SÜÝT MÄZINIŇ HOWPLY TÄZE DÖREMELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (17 Ses)

Soňky ýyllarda ýer ýüzünde süýt mäziniň howply täze döremeleri (SMHTD) bilen keselleýänleriň sany artdy. Ösen ýurtlarda rak keselli aýallaryň her  100-siniň 18-zinde süýt mäziniň howply çişleri ýüze çykaryldy. Bütündünýa Saglygy Goraýyş  Guramasynyň 2006-njy ýyldaky maglumatlaryna görä, Fransiýa süýt mäziniň ragy bilen kesellänleriň sany boýunça dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Ýurtda hasaba alnan çiş keselleriniň 32%-ni süýt mäziniň howply täze döremeleriniň emele getirýänligi anyklanyldy. ABŞ-da her 8-nji aýalda SMHTD-i  ýüze çykaryldy.   

Alymlaryň çaklamagyna görä, şu asyrda süýt mäziniň howply çişine ýolugan aýallaryň sany 1 milliondan geçer.            

Eýsem bu kesel barada biz nämeleri bilmeli  we ondan nähili goranmaly?

SMHTD-ne getirýän töwekgelçilik faktorlarynyň birnäçesi  bellidir.

Süýt mäzleriniň howply döremelerinden goranmagyň iň amatly usuly - göwüsleri özbaşdak barlap durmak we mammografiýa barlagyny geçirmekdir.                                                                                   

Mammografiýany 40 ýaşdan soň, aýal biynjalyk edýän zadynyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan her 2 ýylda 1 gezek hökman geçmelidir. Bu barlag göwüsde keseliň iň irki alamatlarynyň biri bolan, kalsiniň toplanmagynyň ujypsyz mukdaryny hem görkezýär. Şunuň bilen mammografiýa USB-dan (Ultra Ses Barlagyndan) we tomografiýa barlagyndan tapawutlanýar.   

30 ýaşdan geçen aýallara her aýda aýbaşydan takmynan 10 gün geçenden soň çep we sag göwüsleri barlamak maslahat berilýär.

1. Aýnanyň öňünde göwsüň,  emzikleriň daşky görnüşine serediň.

2. Elleriňizi ýokaryk galdyryp, göwüslere ilki öňünden soň her tarapyndan serediň.
3. Dik duran ýagdaýyňyzda göwsüňizi eliňiziň üç barmagy bilen basyň. 4. Ýokarky daşky bölekden (göwüsler bu ýerde has dykyzdyr). Sagadyň dili boýunça hereket edip, usullyk bilen basyp barlaň.
5. Eliňiziň başam we uly barmagy bilen göwüsleriňiziň emzigini gysyp görüň. Olardan suwuklygyň çykyp, çykmazlygyna üns beriň. 6.Ýatan ýeriňizden, göwsüň her bölegini tertip boýunça basyp barlaň.
7.Goltugyňyzdaky limfodüwünleri barmagyňyz bilen barlap görüň.

Göwsüň görnüşiniň üýtgemegi, onuň gatamagy, derisiniň gyzarmagy, çişmegi, çekilmegi, emziklerden goňrumtyl suwuklygyň ýa-da ganyň gelmegi howply alamatlardyr. Ýöne bu alamatlaryň köpüsiniň süýt mäzleriniň howply däl başga kesellerinde hem duş gelýänligini unutmaň. Doly barlag üçin ginekolog lukmana ýüz tutuň.

Alymlaryň aýtmagyna görä, süýt mäzleri üçin iň gymmatly önüm - kelemdir. Onda saklanýan witaminler we minerallar bedeniň gormonal ýagdaýyny kadalaşdyryp, howply täze döremeleriň hemme görnüşiniň hem öňüni alýandyr. Göwüsler agyranda lukmanlar olara gije kelemiň ýapragyny ýapmaklygy maslahat berýärler. Onuň sowuklamany, çişi aýyrmak häsiýeti bardyr. Galybersede, zenanlaryň iýmiti A we E witaminlere baý bolmalydyr.

Islendik keselde bolşy ýaly, süýt mäziniň howply täze döremelerinde hem öňüni almak bejermekden ýeňil, ygtybarlydyr. Ýylda 2 gezek ginekolog lukmanyna görünýän, barlagdan geçip, keselleriň bejerilmegini gazanýan, sagdyn ýaşaýan zenan süýt mäziniň howply döremelerinden özüni goraýandyr.