GÖWRELILIGIŇ GORMONAL ÖŇÜNI ALYŞ SERIŞDELERI: TOSLAMALAR WE HAKYKAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (21 Ses)

Göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri (gormonal kontrasepsiýa) – iň netijeli we ýygy ulanylýan usullaryň biri bolup, dünýäde 120 mln-dan gowrak aýal bu usuldan peýdalanýandyrlar. Dogry ulanylan halatynda onuň netijeliligi 99,9%-e deňdir.

Kontrasepsiýa üçin ulanylýan serişdeler öz düzüminde aýal jyns gormonlary bolan estrogeni we gestageni saklaýandyrlar. Häzirki zaman gormonal serişdeleriniň ýaramaz täsirliligi ýokdur we olary lukmanyň gözegçiligi astynda 6-12 aýlap kabul edip bolýandyr.

Olar aýala diňe bir göwreliligiň öňüni almaga mümkinçilik bermän, eýsem olaryň bejeriş häsiýetini hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu serişdeler kadasyz, agyryly we köp dowam edýän aýbaşyny kadalaşdyrmaga kömek edip, süýt mäzlerinde howpsuz täze döremeleriň, ýatgynyň we ýumurtgalyklaryň howply täze döremeleriniň, ýatgynyň miomasynyň, endometriozyň döreme töwekgelçiligini peseldýär.

Käbir gormonal serişdeler saçyň düşmeginiň, ýüzdäki köpelýän düwürtikleriň öňüniň almaga kömek edip bilerler. Utgaşdyrylan gormonal serişdeler bolsa göwreliligiň öňüni almagyň gaýragoýulmasyz çäresini geçirmek üçin ulanylýandyr.

Gormonal gerdejiklerden başga-da, deriasty goýulýan gormonal implantlar (norplant), sanjym görnüşde her üç aýdan ulanylýan (depo-prowero) serişdeler, jynshana goýulýan gormonal serişdeler (nowaring) görkezme boýunça giňden ulanylýandyr.

Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirlende, öňki Sowet giňişligindäki respublikalarda gormonal serişdeleriň ulanylyşy juda pesdir. Meselem, Russiýada bu usuly aýallaryň 3,5-5%-i ulansa, şol bir wagtyň özünde Beýik Britaniýada bu usuly aýallaryň 53%-i , Kanadada-60%-i, abort etdirmegiň öňüni alyp, ondan üstün çykan Niderlandiýada bolsa 63%-i üstünlikli ulanýandyrlar.

Onuň tersine, biziň aýallarymyz göwreliligiň öňüni almak usuly hökmünde köplenç ýatgynyň içine salynýan spiirallary, eýakulýasiýadan öň kesilen jynsy gatnaşyklary usullary ulanýarlar.

Russiýada ýatga salnan spirallary  aýallaryň 19-22%-i ulansa, Ýewropaly aýallaryň bu usuly bary-ýogy 1,5-2%-i ulanýandyr.

Eýsem, näme sebäpden aýallaryň arasynda gormon serişdeleriniň  "abraýy"  şeýle peskä?

Şunuň esasy sebäbi gormon seişdeleri barada berilýän maglumatlaryň ýetmezçiliginde diýip pikir edýärin. Köplenç lukmanyň aýal bilen içgin gürrüňleşip hem-de gormonal serişdeler barada doly maglumaty berip,  peýdaly görnüşini saýlap bermäge wagty bolmaýar. Ýatga spiraly goýmak bolsa köp wagt hem almaýar. Onsoň hem, gormon serişdeleri babatda peýdaly maslahat bermek üçin, lukmanyň özi hem olaryň görnüşlerinden, täsir ediş mehanizmi we aýratynlyklaryndan habarly bolmalydyr.

Biz näme üçin göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmakdan saklanýarys?                         

Geliň, nämäniň hakykat, nämäniň bolsa toslamadygyny kesgitläliň.

Toslama 1: Bu serişdeler saglyga zyýan ýetirýär.

Belläp geçişimiz ýaly, gormon serişdeleri bedene köp dürli täsir edip, görkezme bolanda olary jyns ulgamynyň käbir bozulmalarynda üstünlikli ulanýandyrlar. Esasy berjaý etmeli düzgün- her bir gormon serişdäni aýalyň beden we endokrin ulgamynyň aýratynlyklaryna, alynmaly netijä baglylykda bellemelidir.

Toslama 2: Eger gormon gerdejikleri meniň aýal doganyma (jorama, goňşyma) ýaraýan bolsa, maňa hem ulanmak bolýandyr.

Ýok, gormon serişdeleri hemişe lukmanyň maslahatyndan, barlagyndan soň bellenmelidir.

Serişdäni bellemezden öň çanaklyk agzalaryň USB-ny geçmek, ganyň lagtalanyş derejesini kesgitlemek, ganyň glukoza barlagyny geçmek, gerek bolan ýagdaýynda başga ugurly lukmanlaryň hem maslahatyny almak wajypdyr.

Joraňyza ýaran serişde Size-de bolar diýip bolmaz. Şonuň ýaly-da, joraňyza ýaramadyk serişde, Size-de ýaramaz diýen düşünje ýalandyr.

Toslama 3: Gormon serişdeleri ulanylandan soň, uzak wagt göwreli bolup bolanok.

Düýbünden beýle däl! Maglumatlaryň görkezişi ýaly, gormon serişdelerini bes edilenden soň birinji aýda, göwreliligiň galma töwekgelçiligi, has hem ekizleriň we üçemleriň bolma mümkinçiligi 1,5-2 esse ýokarlanýandyr. Göwreliligi galdyrmak üçin gormonal serişdelerini 3-4 aýyň dowamynda bellemek, önelgesizligiň käbir görnüşlerini bejermekde giňden ulanylýan usuldyr.

Gormon serişdäniň öň ulanylmagy, soň emele gelýän göwrelilige hiç hili ýaramaz täsirini ýetirýän däldir.

Toslama 4: Gormon serişdelerini 20 ýaşdan ýaş aýallara ulanmak bolmaýar.

Ýok, gormon serişdeleri ýaş aýallara hem kabul etmek bolýandyr.

Toslama 5: Her ýarym ýyldan (bir, iki ýyl) gormonal serişdeleri kabul etmekde arakesme etmek zerurdyr.

Bu pikir nädogrudyr. Serişdeleri ulanylanda arakesme etmek bolup biljek gaýraüzülmeleriň ýygylygyna hem, çaga dogurma mümkinçiligine hem hiç hili täsir edip bilmeýär. Olara ulanmaga garşy görkezme bolmasa (ony lukman çözýär), bu serişdeleri aýbaşydan galma döwrüne çenli ulanyp bolýandyr.

Toslama 6: Çaga emdirýän aýallar gormonal gerdejiklerini ulanyp bilmeýärler.

Çaga emdirýän aýallar üçin aýratyn görnüşli gormon serişdeleri bardyr. Adaty gormon serişdeleri süýt emele gelme ýagdaýyna öz täsirini ýetirýänligi sebäpli, olary bu döwürde ulanmak bolýan däldir. Çaga emdirýän aýallara gestagen gormonynyň az mukdaryny saklaýan (mini-pili) serişdeler maslahat berilýär. Bu serişdeleriň esasy ulanyş aýratynlygyna, olaryň arakesmesiz, her 24 sagatdan kabul edilmegi degişlidir. Ulanyş düzgüninde ýalňyşylma, olaryň täsirliligini juda pese gaçyryp biler.

Toslama 7: Gormon serişdeleri semredýär.

Köp aýallarda gormon serişdeleriniň täsiri bilen işdäleri açylsa, käbir aýallarda ol tersine peselýändir. Öňünden bu ýagdaýlary aýtma kyndyr. Bedeniň agramynyň ösmegine bu serişdeleriň düzümine girýän gestagenler "jogapkärdirler". Olar bedende suwuklygy saklamaga hem ukyplydyr. Şonuň üçin hem, agramynyň artmagyna töwekgelçiligi bolan aýallara gestageniň az mukdaryny saklaýan gormon serişdeleri bellenilýändir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu usuly ulanýan aýallaryň diňe 5-7%-i bu kynçylyga duş gelýändirler. Beýleki aýallaryň agramy üýtgeýän däldir.

Toslama 8: Her gün kabul edeniňden, iň gowusy, postinor ýaly gaýragoýulmasyz kömek hökmünde ulanylýan serişdeleri kabul edeniň gowy.

Bu ýalňyş düşünje ýaş we tejribesiz aýallaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Gaýragoýulmasyz ýagdaýda kabul edilýän (postinor, eskapel) serişdeleriň gormonlaryň juda köp mukdaryny saklaýanlygyndan olar habarsyz bolsa gerek. Onuň ýaly gormonyň mukdaryny aýal  adaty serişdäniň düzüminde “damjadan“ bir aýyň dowamynda kabul edýär.

Durmuşda tötänleýin başlan jynsy gatnaşyklar soňabaka yzygiderli gatnaşyklara geçen ýagdaýynda bu serişdeleri ýygy-ýygydan ulanmak maslahat berilmeýär. Sebäbi olar bedeniň gormonal ýagdaýyny bozup, soňundan önelgesizligiň döremegine getirip biler.

Toslama 9: Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar.

Tersine: Käbir gormon serişdeleri düwürtikleri bejermek üçin bellenilýär (meselem, Diane-35).

Toslama 10: Gormon serişdeleriň täsiri bilen bedende gyl örtügi köpelýär.

Ilkinji öndürilen gormon serişdeleri (geçen asyryň 60-njy ýyllary) dogrudan hem şunuň ýaly kemçiliklere eýedi. Häzirki zaman serişdeleri bolsa himiki tehnologiýasy taýdan kämilleşen bolup, onuň ýaly häsiýetlere eýe däldirler. Olaryň käbiri bolsa tersine, saçlaryň inçelip, azalmagyna getirýändirler.

Toslama 11: Gormon serişdeleri uzak kabul edilende, aýbaşy kadasyz bolup, kähalatlarda bolman hem bilýär.

Biziň belleýşimiz ýaly, bu serişdeler aýbaşy halkasyny kadalaşdyryp, agyrylary aradan aýyrmaga kömek edýärler. Gormonal serişdeler bes edilensoň, aýallaryň 2%-de aýbaşy halkasy bozulyp biler.

Bu ýagdaý, serişdeleriň netjesizliginden habar bermän, aýalda öň bar bolan kynçylyklaryň ýüze çykmagy netijesinde bolýandyr.

Toslama 12: Gormon serişdeleri kabul etmek, ýumurtgalyklaryň we süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

Kanadanyň alymlarynyň görkezişi ýaly, göwreliligiň öňüni alyş gormon serişdelerini kadaly kabul etmek, ýumurtgalyklaryň howply täze döremeleriniň ýüze çykma töwekgelçiligini 45-60% peseldýändir.

Süýt mäzleriň howply täze döremeleriniň ýygylygyna bu serişdeler hiç hili täsir edýän däldirler.

Toslama 13: Gormon gerdejikleri jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goraýarlar.

Şuňa hiç hili subutnama tapylan däldir. Gerdejikler, ýatgynyň boýunjygynyň neminiň goýalmagyna getirip, ýokançlygyň geçmeginiň öňüni alýanlygy sebäpli, kiçi çanaklyk agzalarynyň ýiti sowuklama keselleriniň döreme mümkinçiligini peseldip bilýärler. Ýöne jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklardan bu gerdejikler gorap bilmeýärler.

Hormatly okyjylarymyz! Siz indi nämäniň toslamadygyny, nämäniň hakykatdygyny bilýärsiňiz. Şonuň üçin-de, saglyk ýagdaýyňyza haýsy çäreleriň has ýaramlydygyny özüňiz çözüň. Eger göwreliligiň gormonal öňüni alyş serişdeleri babatda soraglaryňyz ýzüe çyksa, öz ginekolog lukmanyňyz bilen maslahatlaşmagy ýatdan çykarmaň.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.