ABORT – KANUNY, HOWPSUZ WE SEÝREK BOLMALYDYR.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)
abort barada

Abort – bu emeli usullaryň kömegi bilen ýatgydaky çagany aýyrmadyr.

Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr!

Abort kanun taýdan kepillendirilmeli. Jemgyýetde abortyň kanun taýdan elýeter bolmagy we jynslaryň arasyndaky deňsizlik, zyýanly däp-dessurlar we dini düşünjeler bilen arabaglanşykly bolýar. Aborta çäklendirmäniň girizilmegi jemgyýetde jynslaryň deňsizliginiň döremegine, aýal-gyzlarynyň hukuklarynyň ýoýulmagyna goşant goşýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň geçiren seljermelerine görä, abortyň rugsat edilen we rugsat edilmeýän ýurtlary deňeşdirilende, olaryň ikisinde hem abort etdirmegi ýüregine düwen aýalyň aborty etdirmek ähtimallygy deň bolup galýlar. Aborta girizilen çäklendirilmeler we gadagançylyklar abort etdirýan aýallaryň sanyna täsir edenok.

Howpsuz abort. Abort geçirýän lukmanyň ýeterlik derejede hünärmenlik ukyby bolanda we arassaçylyk taýdan lukmançylyk talaplary doly berjaý edilende ol howpsuz abort bolýandyr. Abortyň rugsat edilýän möhletiniň çäklendirilmegi kynçylyk döredýär, aýaly kemsidýär we ony ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini almak hukugyndan mahrum edýär.

Seýrek geçirilmeli abort. Halkara tejribe, "seýreklik" statistiki sanlara abortyň elýeterlik möhleti çäklendirliip ýetilende jemgyýetdäki her bir aýalyň saglygyna howp salýandygyny we aborty geçirmek üçin "başga ýollaryň" gözlenýändigini görkezýär. Döwrebap jynsy terbiýe, ýetginjeklere we ýaş adamlara niýetlenilen maşgalany meýilleşdirmek babatdaky bilim, abort baradaky bilim, kanunlaşdyrylan, howpsuz abort, elýeter kontrasepsiýa serişdeleri, döwrebap reproduktiw hyzmatlary ýaly çäreler abortyň öňüni almakda uly netije berýär we onuň sanyny jemgyýetde azaldýar.

Saglyk redaksiýasy