir edip, adamy hakykatdan daşlaşdyrýandyr – onda lezzetli duýgulary döredýändir. Adamda beýni öýjükleriniň üýtgemegi netijesinde neşä bolan talap barha ýokarlanýandyr. Lezzetli duýgulary almak üçin ol neşäni barha ýygy kabul etmäge çalyşýar we onuň mukdary gezekden-gezege köpelýär. Şeýdip, tirýege bolan öwrenişme döreýär.

Tirýekden garaşly bolmagy indiki alamatlar häsiýetlendirýär: häsiýetiň üýtgemegi, keýpiköklügiň lapykeçlik bilen gezekleşmegi, demgysma, damar çekmeler, dowamly kellagyrylar, görejiň kiçelmegi, ýürek urmalaryň ýygylaşmagy, ýöreýşiň üýtgemegi, ýadyň we daşda bolup geçýän hadysalara baha bermek endiginiň peselmegi.

Tirýegiň dowamly kabul edilmegi dem alşyň ýetmezçiligine, ýürek-damar kesellerine, beýni gan aýlanşynyň ýetmezçiligine, içki agzalaryň nemli gatlagynyň ýaralarynyň döremegine, damarlarda gan lagtalarynyň döremegine getirip bilýändir.

Görşümiz ýaly, tirýek himiki sintezirlenen neşe önümi bolman, ösümlikden alynýan neşe serişdesi bolsa-da, öwrenişmäni döredip, beden üçin çynlakaý howplara sezewar edip bilýändir.