GYZ ÜÇIN MAŞGALA GURMAGYŇ ÝAŞY BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

masgala gurmagyn yasy barmyMaşgala gurmak gyzdan hem, oglandan hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Maşgalada ýaşamak günsaýyn jogapkärli çözgütleri gözlemegi, öz endikleriňi üýtgetmegi, başgalaryň aladasyny etmegi, köplenç hem maşgala bähbitlerini özüňkiden ýokary goýmagy talap edýär.

Maşgala durmuşyna kämil akyl, taýynlykly, emosional durnuklylyk bilen çemeleşmek üçin gyz haýsy ýaşda bolmalyka?

Hereket edýän kanunçylykda biziň ýurdumyzda nika baglanyşmaga 18 ýaşdan rugsat berilýär. Bu ýaşda beden fiziologiki taýdan kämilleşýär we belli bir derejede emosional durnuklylyk emele gelýär diýip hasaplaýarlar. Oňa garamazdan, lukmanlar we psihologlar maşgala gurmagyň ortaça ýaşyny 22-25 ýaş diýip belleýärler. Çünki, bu ýaşda önelgelilik ulgamynyň işjeňligi durnuklaşýar, gyz ruhy taýdan kämilleşýär, orta mekdebi gutarandan soň belli hünäriň başyny tutup, jemgyýetçilik durmuşyna ornaşýar. Gyz maşgalada belli bir sosial gatnaşyklar emele gelýär. Galyberse-de, bu ýaşda sagdyn çaga dogurma ähtimallygy ýokary bolýar.

Ýöne bu ýaş aralygynyň hem şertli bellenilýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Köp ýagdaýlar gyzyň maşgala ýagdaýyna, alan terbiýesine, göreldesine, bilimine, umumy dünýägaraýşyna, jemgyýetde eýe bolan ornuna bagly bolup durýandyr. Gyzlaryň içinde 20 ýaşda hem maşgalanyň keşigini çekip, durmuşa düşünmäge ymtylýanlary, 28-30 ýaşda hem durmuşa ýüzleý, ýeňilkellelik bilen garaýanlary bolup bilýändir.

Islendik ýaşda hem, eger gyz maşgala durmuşyny gurmagy ýüregine düwen bolsa, toýdan öň käbir möhüm soraglara jogap tapmaga ymtylmalydyr:

↪ Sen dogrudan hem, öz saýlan oglanyň artykmaç taraplaryny we ýetmezçiliklerini gowy bilýärsiňmi we onuň bilen maşgala durmuşyny nähili göz öňüne getirýärsiň?

↪ Seniň jynsy gatnaşyklar barada bilimiň ýeterlikmi we sen ony başlamaga taýynmy?

↪ Adamyň näderejede saňa şahsy azatlygy bermäge taýyn?

↪ Sen öz saýlan ýigidiň bilen maşgala hojalygyny alyp barmak, hojalykda işleriň bölünişilmegi barada gepleşdiňmi?

↪ Maşgala durmuşynda zerur bolanda siz biri-biriňize nähili kömek berip bilersiňiz?

↪ Siz maşgalada dogan-garyndaşlar bilen gatnaşyklary nähili ýola goýarsyňyz?

↪ Maşgalada maddy meseleleri siz nähili çözmekçi? Maşgalada pul serişdeleriniň sarp edilişine kim jogapkär bolmaly?

↪ Maşgalada näçe çaga bolmaly we çaga terbiýesinde siziň pikiriňiz deň gelip bilermi?

Maşgala gurmaga meýilli, kämillik ýaşyna ýeten islendik gyz maşgala durmuşynda ikitaraplaýyn, deňhukukly gatnaşyklaryň bolmalydygyny we gatnaşyklary saklamak üçin hemişe söýgüňi, mähriňi, hormatyňy, zähmetiňi goşup jan çekilmelidigini ýatda saklamalydyr.

Şöhle Myradowa, maşgala lukmany