ERKEKLER WE AÝALLAR: 10 ESASY AÝRATYNLYK ÝA-DA AÝALLARA DÜŞÜNMEGIŇ SYRLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (62 Ses)

Aýallaryň we erkekleriň fiziologiki aýratynlyklary diňe önelgelilik ulgamy bilen çäklenmeýär. Görlüp oturylsa, jynslaryň reňkleri we yslary kabul edişi, garaňkyda görme, pikirlenme ukyplylygy diýseň tapawutlanýar eken. Geliň, bu tapawutlyklara belli bir tertipde seredip geçeliň.

1. BEÝNI

Erkek adam, düzgün bolşy ýaly, bir meseläni çözmek üçin ünsüni jemlemäge ukyply bolsa, aýallar birnäçe meseläni, bir wagtda çözmäge ukyplydyrlar. Onuň sebäbi beýniniň gurluş aýratynlygyndadyr: aýallarda beýniniň sag we çep ýarym şarlaryny nerw süýümleriniň köp mukdary birleşdirýändir. Erkeklerden tapawutlylykda, aýallarda gepleme merkezleriniň beýniniň iki ýarym şarlarynda hem ýerleşýändigi sebäpli, olara daşary ýurt dillerini öwrenme ýeňil düşýär. Ýöne giňişlikde ugur tapma ukyplylygy boýunça aýallaryň erkek adamlardan has yza galýandygyny bolsa boýuň almalydyr.

2. BEDEN ÇEÝELIGI

Aýallaryň boýun oňurgasy çeýe bolýar. Şol sebäpden, aýallara yzyna seretmek üçin diňe kellesini öwürme ýeterlik bolsa, erkekler onuň üçin bütün göwresini öwürmeli bolýar.

3. DERI

Aýallaryň derisi bilen deňeşdirlende, erkekleriň derisi has galyň bolup, onuň ýüzünde ýgyrtlar gowy görünýär. Ýöne aýallaryň derisi has öň hem garraýandyr. Bu hadysa ýaş bilen bagly üýtgemeleriň täsiri bilen düşündirilýändir. 35 ýaşdan soň deriniň kollagen süýümleriniň emele gelşine peýdaly täsir edýän estrogen gormonynyň derejesi peselýändir. Edil şol sebäpden hem, ýokary hilli kremleri ulanma we kosmetolog lukmanynyň maslahatyny alma, aýallaryň öz sözüni gögertmek üçin edýän hereketi bolman, gözel keşbini saklamak ugrundaky aladasy bolup durýandyr.

4. REŇK SAÝGARMA UKYBY

Erkekler bu ugurda ukyply saýylyp bilinmez. Onuň hem öz fiziologiki sebäpleri bardyr. Aýallar hemme reňkleriň dürli öwüşgininiň 100. mln-dan gowrak görnüşini saýgarmaga ukyply bolan halatynda, erkekler köplenç ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny hem kesgitlemäge ukypsyz bolýarlar (ýogsa-da, aýallarda daltonizm-reňkleri saýgaryp bilmezlik keseli duş gelmeýär). Oňa seretmezden, erkek adamlar has ownuk ýazuwa hem düşünip, garaňkyda aýdyň görmäge ukyplydyrlar.

5. YS DUÝMA

Aýallar dürli yslary alyp, olary dogry kesgitlemäge ukyplydyrlar. Şonuň üçin hem, aýallaryň dürli hoşboý ysly atyrlary, bedeni idetmek üçin niýetlenen ýaglardyr, ýakymly yslary berýän şemleri halamagy ýöne ýerden däldir. Edil şonuň üçin hem, aýallar erkekler tarapyndan ulanylan joraplaryň çem gelen ýere zyňylmagyny halamaýarlar.

6. JYNSY GATNAŞYKLAR

Geň bolup görünse-de, erkek we aýal jyns agzalarynyň arasynda belli bir meňzeşlik bardyr. Kinnik (klitor) we ujyt birmeňzeş gurluşa eýedir-ikisinde hen sütün, pürçük, kellejik we soňkyny örtýän deri gasyny bardyr. Ýöne aýallara seksual keýpi (orgazm) almak üçin, erkekler bilen deňeşdirlende, 5 esse köp wagt gerek bolýandyr.

7. JYNS GORMONLARY

Aýal ýumurtgalyklary bedende bolup geçýän üýtgemelere jogap berýän gormony-estrogeny işläp çykarýarlar. Erkek adamyň bedeninde hem bu gormon işläp çykarylsa-da, onuň mukdary azdyr. Estrogeniň köp peýdaly taraplary bardyr: ol bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, deriniň we nerw ulgamynyň işine oňaýly täsirini ýetirýändir. Ondan başga-da, ol agyr holesteriniň derejesini peseldip, süňklerde kalsiý mineralynyň toplanmagyna ýardam berýändir. Häzir derman serişdeleriniň önümçiliginde, tebigy görnüşe meňzeş estrogen öndürilip, belli bir tertip bilen kabul edilende, aýbaşy halkasynyň gününe mahsus gormonyň mukdary bilen bedeni upjün etmäge ukyplydyr.

8. GENETIKI AÝRATYNLYKLAR

Erkek adamlaryň jynsy hromosomlarynda aýallardan tapawutlylykda iki däl-de, bir X-hromosomanyň saklanýandygy sebäpli, olarda nesil yzarlaýan keseller ýygy duş gelýändir. Zeperlenen X-hromosoma gemofiliýa (gan durmazlyk), daltonizm we saç düşme keselleriniň döremeginiň sebäbi bolup durýandyrlar.

9. ALKOGOLY KABUL ETME

Aýallaryň alkogol içgileri kabul edip bilmezliginde asla olaryň günäsi ýokdur. Aýal bedeninde alkogoly özleşdirýän ferment bolan- alkogoldegidrogenaza az mukdarda işlenilip çykarylýandyr. Ýöne alkogola bolan garaşlylyk hem aýallarda has seýrek döreýändir.

10. ÝÜREK SAGLYGY

Gan damarlaryny goraýan estrogen gormonynyň täsiri bilen aýallar uzak ýaşaýarlar. Aýbaşydan galma döwri gelip ýetýänçä, aýallar beýnä gan inme, ýürek infarkty ýaly ýürek-damar ulgamynyň howply keselleri bilen seýrek keselleýärler.