GOWY GINEKOLOG LUKMANY NÄHILI SAÝLAMALY?
Her aýalyň durmuşynda ir-u-giç ginekolog lukmany saýlama zerurlygyň döreýär. Bu jogapkärli saýlawdyr, çünki her aýal özüne düşünjek, diňlejek, goldaw berjek tejribeli hünärmene duşmaga ymtylýar.
Eýsem, gowy lukmany nämeler häsiýetlendirýär? "Öz" lukmanyňy nähili tapmaly?
Gowy ginekolog lukmana esasy hünärmenlik häsiýetleri mahsusdyr:
↪ Iş eşiginiň, daşky görnüşiniň arassa, ykjam bolmagy;
↪ Näsaglara ünsli, göwnaçyk garamak. Näsagy gyzyklandyrýan hemme soraglara doly jogaplap, onda özüne bolan ynam döretmek wajypdyr. Her näsagyň talabyna görä wagt sarp etmek, mylakatlylyk, gürrüňdeşlikde başga işlere ünsüni sowmakdan saklanmak lukmanyň gowy häsiýetlenmesi bolup biler;
↪ Näsag barada doly maglumat ýygnamak. Ýokary hünärmen ginekolog lukmany zenanyň saglygyna baha bermek we dogry bejergini saýlamak üçin onuň saglygy, bar bolan dowamly keselleri, dogumlary, aýbaşy kalendary barada maglumat ýygnamalydyr. Barlagdan soň kesel kesgidi barada habardar edip, bejergi we dermanlar barada düşnükli maglumat bermelidir. Güýçli derman serişdeleri goşmaça barlagsyz berýän ýa-da derman almak üçin belli bir dermanhanany maslahat berýän lukman sizde şübhe döretmelidir.
↪ Ýokary hünärmenlik derejesi. Ginekolog lukman öz ugry boýunça bilimli, täze derman serişdelerden, döwrebap anyklaýyş we bejergi usullaryndan, ugurlardan habarly, öz bilim derejesini yzygider kämilleşdirýän, bilesigeliji hünärmen bolmalydyr;
↪ Lukman dogry maglumatlar bilen, dürs, asuda äheňde sözlemäge çalyşmalydyr. Ol düşnüksiz lukmançylyk sözlerini näsaga ýönekeý dilde düşündirmegi başarmalydyr;
↪ Ünsli, emaý bilen barlag geçirmek. Hemme barlag çäreleri agyrysyz, näsag üçin oňaýly şertlerde geçirilmelidir.
Gowy ginekolog lukmany nireden tapmaly?
Keselhana barmak: Ýokary hünärmen ginekolog lukmanyna belli bir iş sagatlarynyň we köp näsaglarynyň bolmagy mahsusdyr. Adatça şeýle hünärmene ýazylmak kynçylyk döredip biler. Ýöne, belli bir keselhanada lukman işini täze başlan bolsa ýa-da näsaglaryň nobatyny tertipleşdirmek üçin sagat boýunça kabul etse, näsaglaryň sany az bolup hem görnüp biler.
Internetden maglumat almak: Ýaşaýan şäheriňizdäki keselhanalar we onda işleýän lukmanlar barada maglumat berýän saýtlar, lukmanlaryň işleri baradaky seslenmeler, forumlardaky adamlaryň pikir alyşmalary hem gowy maglumat çeşmesi bolup biler.
Garyndaşdyr joralaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen gürrüňdeşlikde hem gowy ginekolog, onuň işleýiş aýratynlygy barada maglumat alyp bilersiňiz.
Aýdylan maglumatlar diňe bir gowy ginekolog lukmanyň gözlegi üçin ýaramly bolman, eýsem dürli ugurdaky lukmanlaryň gözlegi üçin peýdaly bolup biler.
- 54 gezek okalan