TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY WE BIZIŇ ENDIKLERIMIZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (20 Ses)

Täze ýyl baýramçylygy (dogrusyny aýtsak, diňe bir bu baýramçylykda hem däl) biziň bedenimiz üçin çynlakaý synag bolup durýar. Onuň hem sebäbi – biz alkogol içgilersiz şatlanyp bilmeýäris. Alkogol içgiler bilen birlikde nädip saglygyňa zyýan ýetirmän we başgalaryň keýpini bozman bolarka?

Biziň hemmämiz alkogolly içgileriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilýäris. Ýöne onuň seýrek we akylly-başly, çeni bilen kabul edilmegi onuň zäherleme täsirini peseldip biler.

Taýynlyk görýäris

Alkogol içgisinden soňky nähoşlugyň döremegi (rus. – pohmelnyý sindrom) – siziň öňýanyndaky gün alkogoly çendenaşa kabul edendigiňiziň alamaty bolup durýar. Ýöne bedeni taýynlap, geljekki "alkogol agramlylyga" döz gelip bolar.

► Oturylyşykdan iki gün öň, her günde 200 gr. mukdarda deňiz kelemini iýiň. Ol baýramçylyk güni we onuň ertesi alkogolyň täsirini peseltmäge kömek edip biler. Ýöne şeýle täsirlilik bir gezeklikçe ýüze çykyp, ol soňky günler kömege gelmeýär.

► Baýramçylygyň öňýanyndaky gün mekgejöwen gulpagynyň demlemesini içiň. Onuň 1 nahat çemçesiniň üstüne 1 stakan gyzgyn suw guýup basyryň we 2 sagat saklaň. Ondan soň demlemäni süzüň. Mekgejöwen gulpagy ödüň çykmasyny kadalaşdyryp, şonuň bilen birlikde hem alkogol zäherleriniň bölünip çykmagyny çaltlandyrýar we aşgazanasty mäzi goramaga kömek edýär. Şeýle demlemäni birinji bulgury içmezden 2 sagat öň kabul etmäge çalşyň.

"Sanjym" edýäris

Bedeni garaşylýan "alkogol agramlylygyna" taýynlamak üçin, birinji bulgur galdyrmazdan 4 sagat öň alkogolyň "taýynlaýjy" mukdaryny kabul ediň. Ol bedeniň agramyna baglylykda 100-150 ml. alkogol içgisiniň mukdaryny düzüp, baýramçylyk güni kabul etjek umumy alkogolyň 1/10 böleginden köp bolmaly däldir. Ondan soň gowy naharlanma maslahat berilýär. Alkogolyň ilkibaşky mukdary alkogol zäherlerini dargadyjy fermentleriň işläp çykmagyna ýardam berip, sizi baýramçylygyň başlanmagyna taýynlaýar. Eger siz başga içgini kabul edýän bolsaňyz, onda "taýynlaýjy sanjymy" onuň bilen geçiriň. Meselem, 100 ml. aragyň we 320 ml. çakyryň täsirliligi deňdir.

Saçak başynda

→ Alkogol içgileri garyp içmekden saklanyň.

→ Alkogol içgileri gazlandyrylan içgiler bilen içmäň – bu ýagdaý serhoşlyga çalt getirýär.

→ Çakyrlaryň dürli görnüşleri içilende şu düzgünler zäherlenmäni azaltmaga kömek edip biler: açyk reňkli çakyrdan – dok reňkli çakyrlara, alkogoly pes gradusly çakyrdan – ýokary gradusly çakyra, gury çakyrdan – süýji çakyra.

→ Çeniňizi biliň! Bedeniň her 1 kilogrammyna aragyň 6-8 ml. mukdary – adam üçin alkogolyň howpsuz çägi hasaplanýar. Ondan köp mukdar bedene zyýan ýetirip bilýändir.

→ Ýatda saklaň! Alkogol içgilerden soň döreýän nähoşlugyň we alkogol bilen zäherlenmäniň iň agyr ýagdaýlary, uçujy, zäherli ýaglary saklaýan, pes hilli alkogol içgileri zerarly döreýändir. Şonuň üçin hem, içgileri diňe öňden bilýän dükanlaryňyzdan satyn almaga çalşyň.

Alkogol we naharlar

Alkogol içgileri bilen iýilýän naharlar mukdary boýunça ol diýen köp bolmaly däldir. Sebäbi iýmit bilen işine agram salnan bagra alkogol zäherlerini çykarma kyn bolup biler. Ýöne halk arasynda ýagly tagamlaryň çalt serhoş bolmakdan goraýandygy baradaky düşünje hem bar. Dogrudan hem, ýag aşgazanyň diwarlaryny gurşap alyp, alkogolyň çalt sorup alynmagynyň öňüni alýar. Ýöne bu ýagdaý serhoşlygyň döremegini diňe gijikdirýär, içmekden soňky nähoşlugy bolsa güýjedýär.

Alkogolyň ýany bilen şu önümler köp kabul edilmeli däldir: ýagly et, öý ördegi, noýba önümleri, büzmeçler. Şonuň ýaly-da, öý sirkesini, sogany, burçy, sarymsagy düzüminde saklaýan ýiti tagamlary aşa iýmekden saklanmalydyr. Olar alkogolyň okislenmegini haýalladýarlar.

Alkogol bilen iýilýän ýeňil önümler:şireli ir-iýmişler (esasan hem almalar we sitrus önümleri), alma we üzüm şireleri, bal.

Aslynda her içginiň ýanyndan berilmeli tagamlaryň aşakdaky görnüşleri maslahat berilýär:

Arak – alkogol içgileriň arasynda zäherlendirme täsirliligi boýunça iň gowşak içgidir. Bir demde, dem alma wagty içilýär. Duzlanan gök önümler, doňuz ýagy, balyk işbili, duzlanan balyk bilen ýer almasyndan taýynlanan tagamlar bilen;

Konýak – peýnir ýa-da limon bölekleri bilen;

Gyzyl çakyr – et, buga bişen guş eti, peýnir bilen;

Ak çakyr – deňiz önümleri, balyk, guş eti we ir-iýmişler bilen;

Şampan içgisi – deňiz önümleri, işbil, peýnir, ir-iýmişler we buzgaýmak bilen utgaşyklykda içilýär.

Çenden aşylan bolsa

Eger içmekden soňky nähoşluk ýüze çykan bolsa:

⇒ 2 sagadyň dowamynda gazsyz 1-1,5 l. çenli suw içiň. Şonuň ýaly-da, günüň dowamynda köp mukdarda suw we aşgarlanan mineral suwuny içiň;

⇒ Ýagdaýa görä, buşukdyryjy serişdäni ýa-da gök çaýy (nähoşluk agyr derejede bolmasa) içiň;

⇒ Duza ýatyrlan hyýaryň suwuny içiň ýa-da duzlanan kelemi, 5-6 sany guradylan erigi iýiň;

⇒ Mazaly ertirlik naharyny ediniň (süýt önümleri, ýer almasy, gök önümler);

⇒ Gyzgyn duş kabul ediň;

⇒ Dynç alyň, uklaň.

Her baýramçylykda, alkogol içgileri kabul etmezden öň, olaryň belli bir mukdarda kabul edilmeginiň we çäkden çykmazlygyň möhümdigini ýatda saklaň! Diňe şeýle bolanda siziň özüňiz hem, ýakynlaryňyz hem baýramçylygyň şatlygyny duýup, ondan lezzet alyp bilerler.