DOGRY IÝMITLENIP HORLANMAGYŇ SYRLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (36 Ses)

Horlanmak isleýaňizmi? Belki, Siz öz agramyňyzy artykmaç diýip pikir edýänsiňiz? "Näçe az iýip, sport maşklaryny ýerine ýetirsem-de, horlanyp bilemok" diýýän bolsaňyz, şu makalany okamagy dowam ediň.

Düzümi az uglewodly (karbogitratly) önümleri iýiň!

Ilki bilen bir giňden ýaýran toslamany ret etmäge synanşalyň. "Az kaloriýa iýsem we maşklary ýerine ýetirsem, men horlanmaly". Hakykatdan hem, biziň köpümiz şeýle pikir edýäris. Ýalnyş, sebäbi bu formulada ýatdan çykarylan zat- açlyk duýgusy. Ondan bir näçe wagtlap gaçyp bilersiňiz. Onsoň edil bombanyň partlaýşy ýaly, agzyňyzy suwjardan agyr-agyr, tagamly naharlary köp mukdarda iýmäge çalşarsyňyz.

Çylşyrymly uglewodlary (karbogidratlary) saklaýan iýmitleriň içine şeker we hamyrly önümler girýär. Şolary öz berhiziňizden aýyrmakçy däl-de, azaltmakçy boluň. Näçe azaldyp bilseňiz, şonça-da gowy, sebäbi karbogidratlary azaltmak horlanmakda in dogry edýän hereketiňizdir.

Az karbogidratly berhiziň guyji = az iýmeklik islegi. Ýagny, az karbogidratly berhiz kaloriýalary sanamazdan, az kaloriýa iýmäge kömek edýär. Şekerli we hamyrly tagamlar açlygymyzy artdyrýar ("Mantydan hiç doýup bolanok" diýen duýgy.).

Şwesiýanyň Saglyk tehnologiyasy boýunça Mejlisiniň çap eden hasabatyna görä, "Az karbogidratly berhiz hem artykmaç agramy azaltmak, hem-de has sagdyn bolmak uçin iň gowy berhizdir".

1. Ajykdyňmy, iý!

Aç bolmaly däl! Käbir berhizleriň yalnyşy, karbogidratlary azaldamyzda ýagly iýmitleri hem azaltmagy talap etmelerden ybaratdyr. Karbogidratlar we ýag bedenimiziň iki sany adaty energiýa çeşmeleridir. Berhiziňizde azyndan biri hökman bolmaly.

Az uglewod (karbogidrat) + Az ýag = AÇLYK.

Ýag we karbogidratlary iýmesek, biz özümizi örän aç we ýadaw duýmaga başlaýarys. Elbetde, birnäçe wagtdan soňra biz köp mukdarda iýmäge başlaýarys we hiç hili berhiz tutmaklyk barada pikir edesimiz gelenok. Bu kynçylygy çözmek üçin berhiziňize tebigy ýaglary goşma maslahat berilýär.

Meselem:

► Zeýtun ýagy;

► Towuk eti;

► Balyk;

► Ýumurtga.

Mydama ýeterlik mukdarda iýmeklik, esasan hem bu berhiz meýilnamasynyň başynda şeýle etmek möhümdir. Az karbogidratly berhizde şeyle etsek, iýýän ýaglarymyzy bedenimiz energiýa uçin ulanar we ol ýaglary tebigy usul bilen ýaktygymyz bolar. Şeýle-de, bedende ýag toplaýjy insulin gormonynyň derejesi hem peseler.

Emma aç bolmadyk wagtyňyz iýmäň we diňe tebigy, saglygyňyza peýdaly bolan ýaglary iýmäge çalşyň.

Fred Hatçinson adyndaky rak keseline garşy göreş merkeziniň lukmany Mario Kratz we onyň işdeşleriniň geçiren barlaglary, tebigy ýaglary iýmekligiň we artykmaç agramly bolmagyň özara arabaglanşygynyň ýoklugyny subut etdiler. Diýmek, ýagly etler, ýumurtga we ýagly süýt önümleri belli bir çäklendirilen mukdarda kabul edilende artykmaç agramyň esasy bolup bilenok.

2. Tebigy iýmitleri iýiň!

Bu name diýmek. Hiç hili horlandyryjy gerdejikleriň ýa-da şuňa meňzeş bir zatlaryň täsirliligine ynanmaň! Satyjylaryň mahabatlandyrmalary öz agramyny azaltmak isleýän adamlary aldap, öz müşderlerini köpeltmegiň gözlegidir.

Tebigy iýmit diýenimizde, bularyň içine diňe tebigatyň berýän önümleri degişli edilýändir. Konserwirlenen, gutujyklarda ýerleşdirilen nygmatlary satyn alýan wagtyňyz üns beriň, düzümine girýän önümleriň sanawy näçe az bolsa, şonça-da gowudyr.

3. Dine aç mahalyňyz iýýin.

Ajygmaýan bolsaňyz iýip oturmaň. Bedenimiz haçan iýmelidigini bizden has gowy bilýär. Ertirlik naharyny iýmelimi? Ýok, hökman däl. Eger irden ajygýan bolsaňyz, hökman iýmeli, emma ajykmaýan bolsaňyz, iýip oturmaň. Onsoň hem, naharlaryň arasyndaky "garbanmalary" etmekligi näçe azaldyp bilseňiz, şonça-da gowy. Elbetde iň gowusy, naharlanmalaryň arasynda hiç zat iýmezlikdir. Ýogsa-da, telewizora tomaşa edýän wagtyňyz eliňizde pop-korn, çipsy we şuna menzeş zatlary iýmeklik ya-da çay bilen kökedir-süýjüleri näçe iýenimize gözegçilik etmezlik, bular horlanmak üçin peýdasyz endiklerdir.

4. Stresden gaça durmaly, köp ýatmaly.

Gaharlanmak, ukyňyzy ýeterlik derejede almazlyk horlanmakda päsgelçilik berýän ýagdaýlardyr.

Ukyny gowlandyrmak üçin ýerine ýetirmeli ädimleri belläp geçeliň.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyü Portland şäherinde ýerleşýän "Kaiser Permanente" atly Saglyk Barlaglar Merkezinde geçirlen barlaglar, gowy hilli uky almaklygyň artykmaç agramlylygy azaltmagyn esasydygyny nygtaýarlar:

► Her gün gowy edip dynç almaklyk hökmandyr. Esasan hem gije doly ukyňyzy aljak boluň. Bedenimiz dynç almalydyr. Eger-de işe gitmek/taýýarlanmak üçin ir turmaly bolsaňyz, onda irgözinden ýatmaklyga öwrenşiň.

► Ýatmak üçin belli bir wagty saýlaň. Şeýle etsek bedenimiz şol bio-sagada öwrenşer we geljekde gowy dynç almaklyga peýdaly bolar.

► Alkogol içýän bolsaňyz, ýatmazdan 3 sagat öň içmegiňizi goýuň. Sebäbi alkogol ukynyň hilini peseldýär.

► Sport maşklaryny ýerine ýetirmekligi ýatmazdan 4 sagat öň geçirmelii.

► Ýatýan otagyňyz ýatýan wagtyňyz garaňky, sessiz we oňaýly temperaturaly bolmaly.

5. Sport maşklaryny ýerine ýetirmeli.

Sport maşklaryny ýerine ýetirmekligi iň soňky nobatda getirmekligimiň sebäbi bar. Eger-de ýokarda agzalan maslahatlary ýerine ýetirmesek, näçe ylgasak-da, näçe maşklary ýerine ýetirsekde, beden agramyny azaltmak örän kyn bolar.

Dogrymy aýtsam, makalany ýazmadan öň 3 aýlap özüm ýokarda getirilýan maslahatlaryň hemmesini diýen ýaly berjaý etdim. Şu berhiz meýilnamasyny başlamazdan öň meniň agramym 71 kg-dy, 3 aýdan az wagtyň içinde 64 kg boldum we hiç hili kynçylyk görmedim. Mundan öň hem agramymy azaltmak uçin sagatlap ylgaýardym, az iýmäge çalyşýardym, emma 68kg-dan pes horlanma başardanokdy.

Men bu meýilnamany özümde synap gördüm. Siz hem garaşylýan özgermeleri bir-iki aýyň dowamynda görüp bilersiňiz. Gowy dynç alýp, gaharyňyzy ýeňip geçýän bolsaňyz we tebigy önümlerden taýynlanan tagamly naharlary wagtynda iýip, sport maşklaryny ýerine ýetirseňiz horlanjagyňyza men ynanýaryn.