MEN NÄME ÜÇIN GÖWRELI BOLUP BILMEÝÄRIN?
Göwreliligi galdyryp bilmezlik meselesi aýala hem, erkek adama hem degişli bolup durýar. Önelgesizlik kynçylygy 35 ýaşdan ýaş aýallar üçin kadaly jyns gatnaşygy geçirilip 1 ýylyň dowamynda, 35 ýaşdan uly aýallar üçin bolsa 6 aýyň dowamynda göwrelilik galmadyk bolsa güman edilýär.
Göwreliligiň galmazlygy birnäçe sebäplere bagly bolup, ginekolog, androlog, endokrinolog, terapewt lukmanlarynyň utgaşdyrylan barlagyny we dowamly gözegçiligi we bejergini talap edýändir.
Göwrelilik name üçin galmaýar?
Ýatgy turbalarynyň geçirijiliginiň bozulmagy – jyns agzalary arkaly geçýän keseller, çanaklyk agzalarynyň sowuklama hadysalary, geçirilen operasiýalar, ýatgy turbalaryň doga kemçiligi, ýatgydan daşary göwreliligiň döremegi bir ýa-da iki turbalaryň geçirijiligine täsir edip, jyns öýjükleriň ýatgy turbasynda tohumlanmasyna bökdençlik döredip bilýändir.
Ýatgynyň keselleri – ýatgynyň doga kemçilikleri (meselem, ýatgynyň doga ösmezligi, içinde germewiň bolmagy), ýatgynyň içinde sepleşmeleriň bolmagy, ýatgynyň nemli gatlagynyň sowuklamasy, polipleriň, miomalaryň döremegi, adenomioz keselleri göwreliligiň galyp, düwünçegiň ösmegi üçin päsgelçelik döredýändir.
Gormonal bozulmalar – galkan şekilli mäziň, gipofiz mäziniň we böwreküsti mäziň keselleriniň, ýumurtgalyklaryň polikistoz keseli, semizlik, süjüli diabet keseli bedeniň gormonal durkuny üýtgedip, ýumurtgalyklaryň kadaly işiniň bozulmagyna getirýär.
Erkek adam tarapdan – erkek adamynyň dölüniň hiliniň pesligi sebäpli döräp biler. Erkek spermatozoidleriň mukdarynyň we hiliniň üýtgemegi dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler: genetiki keseller, hirurgiki operasiýalardan soň, käbir dermanlaryň kabul edilmegi, ýaramaz iş şertlerinde işlemek, dowamly stres, alkogol, neşe serişdeleriň kabul edilmegi, himiýa serişdeleri we rentgen şöhlesi bilen bejergi almak, semizlik, endokrin keselleri.
Görşümiz ýaly, önelgesizligiň sebäbini anyklap, bejergi çärelerini geçirmek üçin är-aýal jübütlerine reproduktologiýa merkezlerine ýüz tutmak wajypdyr.
- 29 gezek okalan