ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ DISPLAZIÝASY NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yatgynyn boyunjygynyn displaziyasyÝatgy boýunjygynyň displaziýasy ragyň öňýanyndaky kesellere degişli edilýän bolsa-da, ol hemişe rak keseline öwrülmeýär. Wagtynda ýüze çykarylyp bejerilen ýagdaýynda, onuň raga öwrülmeginiň öňüni alyp bolýandyr. 

Kada görä, ýatgy boýunjygyny örtýän köpgatlakly ýasy epiteliý aýdyň araçäkli gatlaklara bölünendir. Edil önümleriň gatlak-gatlak goýlup işdäaçar taýynlanyşyny göz öňüne getiräýiň. Iň aşaky gatlak-bazal, soň parabazal, soň aralyk gatlak, ondan soň epiteliniň üstki gatlagy tapawutlandyrylýar. Ýatgy boýunjygyny örtýän epiteliýada döreýän kadasyz üýtgemeleri III derejä bölýärler:

I derejeli displaziýa – öýjükleriň kadasyz bölünmegi we görnüşiniň üýtgemegi aşaky bölekde ýüze çykyp, ýokarky 2/3 böleginde epiteliýanyň bölünmesi kadadyr.

II derejeli displaziýa – öýjükleriň kadasyz bölünmegi epitelial gatlagyň aşaky 2/3 bölegini tutýandyr.

III derejeli displaziýa – öýjükleriň nädogry bölünmegi ýatgy boýunjygyny örtýän epiteliýanyň 2/3 böleginden köp böleginde syn edilýändir. 

Ýerli dörän rak ýa-da latynça "cancer in situ" ýagdaýy – ýatgy boýunjygyny örtýän epiteliýasynyň hemme gatlaklarynyň öýjükleriniň üýtgemegidir.

Displaziýa nämeden döräp biler?

Soňky ýyllarda geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, 50-80% ýagdaýlarda aram we agyr displaziýanyň esasy sebäbi hökmünde adamyň papillomawirusynyň onkogen (esasan 16 we 18 tip) görnüşlerini belläp bolar. 

 Ondan başga-da, displaziýanyň döreme howpuny ýokarlandyrýan ýagdaýlar:

↪ Başga wiruslaryň görnüşi (uçuk wirusy, sitomegalowirus);

↪ Jynsy gatnaşyklaryň ir başlanmagy (18 ýaşdan ir);

↪ Jynsy gatnaşyklaryň köp adamlar bilen geçirilmegi;

↪ Kiçi ýaşda dörän göwrelilik;

↪ Köpsanly dogumlar, abortlar;

↪ Immun ulgamynyň ýetmezçiligi;

↪ Çilimkeşlik;

↪ Nesilyzarlaýjylyk häsiýeti.

Alamatlary nähili?

Aýallaryň köpüsinde displaziýa hadysalary alamatsyz geçýär we ynjalyksyzlyga sebäp bolmaýar. Käwagtlar jynsy gatnaşykdan soň jynshanadan gan akmalara syn edilýär. Ýokançlyk bilen dörän sowuklama hadysalarynda jynshanadan nem we suwly bölünip çykmalar gelip biler. Displaziýalaryň dürli derejeleri ýatgynyň boýunjygynyň başga kesellerinde (eroziýa, psewdoeroziýa, polip, leýkoplakiýa, ektropion) hem ýüze çykarylyp bilner ýa-da asla barlag wagty göräýmäge arassa, aýratynlyksyz ýatgynyň boýunjygynda hem bolup biler.

Nädip anyklanylýar?

Ýatgy boýunjygynyň displaziýasy köp halatlarda alamatsyz geçýär. Şonuň üçin-de, Saglyk öýünde öňüni alyş gözegçiliklerini berjaý edip, adaty sitologiki barlagdan geçmek wajypdyr. Sitologiki barlag displaziýanyň dürli derejelerini ýüze çykaran ýagdaýynda, Saglygy goraýyş Ministrligiň tassyklan protokollary esasynda barlag we bejergi çärelerini geçirmelidir. 

Häzirki wagtda TSGweDSM-nyň 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 30-na çykaran 349-njy belgili buýrugy bilen 29-55 ýaş aralygynda bolan aýallara ýatgy boýunjygynyň howply döremeleriniň öňüni almak maksady bilen tölegsiz sitologiki barlaglar geçirilýär. Aýallarda barlag we bejerginiň görnüşleri tassyklanan "Skrining barlagynda ýüze çykarylan ýatgy boýunjygynyň patologiýalary bolan aýallary sitologiki barlagyň netijelerine baglylykda alyp baryş Algoritmi" boýunça amala aşyrylýandyr.

Displaziýalara getirýän sebäpleri anyklamak maksady bilen lukman kolposkopiýa barlagyny, biopsiýany, ýokançlaryň barlagyny, gormonal durka baha berýän barlaglary geçirip biler.

Nähili bejerilýär? 

I derejeli displaziýada wagtyň geçmegi bilen öýjükleriň kadalaşmagy bolup bilýändir we ünsli gözegçiligi talap edýändir. Gerek bolan ýagdaýlarda, sowuklama hadysalaryna garşy derman bilen bejergi, endokrin we immun ulgamy kadalaşdyryjy bejergi berlip biler. Eger kadaly gözegçilikden 18-24 aý soň regres bolmadyk halatynda we aýalyň islegi boýunça ekssiziýa operasiýasy ýa-da başga destruktiw çäreler geçirilip bilner. II we III derejeli displaziýada kolposkopiki barlagyň netijelerine baglylykda bejergi usuly onkolog lukmany bilen bilelikde bellenilýär.

Ýatgy boýunjygynyň displaziýasy ýüze çykan her bir aýal bu ýagdaýyň rak däldigini we özwagtynda geçirilen anyklaýyş we bejergi çäreleriň sagalma getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.