GÖK ÇAÝ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (20 Ses)

Gök çaý näme?  Bu soraga jogap bermezden öň, çaý barada umumy gürrüň edeliň. Çaý – çaý agajyndan ýygnalýan ýapraklaryň we pyntyklaryň işlenilmegi netijesinde alynýan önümdir. Bu örän çylşyrymly iş.

Gadym döwürde çaý agajy  ýabany ösümlikdi. Çaý agajyndan ýolnan ýaprajyklary  çeýnelýän ýa-da suwda gaýnadyp iýilýän eken. Asyrlaryň geçmegi bilen çaý ýygnamak, taýýarlamak, onuň dürli görnüşlerini  döretmek işleri has kämilleşýär.

Täze ýygnalan çaý ýapraklary we pyntyklary çig mal hökmünde ulanylýarlar. Olar  "çaý zümerreti" diýip şahyrana atlandyrylýarlar. Işlenilmeginiň esasy döwürlerini geçen çig mala "garalama çaýy" diýilýär. Diňe  işlenilmeginiň şu tapgyrlaryny geçensoň, ol biziň ulanýan görnüşimize öwrülýär. Dukanlarda çaýyň 1500 gowrak görnüşine duş gelmek bolýar.

Çig malyň işleniş usullaryna baglylykda çaýyň birnäçe görnüşleri bolýar: gök çaý, sary çaý, gögümtil-mawy, gyzyl çaý, gara çaý, gülli çaý, basylan çaý.

Çaýyň islendik hili saýlananda, onuň terligine uly üns berilýär. Täze ýygnalan çaý birnäçe ýyl   ya-da birnäçe aý mundan öň ýygnalan çaýdan gowy bolýar.  Çaýyň täze  ýa–da köne hasyldandygyny bilmek üçin, onuň reňkine, tagamyna, ysyna üns bermeli. Elbetde, munuň üçin tejribe gerek. Täze guradylan çaýyň reňki goýy bolýar. Käbir görnüşleriňki bolsa ýalpyldap durýar. Çaýyň reňki açyk we ýakymly bolsa, ol çaýa ýokary hilli diýilse bolar. Könelen çaýyň reňki solak, öçügsi bolýar, ol asla ýalpyldamaýar.  Çaýyň ysynyň üýtgemegi hem onuň könelenliginiň alamatydyr. Täze hasyldan çay demlenilse, ol owadan sary reňkde, soňra goňurrak reňkde bolýar. Köne çaýyň tagamy ýympyk bolýar. Ony içeniňde, agyrlyk duýýarsyň. Çaýyň Puer diýen görnüşine ýokarda aýdylanlar degişli däl, sebäbi ol näçe köp dursa, şonça-da tagamly bolýar.

Dünýäniň köp ýerlerinde çaý ösdürilip ýetişdirilýär. Hytaý, Hindistan, Gruziýa bolsa kiçiligimizden köpümize çaýyň iň köp öndürilýän ýurtlary hökmünde mälimdir.

Gök çaýyň hem örän köp görnüşleri bar. Gök çaý öndürilende, çaý ýapraklarynyň fermentasiýasy bolmaýar. Netijede, çaý gök reňkini ýitirmän saklaýar. Çaý agajyna, çaýyň ýygnalyş tehnologiýasyna, ýapraklarynyň görnüşine, ösýän ýerine, hiline baglylykda gök çaýyň görnüşleri bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Ýaz paslynda ýygnalynan çaýyň belli bahasy ýokdur! Olaryň ýaprajyklary süýrüräk, biraz towlanan şekilli bolýarlar. Şeýle çaýyň 500 grammy üçin ýaşyl ýaprajyklaryň  2-2,5 kilogrammyny ýygnamaly. Ýazda ýaprajyklar we pyntyklar has ownuk bolýar, ony ýygmak kyndyr. 1 kilogram  üçin  15-20 müň ýaşajyk ýaşyl ýaprajyk ýygnamaly. Şeýlelikde, 1 kilogram taýýar çaýda 60-80 müň ýaprajyk bolýar.

Tomsuna ýygnalan çaý dişleriňi gamaşdyrýar, agzyňy guradýar. Ol iň pes hilli çaý hasaplanýar. Bu iň arzan bahaly çaýdyr.

Çaý hasyly güýzde-de ýygnalýar. Ol hasyl hem ýazdaky ýaly köp bolmaýar. Elbetde, bahasy hem gymmat bolýar.

Çaýyň ýokary hilli bolmagynda idegiň, ýygnalyşynyň, taýýarlanylyş tehnologiýasynyň orny uludyr. Çaý önümçiliginde işleýän adamlaryň ussatlygy hem  bu işde örän wajypdyr.

Ýokary hilli gök çaýy ýygnamagyň ýeke-täk usuly-gadymdan gelýän el bilen ýygnamak usulydyr.

Çaýyň islendik görnüşini alanyňda hem, hersiniň özüçe peýdasy bar. Sary çaý gymmatbahaly bolup, onuň taýýarlanylyşynyň aýratyn düzgünleri bar. Bu çaýy demlemek üçin, suwuň temperaturasy 50 gradusdan ýokary bolmaly däl. Demläniňizden soň, 3-4 minutlap goýmaly.

Gyzyl çaýyň hem özboluşly ýiti tagamy, ýakutdan gyzyla çenli ajaýyp reňki bolýar. Gyzyl çaýyň iň ýokary hillisi tomsuna ýygylýar. Olaryň ýazdakysy gowy bolmaýar.

Gülli  çaýlaryň iň ýokary hillileri ýazda ýygnalýar, emma satuwa diňe güýzde çykarylýar: belli möhlet bu çaý gülleriň arasynda saklanylmaly.

Gök çaý diňe bir öz tagamy bilen bize lezzet bermek bilen çäklenmeýär. Ol derman serişdesi hökmünde hem peýdalydyr. Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we organlaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar. Mundan başga-da, gök çaý kelle beýnisiniň damarlarynyň  gysylmagyny aradan aýyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşatmakda gowy kömek edýär.

Gök çaýyň düzüminde 300 gowrak himiki elementler bar. Şol sebäpli-de ol derman serişde hökmünde ulanylýar.

Çaýyň himiki düzümi  çaý agajynyň ösüşine baglylykda üýtgäp durýar.

Gök çaý işlenilende, fermentasiýanyň bolmaýanlygy sebäpli, ol demlenende, diňe peýdaly maddalary  bölüp çykarýar. Zyýanly we peýdasyz  maddalar bolsa eremän galýarlar. Netijede, ýokary hilli gök çaýdan taýýarlanylan demleme üýtgeşik süýji tagamyň, dermanlyk we berhiz iýmit maddalarynyň hazynasydyr.

Çaý teşneligi gandyrýar. Munuň sebäbi bolsa çaýyň düzümindäki kofeindedir. Çaýyň düzümindäki köfein kofäniň düzümindäkiden köp. Ýöne çaýdaky kofein tanin bilen bile täsir edýär, has ýakymly we ýumşak bolýar. Tanin – akyl we fiziki işjeňligi  artdyrýan maddadyr. Şeýle hem çaýyň düzümindäki kofein adam bedeninde  näçe köp içilse-de, ýygnanmaýar. Kofeinden başga-da gök çaýyň düzümine damar giňeldiji we  peşew çykaryjy täsirli alkaloidler hem girýärler. Şeýle hem gök çaýda  uglewodlar, beloklar, mikroelementler, C1, B1, B2, B3, B5, K, P witaminler , kalsiý, magniý, marganes, natriý, kremniý, kükürt we onuň birleşmeleri girýärler.

Alymlaryň köpüsi gök çaýyň ýürek damarlarynyň kesellemeginiň öňüni alýandygyna ynanýarlar. Bu esasan hem zenanlarda şeýle bolýar.

Golland alymlarynyň geçiren barlaglarynyň görkezmelerine görä, günüň dowamynda 1-2 bulgur gök çaýyň içilmegi aortanyň aterosklerozynyň döremek töwekgelligini 46%, 4 bulguryň içilmegi bolsa 69% peseldýär. Gök çaý her gün içilende, aşa semizligiň hem öňi alynýar. Emma çaý içilende, ýany bilen dürli-dümen süýji-köke iýseňiz, siz çaýyň kömegi bilen horlanyp bilmersiňiz!  Çaýyň düzüminde şeker ýok. Gök çaýyň bir özi içilse, horlanmaga, alyş-çalşy dikeltmäge ýardam berýär. Adam bedenindäki alyş-çalşy tizlendirmek bilen, gök çaý kaloriýleriň goşmaça 70-80 sanysyny ýakýar. Fiziki maşklary ýerine ýetirip, günde 5 bulgur gök çaý içseňiz, semremersiňiz.

Gök çaýyň peýdalylygyna garamazdan, oňa ähli derdiň dermany diýmek bolmaz. Guragyrydan, bogunlaryň alawlamasyndan ejir çekýän adamlara köp çaý içmek maslahat berilmeýär. Bu çaýyň ähli görnüşlerinde bar bolan purinler bilen baglydyr. Purinler bedende moçewinany (kristal görnüşli azotly madda) emele getirýär. Purinleriň ýokary konsentrasiýasy alyş-çalşy bozýarlar we bedenden çykyp gitmeýärler.

Gök çaýyň düzümindäki köfeiniň hem öwrenişdiriji häsiýeti bardyr. Çaý öte ajy demlenilse, ukusyzlyk, gaharjaňlyk, ertirlerine bolsa ysgynsyzlyk döreýär.

Çaý  içmegiň kliniki taýdan gadagan edilýän ýagdaýlary hem bar. Onikibarmak içegäniň we aşgazanyň baş keselinde, ýokary turşulykly aşgazan sowuklamalarynyň yiti döwründe çaý içmek maslahat berilmeýär.

Gipertoniýa keselinde (gan basyşyň ýokarlanmagy), gyzgynyň ýokarlanmagy bilen geçýän kesellerde, böwrek kesellerinde, göwreliligiň aş saýlama ýagdaýlarynda, ýüregiň çalt urmagy bilen häsiýetlendirilýän ýürek kesellerinde, ukusyzlykda ajy demlenen gök çaýdan gaça durmaly.

Gök çaýy nädip demlemeli?

Adamlaryň köpüsi çaý içmegi halaýar. Türkmenler üçin çaýyň ornuny tutup biljek zat ýokdur! Tomus paslynyň jöwzaly yssysynda  çaý teşneligi gandyrýar, şähdiňi açýar.

Siz çaýy nähili demleýärsiňiz? Adatça bu şeýleräk bolýar: suw gaýnaýar, biz biraz atym çaýy çäýnege atýarys we gaýnan suwy çäýnege guýýarys. Çaý taýýar, içibermeli! Emma bu usul iň gowy usul hasaplanylmaýar.

Hytaýda çaý demlemek meselesine çynlakaý garalýar. Çaý demlemegiň we oný aýratyn lezzetli, peýdaly içmegiň adata öwrülen däp-dessurlary hem bar.

Çaý üçin çeşme suwy ulanylsa, has gowy bolýar. Çeşme suwunda mineral duzlar az bolýar. Çay demlemezden öň  ulanjak gaplaryňyzy gaýnan suwa çaýkamaly. Gerekli gaplaryňyz gyzansoň, çaý demläp başlamaly. Ortaça 150-200 ml suwa  bir çaý çemçesi çaý atmaly. Çaý üçin gaýnadylan suw 80-85 gradusa çenli sowadylmaly. Demlenenden soň, 1,5- 2 minut "demini almaly". Demlenen çaýyň tagamy üýtgemez ýaly, ony guýuşdyryp paýlaýarlar, çäýnekde galdyrmaýarlar.

Çaý içeniňizde, pikir ummanyna batyp, arassa, asuda gök asmany, ýaşyl öwsüp duran meýdanlary göz öňüne getirip,  tebigatyň  gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny, terligini özüne siňdiren çaý ýaprajyklaryndan demlenen çaý siziň janyňyza lezzet berer, göwnüňizi  göterer, ýadawlygyňyzy ýok eder, derdiňize derman bolar!